BU ÖZBEK OBASYNDA INDI HIÇ KIM SUW DAŞAMAÝAR

January 22, 2021

--- Image caption ---

Özbegistanyň Fergana welaýatynyň Gülistan obasynda ýaşaýan 56 ýaşly öý hojalykçysy Fazilat Uswaliýewa, 20 ýyl töweregi her gün suw almak üçin eline bir gap alyp iň ýakyn guýa çenli bäş kilometr ýol ýöremeli bolýardy.

Içmek, nahar bişirmek, ýuwmak, şeýle-de mallaryny suwa ýakmak üçin on litr suw diňe ýarym güne ýetýärdi.

Öň şepagat uýasy bolup işlän Fazilat, özüniň ujypsyzja pensiýasyna we möwsümleýin ekinlerinden gelýän girdejä bil baglap, maşgalasyny ýeke özi ekleýär. Ol özüniň işsiz gyzyny, gyzynyň adamsyny we olaryň üç çagasyny goldaýar. Fazilatyň öz adamsy bolsa köplenç iş gözläp daşary ýurtlara gitmeli bolýar.

Fazilatyň hekaýasy bu ýerde seýrek duş gelýän hekaýa däl. Häzirki wagtda her bäş erkekden biriniň daşary ýurtlarda ýaşaýanlygy we işleýänligi sebäpli bu ýerdäki aýallaryň köpüsi ýeke-täk ekleýji bolup galýarlar. Suw daşamak ýüki, olaryň onsuz hem baş alyp çykmaly bolýan köp sanly jogapkärçilikleriniň üstüne goşulýar.

4500 ilaty bolan Gülistan obasy welaýatyň esasy şäheri hasaplanýan Fergana şäherinden bary-ýogy 20 kilometr uzaklykda ýerleşsede, infrastruktura babatynda welin örän uzakdady.

Özbegistanyň beýleki obalarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem mekdep, çagalar bagy we oba saglyk hassahanasy bar, emma welin arassa agyz suw mümkinçiligi ýokdy. Könelişen suw üpjünçilik ulgamlarynyň infrastrukturasy bolsa bejerilmä mätäç ýagdaýdady.

Arassa suwuň ýoklugy, diňe bir öý hojalygynda sarp etmekligi aňlatmaýar. Ýerli mekdepde we çagalar bagynda suw geçirijiniň ýoklugy, hajathananyň we çagalar üçin suw içer ýa-da ellerini ýuwar ýaly ýeriň ýokdugyny aňladýardy. Çaý we günortanlyk naharyny taýýarlamak üçin mugallymlar her gün irden iň ýakyn guýa çenli bäş kilometr ýol geçmeli bolýardylar, bu bolsa olaryň ünsüni mugallymçylykdan uzaklaşdyrýardy.

"Munuň nähili kyndygyny göz öňüne getirip bilersiňiz" diýip,  mugallymlaryň biri aýdýar. "Bir-iki kilometr ýöräniňizden soň, iki bedräniň deňagramlylygyny saklamaga synanyşanyňyzda fiziki güýjüňizi ýitirip başlaýarsyňyz we dyzlaryňyz sandyrap başlaýar."

Onda dogry arassaçylyk düzgünlerini nädip öwredýärsiňiz?

"Suw ýok ýerinde çagalara günde birnäçe gezek we nahardan öň ellerini ýuwmagy tabşyrmagy göz öňüne getiriň,” diýip çagalar bagynyň müdiri Şahzoda Djalilowa düşündirýär:

Hassahananyň ýagdaýy hem ondan gowy däldi. Hassahananyň işgärleri-de guýulara gatnamaly bolýardylar, arassalanmadyk suw bolsa hassalaryň arasynda ýokaşma derejesiniň ýokarlanmagyny aňladýardy.

Şäher häkimligi soňky 20 ýylyň dowamynda ýaşaýjylaryň, mekdebiň we hassahananyň suw üpjünçiligi bilen bagly meselesini çözdi. Emma 1998-nji ýyldan bäri ilatyň sany iki esse diýen ýaly artdy, bu bolsa suwa bolan talabyň artmagyna we oňa bolan elýeterlilik üçin hemişelik we dowamly çözgüdiň üpjün edilmegine getirdi.

Geografiki ýerleşişi sebäpli Özbegistan suwuň 85%-ini akymyň ýokarky tarapynda ýerleşýän goňşy ýurtlardan, galan bölegini bolsa uly bolmadyk Özbek suw çeşmelerinden alýar. Hem Ilat hem-de ykdysady taýdan çalt ösýän ýurtda ulgamy kämilleşdirmek möhüm mesele bolup durýar.

Özbegistan hökümeti ýakynda millionlarça adamyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýän ösüş strategiýasyny kabul etdi. Bu tagallalar, Gülistanyň suw üpjünçilik kynçylygy ýaly meseleleri çözmek üçin goşmaça itergi berýär. Hakykatda, bu oba häzirki wagtda şäher gurşawyny  100 göterim üpjün etmek boýunça synag taslamasy bolup durýar, prosesi dolandyrmak ýerli ýaşaýjylaryň ellerine berilýär.

Oba ýaşaýjylary meýilnamalaşdyrylyş işine işjeň gatnaşdylar, olaryň köpüsi täze agyz suw ulgamyny gurmaga kömek etdiler. Ýakynda döredilen ýerli suw geňeşi bolsa ulgamyň tehniki hyzmatyny üpjün etmek boýunça tälim okuwyna gatnaşdy.

"Köp ýyllaryň dowamynda adamlar bir gün-ä suw geler diýip umyt edýärdiler”– diýip,  toparyň prezidenti Abduhalim Ismoilow gürrüň berýär. “Ilkinji abatlaýyş meýilnamalaryna başlanymyzda, ýerli jemgyýet guramaçylyk işlerine gatnaşar we bize kömek eder diýip garaşmaýardyk. Gurluşygy tamamlamak, suw ulgamyny we suw diňini doly täzelemek üçin bize bary-ýogy ýarym ýyl gerek boldy.”

Saglyk hassahanasy we mekdep üçin netijeler örän täsirli. Näsaglaryň arasynda ýokançlaryň sany dessine azaldy. Çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň sany 165-den 200-e çenli artdy, olardan onlarçasy suw bolmadyk goňşy obalardan geldi.

“Çagalarymyzyň ýylgyrşyny görýärin. Indiki ädim bolsa, olara gymmatly suwy nädip tygşytlamalydygyny öwretmek.” – diýip,  Şahzoda aýdýar.

Krandan bir bulgur suw dolduryp, Fazilat üç agtygynyň oýnuna tomaşa edip oturyşyna, geçmişi ýatlaýar.

“Gaty kyn işdi. Gyş aýlarynda, esasanam garaňky düşende, agtyklarymyň öý işlerine päsgel berip maňa ýoldaş bolmaklaryny haýyş edýärdim. Iň erbet tarapam,  agtyklarymyňam ejemden maňa miras galan “suw daşama” ykbalymy paýlaşmaly boljakdygyna düşünmekdi. Indi men bu barada aladalanmaýaryn.”

Indi Fazilat her gün agşam gap-gaçlary ýuwup, agtyklarynyň öý işlerine kömek edenden soň, halaýan kitabyny okaýar. Öňler onuň kitap okamak üçin ne wagty bardy ne-de güýji, emma indi onuň lezzet alyp okamaga wagty bar.

Ne onuň ne-de Gülistandan başga biriniň indi suw daşamak zerurlygy ýok.

Gülistandaky üstünlikli alnyp barylýan işler, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilen we BMGÖM tarapyndan Özbegistana suw ulanyjylary we daýhan birleşikleri bilen ýakyndan işleşmek we jemgyýetiň suwy tygşytly peýdalanmak baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmak arkaly ýurduň oba ýerlerinde suw baýlyklaryny dolandyrmaga kömek etmek üçin amala aşyrylan has uly başlangyçlaryň bir bölegidir.

 

Çykgytlar Suratlar: Şerzod Alimow / BMGÖM Özbegistan

Gülistan, Özbegistan