

1-nji Maksat: Garyplygy aradan aýyrmak
Garyplygy ähli görnüşlerde ýok etmek adamzadyň öňünde durýan iň uly kynçylyklaryň biri bolmagynda galýar. 1990-njy we 2015-nji ýyllar aralygynda aşa garyplykda ýaşaýanlaryň sany ýarymdan gowrak azalsa-da, gaty köp adam henizem adamzadyň iň esasy zerurlyklary üçin göreşýär.
2015-nji ýyla çenli takmynan 736 million adam günde 1,90 ABŞ dollaryndan az ýaşaýardy; köpüsinde iýmit, arassa agyz suwy we arassaçylyk ýetmezçiligi bar. Hytaý we Hindistan ýaly ýurtlarda çalt ösüş millionlarça adamy garyplykdan çykardy, ýöne öňegidişlik deň däldi. Aýallaryň erkeklere garanyňda garyp bolmagy ähtimal, sebäbi az aýlykly iş, bilim we az emlägi bar.
Ösüş aşa garyplykda ýaşaýanlaryň 80 göterimini düzýän Günorta Aziýa we Saharanyň günortasyndaky Afrika ýaly beýleki sebitlerde-de çäklendirildi. Howanyň üýtgemegi, konflikt we azyk howpsuzlygy sebäpli ýüze çykan täze howplar adamlary garyplykdan çykarmak üçin has köp iş edilmelidigini aňladýar.
DÖM-ler, başlanan zatlarymyzy gutarmak we 2030-njy ýyla çenli ähli görnüşlerde we ölçeglerde garyplygy ýok etmek üçin batyrgaý ygrarlylyk. Bu iň ejiz adamlary nyşana almagy, esasy çeşmeleri we hyzmatlary köpeltmegi, konflikt we howa bilen baglanyşykly betbagtçylyklardan ejir çeken jemgyýetleri goldamagy öz içine alýar.
Faktlar we sanlar
736 million
736 million adam henizem aşa garyplykda ýaşaýarlar.
10%
Dünýä ilatynyň 10 göterimi aşa garyplykda ýaşaýarlar, 1990-njy ýylda bu san 36 göterimdi.
1.3 billion
Takmynan 1.3 milliard adam köp faktorlara bagly garyplyk şertlerinde ýaşaýarlar.
50%
Garyplykda ýaşaýanlaryň ýarysy 18 ýaşdan kiçi.
10-dan 1-i
Her 10 adamdan biri aşa garyp.
80%
$ 1.90 dollardan hem az pula ýaşaýan adamlaryň 80 göterimi Günorta Aziýada we Saharanyň günorta tarapyndaky Afrikada ýaşaýarlar.
· 2030-njy ýyla çenli bütin dünýäde hemme adamlar üçin äňrybaşy garyplygy ýok etmek (häzirki wagtda äňrybaşy garyplyk bir günde 1.25 ABŞ az bolan mukdara bilen kesgitlenilýär).
· 2030-njy ýyla çenli ähli ýaşly erkekleriň, aýallaryň we çagalaryňiň milli kesgitlemelere laýyklykda garyplygyň ähli görnüşlerinde ýaşaýanlaryň paýyny iň bolman ýarysyny azaltmak.
· Milli derejede hemmeleriň durmuş taýdan goragy üçin degişli ulgamlary we çäreleri girizmek, şol sanda iň az derejeleri gurnamak we 2030-njy ýyla çenli ilatyň garyp we gowşak goralýan gatlaklarynyň arasynda olary düýpli geçirmek.
· 2030-njy ýyla çenli ähli erkek adamlaryň we aýallaryň, has-da gurpsuz we gowşak goralýan adamlaryň ykdysady serişdelere, şeýle-hem esasy hyzmatlara, ýer we eýeçiligiň başga görnüşlerine, miras geçýän emläge, tebigy baýlyklaea, degişli täze tehnologiýalara we maliýe hyzmatlara, şol sanda mikromaliýeleşdirmege deň hukuklarynyň bolmagyny üpjünetmeli.
· 2030-njy ýyla çenli gurpsuz we gowşak goralýan adamlaryň ýaşaýşa durnuklylygyny ýokarlandyrmaly, olaryň klimatyň üýtgemegi bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlaryň we başga ykdysady, ýaşaýyş we ekologiki sarsgynlar we betbagtçylyklar öňünde goragsyzlygyny peseltmeli.
· Dürli çeşmelerden esasy serişdeleriň gönükdirilmegini üpjün etmeli, şol sanda ösdürmek maksady bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň esasynda, ösýän ýurtlara , has-da pes ösýän ýurtlara, garyplygyň ähli görnüşlerinin ýoldan aýyrmak boýunça ýörelgeleri we maksatnamalary amala aşyrmak üçin ýetetrlikli we öňünden kesgitlenen serişdeleri üpjün etmeli.
· Öz içine garyplygyň we jyns bilen bagly soraglary alýan, garyplygy ýoldan aýyrmak üçin niýetlenen çäreleriň tiz maýa goýumlaryna ýardam berjek milli, sebitleýin we halkara derejesinde ygtybarly strategiki mehanizmleri döretmek.
Oktaý şäher häkimliginde işlemek üçin şähere gidende, ol özüniň doglan ýeri, Azerbaýjanyň Kawkaz daglaryndaky uzakdaky Burowdal obasyny örän küýsäpdi.…
Öňler, ajaýyp tokaýly daglary sebäpli bu ýer “Ermenistanyň kiçi Şweýsariýasy” ady bilen tanalýardy. Emma häzirki döwürde ýagdaýlar öňkisi ýaly däl.
Durmuş işi boýunça hünärmenler hünär okuwlaryny tamamlap, iki aýlyk tejribelige başladylar
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işe kabul eden 45 durmuş işi boýunça hünärmeni bir hepdelik hünär okuwyny…
Durmuş işi boýunça hünärmen – täze hünäri öwrenmegiň ýolunda
Mähri Rejepowa ýerli banklaryň birinde işlän döwründe onuň jogapkärçilikleriniň biri hem bank bilen bagly işlerinde kynçylyk çekýän adamlara kömek…
BMGÖM ýaşlaryň taslamasyna nähili goldaw berýär
BMGÖM “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin jemgyýetiň durnuklylygyny we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” taslamany durmuşa…
Öz ýoluňy tap. Üstünlikli iş hekaýasy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň…
25 ýaşyndaky Aman hemişe işe başlamagy arzuw edipdi, ýöne köp şübheler we ikirjiňlenmeler ýigidiň öňe ädim ätmegine päsgel berdi.
BMGÖM-iň Türkmenistan boýunça ýurt bölümi häzirki ýagdaýda iň mätäçleri kesgitlemek üçin “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy bilen hyzmatdaşlyk etdi. “Tiz…
Azyk önümleri bolan 2500 posulýar we 1250 sany gigienik toplumlar Aşgabat şäherindäki we Ahal welaýatyndaky global pandemiýanyň netijeleri babatda…