BABADAG BAL ARYLAR BILEN ÜPJÜN EDÝÄN BOLSA AZERBAÝJANYŇ KAWKAZ DAGLARYNDA TELEKEÇILIK IŞI BAR DIÝMEKDIR

January 22, 2021

The original of this story is published at https://undpeurasia.exposure.co/father-mountain-provides

"Bu ýerdäki adamlar örän hoşgöwünli, dogruçyl we zähmetsöýerdir. Doglanymdan bäri daglar meniň öýüm boldy. Olary görmesem, dessine küýsäp başlaýaryn" – diýip, ol aýdýar.

Oktaý şäher häkimliginde işlemek üçin şähere gidende, ol özüniň doglan ýeri, Azerbaýjanyň Kawkaz daglaryndaky uzakdaky Burowdal obasyny örän küýsäpdi. Diňe kiçijek bir ýol barýan bu oba, ýurduň iň beýik daglaryndan biri bolan Babadag dagynyň eteginde ýerleşýär.

Maý aýyndan başlap sentýabr aýyna çenli, ajaýyp görnüşi dürli-dürli reňkler bilen bezeýän, köp sanly güller gülleýär. Belent dag gülleriniň düzümi fruktoza baý, olardan hoşboý ysly bal öndürilýär, şol sebäpdenem ýerli ýaşaýjylaryň köpüsi bal arylaryny saklaýarlar.

 

Bu daglyk ekerançylyk sebitlerindäki öý hojalyklary maldarçylyk, bal öndürmek, ýabany ösümlikleri ösdürmek, öýde miweleri we miweli şireleri öndürmek bilen meşgullanýarlar. Bu çeşmeleriň köpüsi toprakdan alynýar. Azerbaýjanda öri meýdanlar ýerli häkimliklere degişlidir we hiç bir adam ýa-da telekeçilik tarapyndan hususylaşdyrylyp bilinmez.

Gynansakda, oba ýaşaýjylary özleriniň önümlerini satmakda, müşderileriniň ýaýrawyny giňeltmekde we önümlerini eltip bermekde çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şahadatnamalaşdyrylyş amallarynyň we marketing endikleriniň ýoklugy, maşgala kärhanalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyna we girdejililigine hasam täsir edýär.

Ýerli bölek satuwynda bäsleşige ukyplylygy saklamakda  kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan Ismaýilli (Burowdalyň ýerleşýän ýeri) we Şamahi sebitleriniň oba jemgyýetleri esasy girdeji çeşmesi hökmünde ýönekeý maldarçylyga bil baglamagy dowam edýärler.

Emma maldarçylyga we umumy ýerlere bolan bu aşa baglylyk ekologiýa üçin howply netijelere sebäp bolýar: öri meýdanlaryň mallar tarapyndan basgylanmagyna getirýär. Bu baglylygy peseltmek üçin, maşgalalar üçin başga girdeji çeşmelerini döretmelidir. Şu oba ýaly uzak ýerlerde, ol okuwlardan we enjamlary döwrebaplaşdyrmakdan başlap, üpjünçilik zynjyrynyň gowulaşmagyna çenli hemme zady goldamagy öz içine alýandyr.

Ekologiýa we Tebigy baýlyklar ministrligi bilen hyzmatdaşlykda BMGÖM-y, kiçi maşgala kärhanalaryna, has uly bazar üçin ýerli önümlerini öndürmek arkaly girdeji almak boýunça täze mümkinçilikleri hödürledi.

BALÇYLYK BILEN MEŞGULLANMAK. KÖP ADAMLAR EÝÝÄM ÖZ MAŞGALALARY ÜÇIN ARY BALYNY ÖNDÜRÝÄRLER, EMMA BU IŞE TELEKEÇILIK IŞI HÖKMÜNDE ÜNS BERMEK ISLEÝÄRLER.  

 “Bazara girmek mümkinçiligimiz bolmandygy sebäpli, öz hojalygymyzy giňeltmegiň manysy ýok diýip pikir edýärdik. Eger-de biz çendenaşa köp bal öndüren bolsak, biz ony potensial alyjylar bilen habarlaşyp, olara satyp bilmezdik "-diýip, Oktaý aýdýar.

 

BMGÖM-ň we Azerbaýjanyň döwlet gullugy we jemgyýetçilik innowasiýalary döwlet agentliginiň çägindäki “Maşgala telekeçilik işlerine goldaw” taslamasy (ABAD) tarapyndan Oktaýyň maşgalasyny goşmak bilen jemi 6 maşgala telekeçilik bilen bagly toplumlaýyn goldaw berildi.  Bu maksatnama, ýerli maşgalalara balçylykdan has netijeli peýdalanmagyň, ony has netijeli we girdejili etmegiň usullaryny öwredýär, şeýle hem iýmitleniş we farmakologiýa üçin önümleriň köp görnüşine diwersifikasiýa etmegi öwredýär. Maşgala kärhanalarynda arylary ösdürip ýetişdirmek we (ary baldan has ýokary baha durýan) tozgajyk hem-de (ary çarçuwalary üçin ulanylýan, uzakdan gymmat mumy import etmegiň zerurlygyny aradan aýyrýan) ary mumy ýaly önümleri döretmek üçin ýörite enjamlar bar.

 

Töwerekdäki 200 gektara golaý ýerde günebakar çigidi ekildi, bu bolsa önümleriň üstünlikli we yzygiderli öndürilmegi üçin zerur bolan topragyň çüýremeginiň öňüni almaga we bal arylara ösmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem, kärhanalar saglyk we howpsuzlyk talaplary babatynda hukuk-kadalaryny berjaý etmek, baha zynjyrynyň tutuş dowamynda hil gözegçiligini üpjün etmek, önümçiligi giňeltmek we ulaltmak üçin mümkinçilikleri kesgitlemek, tehniki we hukuk okuwlaryny almak, markirowka prosesi, we hil gözegçiligi hem-de sertifikatlaşdyryş talaplary üçin laboratoriýa seljermeleri ýaly meseleler boýunça kömek aldylar.

Maşgala kärhanalary alty sany täze sertifikatlaşdyrylan markaly, resmi taýdan tassyklanan kärhanalara öwrüldi.

Bu täze mümkinçilikden ruhlanyp, Oktaý hem öz obasyna gaýdyp geldi. Haçan-da oňa balyna at saýlamaly diýlende, ol ikirjiňlenmän: Babadag ýa-da “Ata dagy” adyny saýlady. Azerbaýjanda bu ýer, alpinistleriň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýeri hökmünde tanalýar. Oktaýyň balynyň ady, balçylyk işiniň giňelmegi bilen baglanyşykly onuň hem arzuwynyň hasyl bolandygynyň beýanydyr.

ABAD-yň giň satuw we paýlaýyş kanallarynyň üsti bilen bu maşgalalar diňe bir Azerbaýjanyň bazarlarynda däl, eýsem halkara derejesinde-de önümlerinden girdeji almagy dowam etdirerler.

Häzirki wagtda, bu hereketiň çäginde öndürilýän alty sany bal markalary, hem ABAD-ň ýöriteleşdirilen dükanlarynda, hem-de Brawo gipermarketler zynjyrynda  satylýar. Maşgalalar bu barada hiç haçan arzuw hem eden däldir.

"Biziň işimiz ösdügiçe ... maldarçylyk bilen meşgullanmak zerurlygy aradan aýrylýar, sebäbi indi biz bal öndürmek we satmak arkaly has köp girdeji gazanyp bilýäris " – diýip, Oktaý aýdýar.

 

Bu täze ösüş netijesinde, balçylar ABAD-ň satuw kanallary arkaly gönüden-göni önüm satmakdan aýda $300 ABŞ dollary we goşmaça satuw kanallary arkaly önüm satmakdan bolsa aýda $1000-1500 ABŞ dollaryna çenli girdeji gazanyp bilýärler.

ABAD-ň bal önümleriniň halkara eksportynyň birinji tapgyrynyň başlamagy netijesinde, girdejiniň ep-esli artmagyna garaşylýar. Ykdysady peýdalardan başga-da, milli bazarlar bilen aragatnaşygyň ýola goýulmagy uzakdaky obalaryň üzňeligini pese düşürmäge kömek eder.

Önümçilik pudagy hökmünde balçylyk, emigrasiýanyň hem öňüni alyp biler. Oktaýyň buýsanç bilen belleýşi ýaly,

“Oglum öň zawodda işleýärdi, indi bolsa ol gaýdyp geldi. Hem maňa kömekleşýär hem öwrenýär. ”

Çykgytdaky bellik Suratlar: Andrea Egan / BMGÖM Azerbaijan we Elgun Alizade we Elhan Ganiýew / ABAD; Tekst: Andrea Egan we Arzu Jafarli

Şamakhi welaýaty we Ismaýilli welaýaty, Azerbaýjan

The originl of this story is published at https://undpeurasia.exposure.co/father-mountain-provides