Garagumyň jümmüşinde ýerleşýän obalarda gün energiýasyny ulanmak arkaly suw üpjünçiligi

October 14, 2021

Garagumyň jümmüşinde ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylary esasan maldarçylyk we düýedarçylyk bilen meşgullanýarlar. Sürileri suw bilen üpjün etmek üçin ýerli ilat ýagşyň we garyň suwuny toplaýar şeýle hem suw daşaýjy awloulaglar bilen suwy gaýry ýerlerder getirýär. Üçeklerde üýşýän ýagyş suwy her jaýyň gapdalynda ýerleşdirilen ýörite gaplarda toplanyp saklanýar. Suwuň uzak wagtlap saklanmagy onuň tagamynyň we arassaçylyk häsiýetleriniň ýaramazlaşmagyna getirip, wagtyň geçmegi bilen adamyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirip başlaýar. Obalaryň her birinde bar bolan dizel generatorynyň günde bary-yogy birnäçe sagat işledilýänligi sebäpli elektrik üpjünçiligi bilen baglanyşykly kynçylyklar hem duýulýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Bütindünýä Ekologiki Gaznasy (BEG) tarapyndan bilelikde amala aşyrlýan “Energiýany tygşytly peýdalanmak we Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin gaýtadan dikeldilýan energiýa serişdeleri” atly taslamasy, suw dolandyryşynyň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak we ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Taslamanyň 1-nji ugrunyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabyna degişli Ýel, Býaşkak we Kelleli ýaly alysda ýerleşýän çöl obalarynda guýulardan suwy götermek we ony arassalamak üçin gün energiýasynda işleýän ulgamlary gurnaldy.

Umumy kuwwaty 10 kWt bolan gün energiýa ulgamlary, gaýtadan dikeldilip bilinýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny iş ýüzünde görkezmeklik we ýerli ilaty dizel generatorlarynyň ýerine “arassa energiýa” ulanmaga höweslendirmeklik we şeýlelik bilen suw sorujylaryny işletmeklik bilen baglanyşykly emele gelýän CO2 zyňyndylaryny azaltmaklyk maksady bilen oturdyldy. Häzirki wagtda ýarysy aýallardan we gyzlardan ybarat bolat 1200-e golaý ilat bu synag meýdançalarynda oturdylan ulgamyň oňyn netijelerinden doly peýdalanyp gelýär.

Merkezden uzakda, ylaýta-da çölde ýerleşýän ilatly ýerleriniň gün energiýasy arkaly elektrik energiýasy bilen üpjün edilmegi ýerli ýaşaýjylara arassa suw we elektrik togundan peýdalanmaga mümkinçilik döretmeklik bilen birlikde olaryň ýaşaýýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berdi. Bu babatda Býaşkak obasynyň ýaşaýjysy: "Indi çagalarym arassa suw içýärler we telewizora tomaşa edýärler" – diýip, belläp geçdi.

Deslapky çaklamalara görä, oturdylan fotoelektrik ulgamlarynyň hyzmat ediş ömri boýunça (15 ýyl) parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň 383 tonna CO2 azalmagyna garaşylýar.

Garagumyň jümmüşinde ýaýran alyslarda ýerleşýän köp sanly obalarynyň bardygyny göz öňünde tutsak, bu başlangyjyň ýaýbaňlaşdyrylmagyna ep-esli mümkinçilikleriň bardygy aýdyň görünýär.