#HearMeToo: Merkezi Aziýanyň aktiwistleri zorluga garşy göreşde täze mümkinçilikleri açýarlar.

January 29, 2021

 “Teswirlere jogap berenimizde, biz diňe jogap berýän adamymyz bilen işleşmeýäris. Bir adam bilen gürleşýän ýaly görünse-de, aslynda sizi ýüzlerçe, belki müňlerçe adam okaýar "-diýip, nemolchi.uz Facebook sahypasynyň döredijisi Irina Matwiýenko aýdýar.

Irina Özbegistanda aýal-gyzlara garşy edilýän zorluk barada habarlylygy ýokarlandyrmak üçin sosial mediýany ulanyp başlanlaryň biridir. Sahypada gender esasly zorluklar barada wakalar ýerleşdirilip, diri galanlar üçin goldaw materiallary we maglumatlar hödürlenýär.

Žurnalist we telekeçi Irina ilki özbaşdak işleýärdi, mazmuny taýýarlaýardy, soňra neşir edýärdi, teswirlere jikme-jik jogap berýärdi we stereotiplere garşy göreşýärdi. Sahypadaky işjeň ulanyjylaryň sanynyň köpelmegi bilen, sahypany dolandyrmaga kömek edýän beýleki pikirdeş aýallardan goldaw tapyp başlady.

Irinanyň wakasy ýeke-täk däl. Özbegistandaky aýallar özlerine täsir edýän meseleler barada söhbetdeşlik başlamak üçin onlaýn mediýadan ýygy-ýygydan peýdalanýarlar. Özbegistandaky BMGÖM-y gender deňligi we jemgyýetdäki aýal-gyzlara garşy zorluk baradaky meseleler hakynda ýazýan blogerleri ykrar edip, olary goldaýar. Bu iş möhüm bolşy ýaly öz wagtyndadyram:  hökümet häzirki wagtda maşgaladaky zorluklar barada kanun taýýarlaýar.

Irinanyň işi, mesele entäk hem çözülmän galan Merkezi Aziýada aýal-gyzlar babatynda zorluga garşy göreşmek boýunça ösýän hereketiň bir bölegidir. Gyrgyzystanda aýallaryň 30 göterimi we Gazagystanda 20 göterimi özleriniň ýakyn ýoldaşlary tarapyndan edilen zorluk barada habar berdiler. Hakyky sanlar has ýokary bolmagy ähtimal. Maşgala tarapyndan basyşlar, sosial stigma we kazyýet işiniň pes derejesi aýallara garşy edilýän zorluk meselesini kölege saklaýar. Hadysalar barada yzygiderli habar berilmeýär, maglumatlar bolsa az, resmi däl ýa-da köne.

Maglumatlaryň ýoklugy, meseläniň çynlakaýlygyna doly düşünilmeýändigini aňladýar, bu bolsa aman galanlar üçin döwlet hyzmatlarynyň pes bolmagyna sebäp bolýar. Kemçiligiň ýerini doldurmaga synanyşýan raýat jemgyýetçilik guramalary aman galanlara kömek bermek üçin köplenç köp sanly býurokratik päsgelçiliklerden geçmeli bolýarlar.

Reýhan, Gazagystanyň Aktau şäherinde maşgala zorlugyndan aman galanlar üçin krizis merkezine ýolbaşçylyk edýär. Işgärleri bilen bilelikde, ýakyn ýoldaşlary tarapyndan zorluga sezewar edilen aýallar üçin ygtybarly ýer üpjün edýär. Emma merkezi gurmak aňsat bolmandy. Reýhan hökümete degişli bolmadyk guramasyny hasaba aldyrmak üçin dört gezek ýüz tutmaly boldy. Netijede, hakyky tutanýerliligiň we başgalara kömek etmek niýetiniň saýasynda oňa akkreditasiýa almak başartdy.

Merkezi Aziýada beýleki ýerlerde-de bolşy ýaly aýal-gyzlara garşy zorlugyň köpüsi patriarhal däplerden we zyýanly adatlardan gelip çykýar. Sebitiň köp ýerinde gyzlar ir we zor bilen nikalaşma we gyz alyp gaçmalara sezewar edilýär, bu bolsa olaryň maşgala zorlugyna we jynsy zorluga garşy gowşak bolmagyna getirýär.

Soňky ýyllarda käbir ýurtlarda gender esasly zorluga garşy göreşmeklige gönükdirilen hukuk we syýasat çarçuwalary we milli hereketler meýilnamalary kabul edildi. Gyrgyz respublikasy maşgala zorlugynyň öňüni almak we kämillik ýaşyna ýetmedikler babatynda dini nikalary gadagan etmek baradaky kanunlary kabul edip, bu ugurda uly üstünlikler gazandy.

Nazira Bişkekde aklawçy bolup işleýär. Oňa BMGÖM-ň taslamasy goldaw berýär, taslamanyň çäginde gender esasly zorlugyň pidalaryna mugt kömek berilýär. Bu onuň uzak sagatlaryň dowamynda işlemelidigini aňladýan hem bolsa, kanuny wekilçilik edip bilmeýän aýallara kömek etmek üçin ol elinden gelenini edýär.

Nazira özüniň gündelik kynçylyklary barada oýlanyp, şeýle diýýar: "Biziň ýüzbe-ýüz bolýan iň uly kynçylygymyz, ol hem pidanyň kanuny kömek soramak üçin juda giç ýüzlenmegidir". “Olar nikany bozanlaryndan soň kömek soraýarlar. Emma oňa çenli eýýäm hiç hili subutnama galmaýar. Beden şikesleri bar diýlip kesgitlenmese-de, jenaýat işi gozgalmaýar. Jenaýatçy bolsa tussag edilmeýär"-diýip, ol aýdýar.

Habarlylygyň ýokarlandyrylmagy we kazyýet işleriniň kämilleşdirilmegi zorlugyň pidalaryna zerur goldawy almaga kömek eder diýip ol umyt edýär, elbetde bu ugurda edilmeli işleriň sany entäk köp.

Irina, Reýhana we Nazira häzirki derejelerine ýetmek aňsat düşmedi. Olaryň işi ýaňy başlandy. Emma ägirt uly kynçylyklara garamazdan olaryň bu ugurda höwesi we tutanýerliligi, gender esasly zorluga garşy aýallaryň ýolbaşçylygyndaky hereketiň Merkezi Aziýada kem-kemden kemala gelýändigini görkezýär. Hökümetler, halkara guramalar we şahsyýetler aktiwistleriň we zorlugyň pidalarynyň aýal-gyzlara garşy zorluk jenaýatyny ýok etmek ugrundaky tagallalaryny güýçlendirmek we goldamak üçin elinden gelenini etmelidir.

The original of this story is published at https://www.eurasia.undp.org/content/rbec/en/home/stories/hearmetoo-activists-in-central-asia-break-ground-in-fight-agains.html