LUKMANLAR NISTRU DERÝASYNYŇ IKI TARAPYNDA HEM AGYRYNY ÝEŇILLEŞDIRMEK ÜÇIN GÜÝÇLERINI BIRLEŞDIRÝÄRLER

PALLIATIW IDEG MOLDOWADAN BÖLÜNIP AÝRYLAN PRIDNESTROWÝADAKY RAK KESELLILERIŇ ÖZÜNE YNAMYNY BERKIDÝÄR

January 29, 2021

--- Image caption ---

“Söýýän adamyňyzy ýitirmek gaty agyrdyr. Ýöne söýýän adamyňyz agyrydan ejir çekip aradan çyksa, siziň hem içiňizde bir zat ölýän ýalydyr.”

Bu sözler Moldowa respublikasyndan bölünip aýrylan sebit bolan Pridnestrowýanyň Tiraspol şäherinden pensiýa çykan aýal Olga Sinikowskaýa degişlidir.

Olganyň adamsy 2017-nji ýylda prostata rak keselinden aradan çykdy. Durmuşy çäklendirýän saglyk meseleleri bilen ýaşaýan adamlaryň başdan geçirýän fiziki we psihologiki ejirlerini ýeňilleşdirýän pallatiw ideg onuň agyrysyny ýeňilleşdirip bilerdi. Emma, ​​şol döwürde Pridnestrowýada düzgün-nyzam ýokdy.

Nistru derýasynyň çep kenarynda ýerleşýän Pridnestrowýa, özüni özbaşdak yglan edip respublika döretmek arkaly, 1992-nji ýylda bölünip aýryldy. Moldowa Respublikasyndan aýratynlykda ösmek bilen, halkara donorlary tarapyndan goldanylýan ösüş maksatnamalaryndan mahrum boldy. Wagtyň geçmegi bilen şol daşary ýurt maýa goýumlarynyň ýetmezçiligi onuň ýaşaýyş derejesini we jemgyýetçilik hyzmatlaryny ýaramazlaşdyrdy.

Moldowa Respublikasynda pallatiw ideg 2008-nji ýylda saglygy goraýyş ulgamynyň erkin we adaty bir bölegine öwrülen bolsa-da, Pridnestrowýadaky köp lukmanlar bu täze çemeleşme boýunça kämilleşmediler, hassalar bolsa zerur kömegi alyp bilmediler.

Olganyň adamsyna bellenen opioidleriň dozalary Sowet Soýuzynda bolşy ýaly ýeterlik däldi. Kesel bolsa uzaga çekdi we agyrylydy. Olganyň adamsynyň soňky iki aýy welin hasam kyn bolupdy.

"Ol ejir çekişini çagamyzyň görmegini islemedi" –diýip, Olga gürrüň berýär.

Oňa 7 günüň dowamynda 24 sagatlap goldaw we gözegçilik gerekdi, soňky günlerinde Olga ideg edýärdi. Ukusyz gijeler bolsa Olganyň birnäçe gezek huşundan gitmegine sebäp boldy.

64 ýaşynyň içinde, Tiraspoldan bolan Mariýa* durmuşyny başgaça göz öňüne getirýärdi: dört ýegenine ideg edýärdi, olara nahar bişirýärdi we özüniň aýdyşy ýaly  mümkin boldugyça peýdaly bolýardy. Emma 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda göwüs rak keseli diýlip diagnoz goýlanda onuň durmuşy üýtgedi. Operasiýadan bir ýyl soň, kesel sag eline limfoma görnüşinde gaýdyp geldi. Häzirki wagtda bolsa ol ony zordan hereket etdirip bilýär.

"Men ömrümiň galan bölegini hemmeleriň meni keselden öňki ýagdaýymy ýatlar ýaly ýaşamak isleýärin."

Kyn düşsede ol özüni göwni hoş ýagdaýda saklamak üçin bar güýjüni berip göreşýär. Morfin oňa agyrydan “azat bolmak” üçin kömek edýär.

 
     
 

Agyrsyzlandyrmanyň bu görnüşi Pridnestrowýada rak keselini bejermekde öňe gidişlik boldy. Onuň sözlerine görä, şu wagta çenli bejerip bolmaýan kesellerden ejir çekýänlere lukmanlar başgaça çemeleşmäni ulanýan ekenler.

Tiraspoldaky onkologiki klinikanyň başlygy Alina Andreýewa: "Biz köne standartlary ulanýardyk. Lukmanlaryň esasy wezipesi operasiýa - radiasiýa we himiýa bejergini geçirmekdi, ýöne toplumlaýyn ideg olar üçin ýatdy.

Alina we çep kenardaky beýleki lukmanlar hassalaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin täze çemeleşmäniň zerurdygyna düşündiler. Şeýdip, ol sag kenardaky kärdeşlerine hyzmatdaşlyk üçin ýüz tutdy, Kişinýowda ýerleşýän Angelus Moldowa hassahanasynyň goldawy bilen pallatiw bejeriş maksatnamasyny döredildi.

 

Moldowa Respublikasynda hassahananyň göçme bölümleri her ýyl derman, şepagat uýalary we psihoterapiýa kömegi görnüşinde Kişinýowyň 300-den gowrak ýaşaýjylaryna öýde ideg we goldaw berýär. Hassahananyň göçme bölümleri zerurlyklaryna düşünmek we maslahatlary ylalaşmak üçin näsaglar we olaryň maşgalalary bilen ýakyndan işleýär.

"[Pallatiw bejergide] haçanda simptomlar gözegçilik astynda saklanýarka näsaglara  gyssagly kömegi çagyrmak gerek däl” – diýip, Angelus Moldowanyň başlygy Waleriýa Isak aýdýar.

Nistru derýasynyň sag kenarynda alty sany pallatiw bejeriş merkezleri bar, emma Angelus çagalar üçin ýeke-täk merkezi dolandyrýar.

 “Merkez, näsag çagalaryna köp wagtdan bäri ideg edýän eneler üçin biraz rahatlyk pursatlaryny hödürleýär. Bir oglanyň ejesi üçin bu soňky 17 ýylda ilkinji arakesme boldy "- diýip, merkeziň başlygy Rodika Kostin ýatlaýar.

Niku merkezde bolan çagalarynyň biridi. Ol on bäş ýaşynda, ýöne ýaşyrak görünýär. Ol iki gezek beýni çiş operasiýalaryny başyndan geçirdi. Ol näbelli sanly günleriň deregine hili saýlap, ikinji himiýa bejergisinden ýüz öwürdi. Ol merkezde üç hepde bolup bilýär, maşgalasy onuň ýanyna islän wagty gelip bilýär. Niku: “Maňa rahatlyk gerek. Bu ýerde özümi gowy duýýaryn. - diýýär. “Onuň iň halaýan hobbisi bolsa origami.

Onuň agyrysyz ýaşamagy ene-atasy üçin iňňän uly ýeňillik boldy.

 

Nistru derýasynyň iki tarapynyň arasynda dowamly syýasy çözgüdiň ýoklugyna garamazdan, iki tarapdaky lukmanlar biri-birleri bilen ýakyndan işleşýärler. Alty aýlap dowam eden hyzmatdaşlykdan soňra, Pridnestrowýanyň lukmanlary indi näsaglara lukmançylyk we psiho-emosional goldaw berip bilýärler.

“Indi biziň näsaglara häzirki zaman çemeleşmämiz we garaýşymyz bar. Dermanlaryň käbir dozalarynyň zyýanly täsirleriniň bardygyny, ony ýeňilleşdirmek üçin dermanlary nädip birleşdirmelidigini öwrendik "- diýip, Alina belleýär.

Agyra we zyýanly täsirlere gözegçilik etmek diňe bir näsaglary däl-de, eýsem olaryň maşgalalaryny hem azat edýär. Näsaga energiýasy gaýdyp gelenden soň, onuň maşgalasy hem adaty durmuşyny dowam edip bilýär.

“Öňler biz uzyn ömür üçin göreşýärdik. Görüp otursak, durmuşyň hili üçin göreşmeli eken. Durmuşyň hili bar bolan ýerde bolsa, uzyn ömür hem bolar".

Lukmanlaryň arasynda aragatnaşyk hem gowulaşdy. Öňler olar näsagyň ömrüniň dowamlylygy bilen bagly maglumaty diňe näsagyň ýakyn garyndaşlaryna aýan etmegi has adamkärçilikli hasap edip, bu maglumaty näsagdan gizleýärdiler.

“Aslynda beýle edilmeli däl. Bu olaryň hukuklary"- diýip, Alina belleýär.

 “Gahar, gepleşik, depressiýa, kabul etmek: käbir näsaglar bu tapgyrlaryň birinde batyp galýarlar. Emma haçanda kabul etmek tapgyry gelende, näsaga möhüm zatlara ünsüni jemlemäge: arzuwlaryny amala aşyrmak üçin mümkinçilik döretmäge kömek edýär. Bu pallatiw idegiň psihiki-emosional tarapydyr.”

Häzir lukmanlar pallatiw bejergi usulyny ulanýan bolsalar-da, pallatiw merkeziniň we göçme bölümleriniň açylmagy bu prosesi tamamlar. Pridnestrowýadaky lukmanlar şeýle merkeziň döredilmegini goramak üçin pallatiw kömege mätäç näsaglary resminamalaşdyrýarlar.

Şeýlelikde, Mariýa ** we Niku ýaly näsaglaryň agyrysyna gözegçilik etmek we durmuş derejesini saklamak mümkinçiligi bolar.

Anjelus Moldowa hassahanasy we “Pridnestrowýadaky onkologlar” jemgyýetçilik birleşigi, Pridnestrowýe sebitinde pallatiw bejeriş taslamasynyň döredilmegi üçin hyzmatdaşlyk etdiler. Moldowada BMGÖM-ň ynamy berkitmek boýunça işiniň çäginde Hyzmatdaşlyk Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirildi.

* Adamyň haýyşy boýunça ady üýtgedildi.

** Mariýa bu makala ýazylyp bolandan soň tiz wagtda aradan çykdy.

The original of this story is published at http://voyages.eurasia.undp.org/exposure/easing-pain-on-both-sides-of-the-nistru-river