Gutuda näme bar? Bu gurallar toplumy howanyň üýtgemegine garşy göreş çärelerini synp otagyndan başlap howla çenli ýerine ýetirmäge kömek berýär

January 22, 2021

--- Image caption ---

2015-nji ýylda BMGÖM-y hökmünde biz “Howa Gutusy” maksatnamasyny işläp düzdük. Bu maksatnama howanyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaý barada habardarlygy ýokarlandyrýar, mekdep okuwçylaryny ekologiýa taýdan arassa durmuşda ýaşamaga we ýaşlary bu mesele barada maglumatlary maşgalasyna, dostlaryna we ýerli jemgyýetlerine ýaýratmaga höweslendirýär.

Şol wagtdan bäri bu interaktiw gurallar toplumy Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň sekiz ýurdunda 50 000-den gowrak okuwçyny öz içine aldy we köp okuwçylary ýaryşlara, jemgyýetçilik çärelerine, seminarlara we başga-da köp zatlara gatnaşyp, synp otaglaryndan daşary howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge ruhlandyrdy.

Biz Täjigistandan talyplar Jafar Kasymow we Hürşejon Komilow, Türkmenistandan mugallym Maýa Batyrowa, Gazagystanyň oba ýerlerinden mekdep müdiri Ýelena Moleşkowa we Russiýadan bilim hünärmenleri Danila Sorokin we Ýelena Malts dagylar bilen söhbetdeş bolduk, olar bu ruhlandyryjy syýahatyň bir bölegi boldular.

“Howa gutusy” barada siz ilkinji gezek nireden öwrendiňiz?

Hürşejon Komilow: Mekdebim eýýäm daşky gurşawy goramak işine işjeň gatnaşýardy, şonuň üçin şäherimiziň bilim bölümi bize “Howa gutusy” gurallar toplumyny berdi.

Jafar Kasymow: Mekdebimiz beýleki halkara ýaryşlaryna-da gatnaşypdy. Haçanda mugallymym, “Howa gutusy” maksatnamasynyň çäginde geçirilýän Talyplaryň howanyň üýtgemegi taslamalarynyň Ilkinji halkara bäsleşigi barada öwrenende ol dessine biziň synpymyza bu barada gürrüň berdi.

Maýa Batyrowa: 2018-nji ýylyň iýun aýynda mugallymlar üçin Aşgabatda geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdym. Okuw maslahatynda BMGÖM-iň bilim wekilleri gurallar toplumy barada gürrüň berdiler. Biz howa bilimine degişli täze çemeleşmeler boýunça gyzykly usuly maslahatlary aldyk, bu bolsa meni gyzyklandyrdy.

Ýelena Moleşkowa: Men hem “Howa gutusy” we onuň çeşmeleri barada BMGÖM-ň hünärmenleri tarapyndan Nur-Soltanda geçirilen okuw maslahatynda öwrendim.

Ýelena Malts: Meniňki şowuna boldy, sebäbi maksatnamanyň synag görnüşi meniň şäherim Soçide geçirildi.

Danila Sorokin: Menem Ýelena ýaly, haçanda  meniň şol wagt işleýän daşky gurşaw merkezim 2015-nji ýylda Moskwada bu taslamanyň synagdan geçirilmegine jogapkär bolanda “Howa gutusy” bilen tanyşdym. Bu synagyň dowamynda howa barada goşmaça biliminiň zerurdygy ýüze çykdy.

Howa gutusyndan näme öwrendiňiz?

Hürşejon Komilow: Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler barada, “Howa gutusyndan” ozal hem bilýärdim, sebäbi daşky gurşawy öwreniş sapaklarymda biz howanyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaýy çuňňur öwrenýärdik we ara alyp maslahatlaşýardyk. Emma bu gurallar toplumy bize Täjigistanda howanyň üýtgemeginiň täsirini öwrenmäge mümkinçilik berdi.

Şeýle hem men endikleriňi üýtgedip, oňaýly howa durmuşynda ýaşamak barada-da köp zatlary öwrendim. Indi men nädip mümkin boldugyça köp suw we energiýa tygşytlap bolýandygyny bilýärin, şeýle hem plastik paketleri ulanmakdan düýbünden ýüz öwürdim.

Jafar Kasymow: Dogrusyny aýtsam, howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawa we adama nähili täsir edýändigini we bu meseläniň günsaýyn artýandygyny bilmeýärdim. Men öýümde dürli energiýa tygşytlaýjy enjamlary oturtmak arkaly suwy gaýtadan ulanmagy we tygşytlamagy öwrendim. Bu bilimleri men “Süýji suwy gaýtadan ulan” atly taslamamy ösdürmek üçinem ulandym.

“Howa gutusy” bilen bagly iň halaýan zadyňyz näme?

Hürşejon Komilow: “Howa gutusy” maksatnamasy Ermenistandan Özbegistana çenli 8 ýurduň ýaşlaryny bir ýere jemläp, global meseleleri çözmek üçin ýaşlaryň akyllaryny ulanýar.

Jafar Kasymow: Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly soragly kart oýnuny haladym. Käwagt howanyň üýtgemegi adamlar üçin hakyky mesele däl ýaly görünýär, şonuň üçin howanyň üýtgemegi barada köp maglumatlary öwrenmegiň gowy usuly oýunlaryň üsti bilen öwretmekdir.

Ýelena Malts: Gurallar toplumynyň aýdyň gurluşly, şol bir wagtyň özünde-de ýokary hünärlidigini halaýaryn. Şeýle hem, taslamanyň yzygiderli ösýändigini halaýaryn, oňa dürli ýurtlardan täze gatnaşyjylar goşulýarlar, bu bolsa bize dürli milli şertlerden goşandyň bolmagyny üpjün edýär.

Maýa Batyrowa: Materiallar örän elýeterli, olary ulanmak aňsat. Çagalar howa goýberilýän uglerodyň möçberini azatltmak baradaky plakatlary, geografiki adalgalary we krosswordlary gowy görýärler. Uly ýaşly çagalar ylmy çaklamalary we faktlary özünde jemleýän tekstleri, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň täsirleri baradaky plakatlary, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly soragly oýun kartalaryny gowy görýärler.

Hürşejon we Jafar, “Howa gutusy” okuw meýilnamasy boýunça okuw geçeniňizden soň, siz käbir başlangyçlary işläp taýýarlapsyňyz. Olar hakda bize aýdyp bilersiňizmi?

Hürşejon Komilow: Meniň taslamamyň maksady, elde ýasalýan filtriň kömegi bilen Syrderýany iri galyndylardan arassalamaklyga gönükdirilendi. Taslamamy hödürlänimden soň, Hujan şäheriniň töweregindäki birnäçe mekdeplerde arassalaýyş filtrini düzmek barada ussatlyk sapaklaryny hem geçirdim. Bu iş köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi, we meniň tagallalarymy köpçülige ýetirmäge hem-de mesele barada habardarlygy artdyrmaga ýardam berdi.

Jafar Kasymow: Häzirki wagtda adamlaryň ulanýan ähli süýji suwlarynyň takmynan 70% -i oba hojalyk ekinlerini suwarmak üçin ulanylýar. Biz süýji agyz suwuny has netijeli ulanmalydyrys - global ýylylyk we agyz suwunyň tebigy çeşmeleriniň azalmagy sebäpli suwy gaýtadan ulanmak has möhüm bolup durýar. Häzirki zaman suw arassalaýyş desgalar bu meseläni hemişe netijeli çözüp bilmeýärler, şol bir wagtyň özünde köp mukdarda galyndy suwlary arassalamak üçin energiýa çykdajylary hem barha artýar. Bu meseläni çözmek üçin meniň toparym suw howdany we filtr bölümlerini öz içine alýan dört bölümden ybarat has netijeli suw arassalaýyş işini işläp taýýarlady.

Howa gutusy bäsleşiginden soň biz öz taslamamyzy dürli sebit ýaryşlarynda görkezdik. Geljekde biz taslamamyzy Täjigistanyň suw arassalaýyş desgalaryna hem hödürlemegi maksat edinýäris.

Maksatnamanyň netijesinde haýsy üýtgeşmeleri gördüňiz?

Maýa Batyrowa: Modullaryň birinde okuwçylar howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawa edýän täsiri baradaky jetweli doldurýarlar, olaryň kömegi bilen okuwçylar ekosistemadaky üýtgeşmeleri, netijeleri we çözgüt kabul etmegiň ýollaryny çaklap bilýärler. Men okuwçylarymda, esasanam aşaky synp okuwçylarymda duýgudaşlygyň artýandygyny gördüm. Okuw kursundan soň olaryň tebigy gurşawyny işjeň goramak we gowulaşdyrmak islegleriniň artýandygyny görýärin.

Ýelena Moleşkowa: Biziň mekdebimizde gurallar toplumy tebigy ylymlary we matematika derslerinde ulanylýar hem-de 5-nji synpdan 9-njy synpa çenli fakultatiw iňlis dili kurslaryna girizildi. Mundan başga-da, biz gurallar toplumyna esaslanan “Ekologiýa taýdan arassa öýüm” atly fakultatiw kursyny taýýarladyk. Bu kurs, okuwçylara meýilnamalaşdyrmakdan başlap döredijilige çenli, energiýa tygşytlaýan özleriniň “arzuw edýän ekologiýa taýdan arassa öýüniň” taslamasyny düzmäge mümkinçilik berýär. Talyplaryň we ene-atalaryň gyzyklanmasy artýar diýip aýdyp bileris.

Danila Sorokin: Meniň işlän her bir ýurdumda, mekdeplerde ajaýyp howa taslamalary durmuşa geçirilýärdi. Mysal üçin, Ermenistanda Howa gutusy towşan fermasynyň galyndylaryna esaslanýan biogaz reaktorlarynyň taýýarlanylmagyna ylham berdi. Gazagystanda okuwçylar ösümlikleri ösdürip ýetişdirip, azyk galyndylaryny göni mekdep meýdançalarynda dökün hökmünde ulanylar ýaly hala getirýärdiler. Gyrgyzystanda akkumulýator böleklerini gaýtadan ulanmak boýunça taslama bardy, bu ýagdaý akkumulýatorlara bolan islegi azaltdy we  akkumulýatorlaryň galyndylaryny dolandyrmak bilen baglanyşykly zyňyndylaryň azaldylmagyna sebäp boldy. Moldowada okuwçylar  plastmassanyň belli bir görnüşiniň we bal ary mumynyň himiki formulasynyň arasynda meňzeşlik tapdylar, ony tebigy deregini tutujy hökmünde ulanyp bolardy. Täjigistanda galyndylary dolandyrmaga, esasanam gurluşyk materiallary bilen baglanyşykly ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny dolandyrmaklyga üns berilýär. Özbegistanda okuwçylar ýurduň ajy suwy süýjetmek boýunça taslamalarynyň üstesine damjalaýyn suwaryşy girizdiler.

Howanyň üýtgemegi näme sebäpden siziň üçin möhüm?

Maýa Batyrowa: Howanyň üýtgemegi - adamzadyň öňünde durýan iň möhüm global meseleleriň biridir, çünki howanyň üýtgemegi ähli ýurtlarda duýulýar. Biziň hemmämiz jogapkärdiris, umumy wezipämiz bolsa uglerod yzyny pese düşürmek arkaly howanyň üýtgemeginiň öňüni almak bolup durýandyr. Çagalar biziň geljegimizdir, şonuň üçin daşky gurşaw we howa üçin jogapkärçilik medeniýetini olarda ýaşlykdan terbiýelemelidiris.

Hürşejon Komilow: Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseläni çözmek möhümdir. Daşky gurşaw meselesi her bir jandara zyýan berip biler.

Jafar Kasymow: Howa üýtgeýär we bu ýagdaý edil häzir bolup geçýär. Howa geçmişde-de üýtgeýärdi, emma häzirki üýtgeşmeler has çynlakaý netijelere getirip biler. Biz muny boýun almalydyrys.

Ýelena Malts: Howanyň üýtgemegi eýýäm başlady, özem gitdigiçe çaltlaşýar. Daşky gurşawy goramak biliminde edişimiz ýaly taýýarlanmak üçin biziň 20 ýyl wagtymyz ýok. Adamlar şu gün eýýäm jogapkärçiligi öz üstlerine almalydyrlar, ýogsam ertir juda giç bolar. Biziň geljekki ýolbaşçylarymyzy, ýagny  şu günki çagalary okadýan bolsa mugallymlardyr.

Redaktoryň belligi: “Howa gutusy” gurallar toplumy, diňe bir howanyň üýtgemeginiň ylymlary bilen tanyşmak bilen çäklenmän, uglerod yzlaryny nädip azaltmalydygy barada amaly maslahatlar berýän 7-16 ýaş aralygyndaky çagalara gönükdirilen howa meseleleriniň şekillendirilen ensiklopediýasydyr. Bu gurallar toplumy, talyplar, mugallymlar we bilim hünärmenleri üçin dürli çäreleri öz içine alýan “Howa gutusy” bilim maksatnamasynyň bir bölegidir.

Şu güne çenli Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň 50,000-den gowrak mekdep okuwçylary “Howa gutusyny” synp otaglarynda we okuwdan daşary çärelerde ulandylar. Bu guty dürli programma (priloženiýe) dükanlarynda onlaýn görnüşde hem elýeterlidir.

Jafar Kasymow we Hürşejon Komilow Täjigistanyň orta mekdep okuwçylary. Olaryň işläp taýýarlan taslamalary sekiz ýurtdan gelen 24 sany iň oňat ýaşlar başlangyçlarynyň arasynda howanyň üýtgemegi boýunça talyplaryň taslamalarynyň ilkinji halkara bäsleşiginde hödürlendi.

Ýelena Moleşkowa Gazagystanyň oba ýerindäki orta mekdebiň müdiri. Gazagystan “Howa gutusy” maksatnamasyna 2016-njy ýylda goşuldy, häzirki wagtda bolsa Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada “Howa gutusy” maksatnamasynyň sekiz agza ýurtlarynyň biridir. Bu ýurtlar Russiýanyň 2015-nji ýyldaky üstünlikli tejribesine eýerip “Howa gutusy” gurallar toplumynyň öz wersiýalaryny işläp düzdüler. Häzirki wagtda Gazagystanyň 75 mekdebinde 800 mugallym “Howa gutusy” gurallar toplumyndan peýdalanýarlar.

Maýa Batyrowa Türkmenistanyň Aşgabat şäherindäki orta mekdep okuwçylaryna geografiýa dersini öwredýär. Onuň işleýän 27-nji orta mekdebi, 2018–2019-njy ýyllarda Türkmenistanda “Howa gutusy” taslamasyny synagdan geçirmek üçin saýlanan 50 mekdebiň biri bolupdy we 2019-njy ýylyň awgust aýyna çenli gurallar toplumy tutuş ýurt boýunça 400-den gowrak mugallyma we 2500 okuwça ýetirildi.

Ýelena Malts 2002-nji ýyldan bäri Russiýanyň Soçi şäherindäki Ekologiýa we biologiýa merkeziniň müdiri bolup işleýär. 20 ýyldan gowrak wagt bäri ol ekologiýa bilimi ulgamynda zähmet çekip gelýär. Ýelena 2015-nji ýylda Soçi şäherinde “Howa gutusyny” synagdan geçirdi we Danila bilen bilelikde 2015–2019-njy ýyllarda sekiz ýurt boýunça mugallymlar üçin tälim okuwlaryny geçirdiler.

Danila Sorokin, Russiýanyň Moskwa şäherindäki "Ýaş tebigatçy" merkeziniň başlygy. Ol biologiýa mugallymy hünäri boýunça okuwy tamamlady, birnäçe ýyl bäri durnukly ösüş bilimi boýunça zähmet çekip gelýär, işiniň dowamynda ýaşlar üçin interaktiw okuwdan daşary çärelere üns berýär. “Howa gutusy” maksatnamasyna laýyklykda Danila halkara ýaşlar çärelerine we mugallymlar üçin okuwlara ýolbaşçylyk edýär.