Aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine goldaw berýän 12 sany täzeçillik girizýänler bilen tanyşyň

January 23, 2021

The original of this story is published at https://www.eurasia.undp.org/content/rbec/en/home/stories/meet-12-changemakers-pushing-for-womens-empowerment.html

Mihaela Spataru Moldowa Respublikasynyň Mejlisiniň agzasy hem-de Mejlisiň aýal-gyzlar toparynyň esaslandyryjylarynyň biri.

“Aýallaryň erkeklerden gowudygyna ýa-da erkekleriň aýallardan gowudygyna men ynanamok. Aýalyň işläp bilmejek işi ýokdur. ”

Aýallaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekligi goldamakdan başlap, zorluga we kemsidilmä garşy göreşe çenli, bu täzeçillik girizýänler gender meselesi boýunça kanunçylykda we ýerlerde ýetmezçilikleri aradan aýyrmak üçin tutuş Ýewropada we Merkezi Aziýada işleýärler.

 “Men üç ýyldan bäri Mejlisiň deputaty bolup gelýärin. Men milli howpsuzlyk, goranmak we içeri işler ugurlary boýunça işleýärin, bularyň hemmesi adatça erkekleriň işleýän ugurlary”.

Içeri işler we goranmak ugurlary boýunça işleýän aýal-gyzlaryň sanynyň hasam köpelýändigini görüp begenýärin, olaryň köpüsiniň jedelleri çözmäge hem gatnaşmaklaryny görmek isleýärin.

Biziň mejlisimizde bary-ýogy 21 sany deputat aýallar bar. Şonuň üçin, biz gender deňligi başlangyçlaryny öňe sürmek üçin Mejlisiň aýal-gyzlar toparyny döretdik. Topar milli we ýerli saýlawlarda syýasy partiýalaryň sanawlarynda aýallar üçin 40 göterim kwotany girizmekde möhüm rol oýnady. Emma ýene 10 ýyldan bize kwota gerek bolmaz diýip umyt edýärin. Deňligiň adaty zat bolmagyny isleýärin."

- Mihaela Spataru, Moldowa

Guljahon Bobosadykowa, “De-Jure Deňlikden De-Fakto Deňligine tarap” bileleşigiň başlygy we Täjigistanda gender deňligi meselesi boýunça tanymal hünärmen.

“As soon as I finished secondary school, my father wanted to arrange my marriage.

“Orta mekdebi tamamlan badyma, kakam meni durmuşa çykarjak boldy.

Meniň bagtyma, ejem okuwymy dowam etdirmegimi isledi. Onuň paýhasy we edermenligi maňa uniwersitetde okamaga we ahyrynda bolsa professor bolmaga mümkinçilik döretdi.

Gyzlaryň köpüsi henizem maşgalalaryndan şeýle goldawy alyp bilmeýärler we durmuşda öz ýollaryny erkin saýlap bilmeýärler.

Hökümete degişli däl guramalar bileleşigimiz BMG, Mejlis we Hökümet bilen irki nikalary we öý zorluklary baradaky milli kanunçylyga üýtgetmeler girizmek boýunça işler alyp barýar. Şeýle hem, oba ýerlerinden ýaş gyzlaryň ýokary bilim alyp bilmekleri üçin kwotalaryň köpeldilmegi ugrunda hem işleýäris.

Biziň tagallalarymyzyň netijesinde maşgala gurmak üçin razyçylyk ýaşyny 17-den 18-e çenli ýokarlandyrmagy başardyk, emma bu biziň syýahatymyzyň ýaňy bir başydyr.”

- Güljahon Bobosadykowa, Täjigistan

Armenuhi Kýuregýan Ermenistanyň Mejlisiň deputaty bolmak bilen, ýerli derejede gender kwotalarynyň girizilmegini goldaýar. Surat: Jodi Hilton / BMGÖM

“Eger kararlar hem aýallar hem-de erkekler üçin kabul edilýän bolsa, onda näme üçin aýallar stoluň başynda däl?

Biziňki ýaly adam kapitalyna bil baglaýan ýurt üçin, aýal-gyzlary syýasatdan daşda saklamak we olaryň ägirt uly mümkinçiliklerini boşuna gidirmek örän gymmatdyr.

20 ýylyň dowamynda men Ermenistanda gender deňligi hereketiniň bir parçasy boldum. Adamlaryň durmuşyny gowulandyrmak üçin işjeňligiň ýeterlik däldigine düşündim. Eger karar bermek işine gatnaşmasaňyz ähli gowy pikirler, diňe bir nazaryýetdir.

Syýasatyň aýallar üçin däldigi, aýallaryň syýasata goşulmak islemeýändigi barada giňden ýaýran ýalňyş düşünje bar. Ýerlerde köp aýal-gyzlar bilen işleşip, aýal-gyzlaryň karar bermek medeniýetini isleýändigini, üýtgedip biljekdigini we hökman üýtgetmelidigini ynam ýilen aýdyp bilerin."

- Armenuhi Kýuregýan, Ermenistan

Gulmira Kazakunowa, Maýyplygy bolan aýallar ulgamynyň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy.

“Maýyplygy bolan aýallar iki esse kemsidilýär. Ilki bilen maýyplygy sebäpli. Ikinjiden bolsa, jynsy sebäpli.”

“2004-nji ýylda Gyrgyzystanda maýyp aýallaryň hukuklary ugrunda göreşýän hiç-hili gurama ýokdy. Biz göze görünmeýändik. Öýde zorluga sezewar bolýan we kömek soramaga hiç kimi bolmadyk aýallary tanaýardym. Özümem maýyp bolamsoň, olaryň derdine gowy düşünýärdim.

Hut şol sebäpdenem men maýyp aýallaryň we gyzlaryň hukuklaryny goramak boýunça döwlete degişli däl guramany döretdim. Biz olara gorkularyny ýeňip geçmäge we maksatlaryna ýetmäge kömek edýäris. Käbirleri öz kiçi kärhanalaryny hem açdylar.

Olaryň ýeňişlerine syn edip, özümiň dogry ýoldan barýandygyma we bu syýahatymy dowam etdirmelidigime düşünýärin.”

- Gulmira Kazakunowa, Gyrgyzystan

Iwan Malisiç Çernogoriýanyň sebitleýin ösüş agentliginiň taslama ýolbaşçysy.

“Meniň maşgalam meni hemmämiziň deňdigimiz ynamy bilen terbiýeledi. Gender deňsizliginiň we kemsidilmäniň iň inçe elementlerini nädip tanamalydygyny bilýärin we her gün oňa garşy göreşýärin.

Biziň jemgyýetimiz henizem örän patriarhal häsiýetde. Çernogoriýada oba aýal-gyzlary hem ykdysady hem-de sosial taýdan iň garyplaryň hataryndadyr. Olar tutuş ömürlerini, pensiýasyz ýa-da sosial ätiýaçlandyryşsyz, az aýlykly agyr zähmet çekmek bilen geçirýärler.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän oba ösüş maksatnamalarynyň üstünde işleýän wagtym oba aýal-gyzlaryna we olaryň kärhanalaryna goldaw berip başladym. Olara iş meýilnamalaryny düzmäge we zerur hünärleri öwrenmäge kömek edýärin. Olary höweslendirýärin we goldaýaryn. Şu wagta çenli 200-den gowrak zenanyň üstünlikli telekeçi bolmagyna kömek etdim, bu bolsa meniň üçin hakykatdanam buýsandyryjydyr.

Karar bermek güýjüne has köp eýedigini göz öňünde tutmak bilen, erkekler gender deňlige ýetmek üçin has köp işler etmelidirler."

- Iwan Malisiç, Çernogoriýa

Lýubow Maksymowiç, Ukrainanyň günbatarynda ýerleşýän Lwow şäherindäki Aýallaryň Geljegi merkeziniň başlygy.

“1990-njy ýyllarda 500,000 ukrain aýal-gyzlarynyň Günbatar Ýewropa satylandygy çak edilýär.

Adam söwdasy meselesini ýurtda gozgan ilkinji döwlete degişli däl guramalaryň biri bolupdyk. Ilkinji wakamyzyň biri hiç wagt meniň ýadymdan çykmaz. Bu waka 1999-njy ýylda bolupdy, gündogar Ukrainadan 19 ýaşly bir gyz 6 aý Germaniýada jynsy gulçulykda bolandan soň Merkezimize getirildi. Ony şeýle bir gorkuzypdyrlar welin, onuň başgalar bilen gepleşip bilmek ukybyny dikeltmek üçin bize birnäçe wagt gerek boldy.

Häkimiýetler bilen duşuşyklarda adam söwdasy meselesini gozganymda, köplenç sözümi bölýärdiler. Erkekler daşary ýurda işe gidýän aýallaryň näme üçin gidýändiklerini özleri gowy bilýärler diýip, maňa gygyrýardylar.

Emma biz häkimiýetleri we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini öý zorluklarynyň, adam söwdasynyň we aýallaryň karar kabul edişlige gatnaşmaýandygynyň örän möhüm mesele bolup durýandygy barada ynandyrmagy hiç wagt bes etmändik. Soňky 15 ýylyň içinde biz köp öňegidişlik gazandyk, bu Ukrainanyň raýat jemgyýetiniň sesleri bolmazdan mümkin bolmazdy."

- Lýubow Maksymowiç, Ukraina

Saida Ýusupowa we Ýelena Seleznýowa Özbegistanda ýaş aýal-gyzlara kodlaşdyrmagy öwredýän programmany esaslandyryjylardyr.

“Öz pikirlerimizi wagyz etmek üçin, biz sosial ulgamlaryndan başlap, doglan gün dabaralaryna çenli ähli mümkinçiliklerden peýdalanýardyk. Emma henizem köp adamlar aýal-gyzlary Maglumat Tehnologiýalar hünärmenleri hökmünde göz öňüne getirip bilmeýärler.

“Ýaş aýal-gyzlara kodlaşdyrmagy öwretmek boýunça mugallymlary we programmany maddy taýdan goldajak hemaýatkärleri tapmak kyn boldy. Bir gezek dagy tas taşlamagyň bäri ýany bolupdyk.

Aýallaryň eýeläp biljek kärleriniň görnüşi bilen baglanyşykly köp stereotipleri görýäris. Emma ýagdaý ýuwaş-ýuwaşdan üýtgeýär. Geçen ýyl şu wagtlar gatnaşmak isleýän gyzlaryň sany 100 töweregi bolupdy. Şu wagt biziň sanymyz 250 adama ýetdi. Biz şeýle-de Özbegistanyň dürli gatlaklaryndan we sebitlerinden bolan aýal-gyzlary hem bu işe çekmäge synanyşýarys.

Ene-atalaryň öz gyzlarynyň okaýşyny görmäge gelmekleri ýa-da gyzlaryň öz uýalaryny hem getirmegi bizi örän begendirýär. Olar bilelikde öwrenýärler we birek-birege bolan ynamyny berkidýärler. Işiňiziň şeýle täsir döredýändigine tomaşa etmek hakykatdanam ýakymly.”- Saida Yusupowa we Ýelena Seleznýowa, Özbegistan

Naze Ymeri, Albaniýadaky Jögiler we Müsür jemgyýetleriniň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrrmak boýunça işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň meýletinçisi.

 “Albaniýada jögileriň çagalarynyň bilim almagyny goldaýan ilkinji girdeji almaýan guramamyza goşulyşanymda bäşinji synpda okaýardym. Şondan bäri meýletinçi bolmagy we adamlara kömek etmegi hiç bes etmändim.”

“Pes derejede işlemek bilen, men jögi we müsür aýallarynyň özleriniň etniki, jyns we sosial-ykdysady ýagdaýy sebäpli köp kemsidilmä sezewar bolýandyklaryny men her gün görýärin.


Geçen ýyl, men 150 töweregi aýal-gyzlara sosial hyzmatlardan, saglygy goraýyşdan we bilimden peýdalanmak we özleriniň hukuklary barada has köp maglumat almak üçin kömek etdim. Şepagat uýasy bolanym üçin, iýmitlenmek, maşgalany meýilleşdirmek, göwrelilik we ýokanç keseller bilen baglanyşykly meseleler barada aýdanymda, başarnyklarym we bilimlerim olar üçin gymmatly boldy. Olaryň köpüsi zerur bolan saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmakda henizem köp kynçylyklara duçar bolýarlar.

Aýallaryň abadançylygynyň jemgyýetiň ösüşi üçin möhümdigine ynanýaryn we olaryň durmuşyny gowulandyrmak üçin elimden gelenini etmäge taýýar."

- Naze Ymeri, Albaniýa

Nevena Petrušić Serbiýada deňligi goramak boýunça öňki komissar we ýurtda gender deňligi baradaky kanunyň kabul edilmegini gazananlaryň biri.

“Hukuk professory hökmünde, kanunlarda ýazylanlar bilen iş ýüzünde bolup geçýän zatlaryň arasynda uly tapawudyň bardygyny bilýärin.

Öz fakultetimde biz hukuk merkezini döretdik, onda talyplarymyz biziň gözegçiligimiziň astynda, zorluga we kemsidilmä sezewar bolan aýallara mugt hukuk kömegini berýärler. Bu talyplara hakyky durmuş ýagdaýlary we aýallaryň hakyky tejribeleri barada düşünje almaga kömek edýär.

Terbiýeçiler hökmünde biziň wezipämiz ýaş nesiller üçin patriarhal düşünjäniň zynjyrlaryny döwmekdir. Biz olara erkekleriň we aýallaryň deň mümkinçilikleri bolan, öňünden kesgitlenen gender rollary bilen çäklendirilmedik dünýäni gurmakda goldaw bermelidiris.

Men elmydama okuwçylaryma şeýle diýýärin: Garaňkylygy näletlemäň, öz goşandyňyz bilen şem ýakyň!”

- Nevena Petrušiç, Serbiýa

Ketewan Kidaşeli, Gürjüstanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny goldamakda gazanylan üstünlikleri ykrar edýän Kato Mikeladze baýragynyň 2017-nji ýyldaky çempiony.

 “On ýyl mundan ozal men Tbilisiden Gürjüstanyň iň garyp sebitleriniň birinde ýerleşýän kiçijik bir oba göçdüm. Obada kompýuter endiklerine eýe bolan we internete girýän ýeke-täk adamdym.

Ýerli aktiwistler topary bilen bilelikde gender babatynda zorluga garşy göreşmek, aýal-gyzlar we ýaşlar üçin mümkinçilikler döretmek we adam hukuklaryny goramak boýunça ýerli gurama döretdik.

Şu ýyl, häkimlik bilen iki ýyllap dowam eden çekeleşikden soň, obamyzyň gapdalynda ýaşaýan kiçi musulman jemgyýeti üçin çagalar bagyny açýarys. Bu biz üçin we öz şahsy ösüşine indi has köp wagt sarp edip bilýän eneler üçin uly ýeňişdir.

Aýal bolmak aňsat däl, esasanam oba ýerlerinde ýaşaýan bolsaňyz. Emma duşýan aýal-gyzlarymyň hemmesine dünýä çykyp, başgalar üçin näme edip biljekdigi barada pikirlenmeklerini aýdýaryn. Uly jaýyňyzda näsazlyk bar bolsa, kiçi jaýyňyzy kämilleşdirip bilmersiňiz.”

- Ketewan Kidaşeli, Gürjüstan

Ýuliýa Malkowa Belarussiýada aýallaryň hukugyny goraýan “ProWomen” guramasynyň esaslandyryjysy we baş direktory. Surat: CityDog žurnaly

“Iki ýyl öň Ukrainadan Belarussiýa göçüp geldim. Kiçijik bir telekeçilik işe başlamak isledim, ýöne maslahat alyp biljegim telekeçi aýal-gyzlaryň toparynyň ýokdugyna geň galdym. Şeýdip, özüm ony döretmegi makul bildim.

Ilkibaşda ProWomen zenan telekeçilerini biri-birleri bilen baglanyşdyrmak we iş açmak isleýän beýleki aýal-gyzlary çekmek üçin tor platformasy hökmünde döredildi. Emma köp ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda, iş açmak isleýän aýallaryň goldaw ýetmezçiliginden başlap kemsidilme we iki esse iş etmeklige çenli köp kynçylyklara duçar bolýandyklaryna göz ýetirdik.

Bu bize aýallaryň hukuklaryny goramaga we Belarussiýada aýallaryň duçar bolýan sosial we ykdysady päsgelçiliklerine garşy göreşmäge itergi berdi.

Köp adamlar feminizme negatiw garaýarlar. Olar feminizmden hem erkekleriň hem-de aýal-gyzlaryň peýda tapjagyna düşünmeýärler."

- Ýuliýa Malkowa, Belarus

The original of this story is published at https://www.eurasia.undp.org/content/rbec/en/home/stories/meet-12-changemakers-pushing-for-womens-empowerment.html