Tokaý sakçysy aýal-gyzlar halas etmäge howlukýarlar

January 24, 2021

Tokaý sakçysy Safarbi Dawlatowa Täjigistanyň Hatlon sebitinde, meýdançada iş wagtynda enjamlary barlaýar

Täjigistanyň gaýduwsyz tokaý sakçy aýal-gyzlary, gaplaňlary ýok bolmakdan halas etmegi maksat edinýärler

Joşgunly derýa jülgelerinden 7000 metr belentlige ýetýän Täjigistan daglary, Merkezi Aziýanyň iň çetleşdirilen, emma köp dürli sebitlerinden biridir. Asyrlar boýy bu ýerdäki adamlar, gar gaplaňlaryň daşky gurşaw barada özleriniň güýçleri we bilimleri bilen paýlaşýan mergiçanlaryň, dag ruhlarynyň wekilleridigine ynanypdyrlar.

Häzirki wagtda gar gaplaňlaryň bu görnüşleri ýok bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ýerli aýallar, tokaý sakçylary, ýolbeletler we tebigaty goraýjylar bolmaga taýýarlyk görmek bilen, ýurtda tebigaty goramak boýunça edilýän tagallalaryň tarapdarlary bolýarlar.

Adatça Täjigistanda erkekler esasy ekleýjiler hasaplanýardylar. Aýallara işçi güýjü düzümine girmek maslahat berilmeýär, şonuň üçin olar deň bolmadyk derejede garyplykdan ejir çekýärler. Täjigistanly erkekleriň maşgalalary üçin has gowy durmuş gözleginde daşary ýurtlara migrasiýa etmegi ýagdaýy hasam agyrlaşdyrýar.

Muňa garamazdan, ýurtda köp aýal-gyzlar meseläni öz ellerine alyp, özlerine hünär saýlaýarlar we üstünlik gazanýarlar.

55 ýaşly Bibi Rahimowa ýerli ilatyň arasynda möjeklerden gorkmaýan aýal hökmünde tanalýar. Şeýle hem, ol etrabynda tokaý hojalygy dolandyryjy wezipesini eýelän ilkinji we ýeke-täk aýaldyr.

Tebigata bolan söýgüsi we dört çagasy üçin has gowy geljegi gurmak umydy bilen, Bibi 2007-nji ýyldan bäri tokaý sakçysy bolup işleýär. Indi ol 34 adamdan ybarat topary dolandyrýar we brakonýerlige garşy göreşmek, tokaýy diketlmek we eko-syýahatçylygy ösdürmek boýunça tagallalara ýolbaşçylyk edýär.

Hatlon sebitiniň daglyk ýerleri Bibiň öýi ýaly. Ol meýdanda işlemekden lezzet alýar. "Men köplenç atyň üstünde aýlanyp, aýy, möjek we ýabany doňuz ýaly köp wagşy haýwanlara duş gelýärin, şonuň üçin olar meniň garyndaşlarym ýaly"- diýip, tokaý sakçysy aýdýar.

Bibi bu ýerde ýolbaşçylyk wezipesinde işleýän ýeke-täk aýal bolsa-da, gyzlaryň indiki nesiliniň geljeginiň ajaýyp görünýändigine ol ynanýar.

“Biziň aýallarymyz has işjeň bolup başladylar. Olar çagalaryny, şol sanda gyzlary gowy mekdeplere ibermäge we geljegi bolar ýaly bilim bermäge çalyşýarlar "- diýip, ol aýdýar.

46 ýaşly Safarbi Dawlatowa bäş ýyl mundan ozal Daştijum tokaý hojalygynyň tokaý sakçylary toparyna goşuldy. Ol BMGÖM-y tarapyndan geçirilen ýabany tebigata gözegçilik etmek okuwyna gatnaşdy, häzirki wagtda bolsa ol brakonýerlige garşy göreşmäge we tebigaty goramaga kömek edýär.

Safarbi özüniň aňsat bolmadyk, emma möhüm işine buýsanýar. “Men kynçylyklardan gorkmaýaryn. Elbetde, her gün uzak aralyga ýöremek aňsat däl, fiziki taýdan kyn, ýöne hemme zada öwrenişýän ekeniň "-diýip, ol aýdýar.

Bibi we Safarbi ýaly aýallaryň işi tebigaty gorap saklamak bilen çäklenmeýär. Olar daşky gurşawyň saklanylmagyna we jemgyýetleriniň ýaşaýşyny üpjün etmäge goşant goşýan işjeň aýallaryň neslini ylhamlandyrmaga ymtylýarlar, esasanam gürrüň ýerli aýallaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek barada gidýän bolsa.

BMGÖM-y we Global Daşky Gurşaw Guramasy (GEF) gar gaplaňyň ýaýrawyna degişli sekiz ýurtda taslamalary amala aşyrýar. Täjigistanda olaryň işi esasan ýerli jemgyýetleri goralýan ýerlerde gönüden-göni işe çekmek we ondan gazanç etmäge kömek etmekden ybaratdyr.

"Biz taslamanyň başlangyçlaryna, esasanam adamlara goşmaça girdeji getirjek we tebigata has uly hormat goýmaga itergi berjek eko syýahatçylygy ösdürmäge gatnaşmak isleýäris" –diýip, Bibi Rahimowa aýdýar.

Şeýle-de, ol gar gaplaňlaryna köp gabat gelendigini, şol duşuşyklaryň gysga wagtlyk bolandygyny buýsanç bilen ýatlaýar. Bu ýagdaý Bibä ýitip gitmek howpy astyna düşen gar gaplaňlarynyň sanynyň dikeljekdigine umyt berýär.

Bu onuň, gar gaplaňlary ýaly görünýän dag ruhlarynyň paýhasyna bolan hormatyny ýada salýan, şahsy we jemgyýetçilik jogapkärçiligidir.