Galyndylary görnüşleri boyunça saýlamagy we gaýtadan işlemegi nähili alyp barmaly

February 9, 2021

Jemal Durdykowa

Amerikanyň  Birleşen Ştatlarynda adam başyna her ýylda 900 kg galyndylaryň emele gelýändigini siz bilýärmisiňiz? Bu her günde takmynan 2,5 kg bolýar. Russiýa Federasiýasynda her adam ýylda 400 kg galyndylary emele getirýär. Olara esasan kagyz, plastik, aýna, alýumin  we organiki galyndylar degişlidir. Siziň maşgalanyňyzda her günde näçe galyndylarynyň emele gelýändigi barada, siz oýlandygyzmy? Şol galyndylaryň näçe bölegi kagyz, plastik we aýna önümleri? Ýene-de nähili önümleri siz peýdasyz ulanýarsyňyz? Siz nädip munuň hötdesinden gelýärsiňiz?  Ýurdumyzyň her bir raýatynyň  we myhmanlarynyň galyndylary dolandyrmak meselesine nähili garaýandygy biziň üçin iň esasy meseledir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy  tarapyndan amala aşyrylýan,  Butindünýä ekologiýa gaznasynyň taslamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň 20-den gowrak ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary bilen bilelikde işlemek bilen, biz Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň galyndylara bolan garaýşyny üýtgetmek isleýäris. Biz ýaşaýjylaryň “zir zibilleri daşamak” düşünjesini, “galyndylary dolandyrmak” tejribesine üýtgetmek isleýäris.

 

Haýsydyr bir sebäp bilen, mundan beýläk ulanmaga ýaramsyz bolup zir-zibil gutusyna taşlanan zatlara, biz zir-zibil diýip atlandyrýarys. Zir-zibil we galyndylar baradaky düşünjäni  garyşdyrmak düýpli ýalňyşlyk bolup, uly möçberde hapahanalaryň emele gelmegine, netijede daşky gurşawyň hapalanmagyna we ýyladyşhana täsirini emele getiriji gazlaryň daşky gurşawa zyňylýan mukdarynyň artmagyna sebäp boldy.

Näme üçin biz, adamlar tarapyndan galyndylary “zir-zibil” diýip atlandyrmagyny  islemeýäris? Sebäbi biz galyndylary zir-zibil hökmünde kabul etsek, onda biz ony zyňmak isleýäris. Netijede galyndylar zibilhana iberilýär. Zir-zibil – bu size gerek däl zatlar. Şol bit wagtda galyndylar - bu doly ulanylmadyk zatlardan emele gelen, gaýtadan ulanmak mümkinçiligi bar bolan zatlardyr. Galyndylar – bu artykmaç ulanmagyň netijesinde emele gelen, ulanylyşyny çäklendirmäge,  gaýtadan ulanmaga we  gaýtadan işlemäge degişli zatlardyr.

 

Eger biz zir-zibil hökmünde zyňmak üçin taýýarlan zatlarymyzy seljersek, biz  şol zatlar üçinde ikinji ömür berip boljak zatlaryň  bardygyna hökman göz ýetireris. Mysal üçin, plastmassa, çüýşe, kagyz önümlerini, alýumin we demir gutulary, köne egin eşikleri, köne hojalyk tehniki enjamlary gaýtadan işlemek üçin ulanmaga iberip bolar.

Ýokarda görkezilenleriň ählisi zir-zibil däldir, olar galyndylardyr. Olar gaýtadan ulanmak, gaýtadan işlemek mümkinçiligi bolan serişdelerdir. Eger biz mundan beýläk hem seljermän, galyndylary zibilhana ibersek, daşky gurşawyň mundanam beýläk hapalanmagyna getirer hem-de galynndylary gaýtadan ulanmak mümkinçiliginden mahrum bolarys.  

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny galyndylary dolandyrmak barada maglumat bermek maksady bilen, biz raýatlar we hususy pudagyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barýarys. Hyzmatdaşlygyň netijesinde galyndylary dolandyrmak ulgamynda öňdebaryjy çözgütleriň gazanylýandygyny görmek bolýar. Şeýle-hem biz öz maşgalalarymyzy, dostlarymyzy we goňşylarymyzy hojalyklarymyzda galyndylary saýlap aýyrmaga işjeň gatnaşmaga çagyrdyk.  Netijede, 2019-2020 ýyllar döwründe geçirilen çäreleriň netijesinde 36 tonn plastmassany, 4 tonn kagyz önümlerini, 1,5 tonn aýna-çüýşe önümlerini ýygnadyk we gaýtadan işlemek üçin iberdik.