Özbaşdak kemala gelen öňdebaryjylar alternatiw maliýeleşdirme ugrunda çykyş edýär

June 5, 2019

Karyahan apa and Allaguly aga are self-grown community leaders who help pilot and promote effective climate change solutions.

Karyahan apa 40 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýüpekçilik pudagynda işläpdi. Ol Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerli hünärmen mekdebini tamamlady we ýüpek gurçuklaryny ösdürip başlady. Karyahan apa: “Men öz işimi gowy görýärdim. Men ýaşdym we meniň hünärim bardy. Men pul gazanýardym we öz girdejimiň hasabyna ýaşaýardym” diýip belledi.

Onuň ýoldaşy Allaguly aga hem ýerli hünärmen mekdebiniň uçurymy bolup, ol suratkeş-bezegçi bolup işläpdi. Olaryň ýedi sany çagasy bolup, olar hem ýüpekçilik hem-de sungat işine goşuldy. Birnäçe ýylyň dowamynda Karyahan apa Lebap welaýatynyň Dänew daýhan birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işläpdi. Hünär ýolunyň belende ýeten derejesinde Karyahany daşary ýurduň iri önümçilik kompaniýalaryna işe çagyrdylar, emma ol teklipleri ret edip, Lebap welaýatynda galdy. Ýoldaşlaryň ikisi napaga çykanlaryndan soň, olar özlerinde tebigaty gowy görmäge we öz maşgalasy üçin gazanmagy dowam etmäge ýol berjek işi gözlediler.

Karyahan apa: “Men netijeli zähmet çekmegi isläpdim. Meniň iň gowy başarýan zadym tut we miweli agaçlaryny ösdürmekdi. Şeýlelik bilen, men ýeri kireýine alyp, miweli agaçlary ösdürmek kararyna geldim” diýip belledi.

Haçan-da Karyahan apa ýeri kireýine alanda, ýerli dolandyryş edaralary bir ýyla ýeri kireýine almak boýunça şertnama baglaşdy. 2015-nji ýyldan bäri Karyahan apa her ýyl kireýine tölegini köpeltmeli bolupdy, bu bolsa käbir birahatlygy we kynçylygy döredipdi, çünki agaçlary ösdürmek üçin bir ýyldan gowrak wagt hem-de ýer bilen baglanyşykly yzygiderli maýa goýumlar gerek bolupdy. Hut şol wagt Karyahan apa Bütindünýä Ekologik gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Türkmenistanyň gurak sebitleriniň oba-hojalyk jemgyýetlerinde howa şertlerine durnukly ýaşaýyş serişdelerini üpjün etmek” atly taslamasyna ýüz tutdy.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Bütindünýä Ekologik gaznasynyň bilelikdäki taslamasy Karyahan apa hukuk kömegini bildirip, Türkmenistanyň Ýer baradaky kodeksine laýyklykda onuň ýeri kireýine almak baradaky şertnamasynyň möhletini 10 ýyla çenli uzaltmaga ýardam berdi. Indi ol miweli agaçlary ösdürip, gowy hasylyň ýerli bazarlarda satyljakdygyna garaşyp biler, bu bolsa onuň maşgalasyna durnukly girdeji getirer. Ondan başga-da, taslama Karyahan apa gök-önümleri saklamak üçin ammary gurmak ugrunda ýeri kireýine almak boýunça ygtyýarnamany almakda ýardam berdi, miweli agaçlar üçin talabalaýyk suwaryş tehnikasy boýunça maslahat berdi, balyk üçin iýmiti ýetişdirmegiň hem-de zerur ýagdaýlarda talabalaýyk hereketleri üpjün etmek üçin howa şertlerini öňünden bilmegiň täze tehnologiýalaryny tanyşdyrdy.


Karyahan apa: “Biz gök önümleri saklamak üçin ammary (60 m2) açmagy meýilleşdirýäris we grant ýüztutmalary boýunça taslama toparynyň çözgüdine garaşýarys. Biz maýa goýumlaryň 40%-ni bölüşmäge we bu taslamanyň üstünde köp zähmet çekmäge taýýar. Eger biziň gök önümleri saklamak üçin ammarymyz bolsa, biz ony ýerli daýhanlara kireýine bereris we gök önümleri hem-de miweleri satyp başlamazdan öň, olaryň ter we täze görnüşde galmagy üçin olary nähili şertlerde saklamalydygyny öwrederis. Biz gyşyna has gowy bahalara ýetip bileris we öz jemgyýetimize ýardam berip bileris” diýip düşündirdi.

Lebap welaýatynyň Dänew etraby öňden bäri Türkmenistanyň oba-hojalyk etraby bolup durýar. Ýerli daýhanlar, esasan, pagtany we bugdaýy ösdürip ýetişdirýär hem-de ony döwlete satýar. Emma, howa şertleriniň üýtgeýşiniň netijeleri ýüze çykyp başlanda, suwuň ýetmezçiligi we topragyň zaýalanmagy, ortaça temperaturanyň üýtgemegi, ygal we adatdan daşary howa ýagdaýlary (mysal üçin, yssylyk)  zerarly oba-hojalyk pudagy kynçylyklara sezewar boldy. Netijede, däneleriň ösüş derejesi peseldi, topragyň şorlulygy we ýerasty suwlaryň derejesi ýokarlandy. Şeýlelik bilen, howplary öňünden bilmek we olar boýunça çözgütleri tapmak üçin, daýhanlar has täze tehnologiýalary ulanmaly we howa şertleri boýunça maglumata bil baglamaly.    

BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Bütindünýä Ekologik gaznasy ýerli daýhanlar bilen 2017-nji ýylda işläp başlady. Ýerli ilatyň talaplary seljerilenden soň, taslama jemgyýetiň howa şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy we alternatiw maliýeleşdirme çeşmelerini tapmagy üpjün etmek üçin maslahat beriş hyzmatlaryny bermäge ünsüni jemledi. Karyahan ýaly adamlar oba-hojalygyň täze usullaryny girizmekde we ýerli ilat üçin täze çözgütleri tapmakda öňdebaryjy bolup durýar.

Şu gün Karyahan apa miweli agaçlary ösdürmek üçin 0,4 gektar ýeri kireýine alýar, taslamanyň goldaw bermegi bilen ol balyklary saklamak boýunça ykdysady işjeňligini hem giňeldýär, gowy hasyl almak üçin agaçlaryň talabalaýyk ýagdaýda ösdürilmegini üpjün edýär we on sany ýaş zenana tikin tikmek hem-de maşgala girdejilerini dolandyrmak boýunça maslahatlary berýär.

Karyahan apanyň bu ýagdaýy BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebitde işlemeginiň sebäplerini düşündirýär. Ol bize durnukly meýilleşdirmäniň hem-de howplary öňünden bilmegiň üsti bilen, ýeriň uly bolmadyk meýdanyndan girdeji alyp bolýandygyny we ykdysady işi baýlaşdyryp bolýandygyny görkezýär. Ondan başga-da, Karyahan apanyň gowy üýtgeşmelere ýetmäge we özüniň kiçi telekeçilik işiniň ösmegini üpjün etmäge okgunlydygy örän möhüm. Karyahan apa ýaly jemgyýetiň öňdebaryjylary biziň bar bolan kynçylyklara täsir etmek we has gowy geljegi gurmak ugrunda pikirleri ütgetmek we ýerli jemgyýetleri taýýarlamak boýunça tagallalarymyzda iň gowy hyzmatdaşlarymyz bolup durýar.