MESELELI SERHETLER: IKITARAPLAÝYN ATYŞYGYŇ ARASYNDA GALAN ERMENISTANYŇ SERHETDÄKI ILAT TOPARLARY TÄZE ÝAŞAÝYŞ ŞERTLERINE UÝGUNLAŞMALY BOLÝARLAR.

January 21, 2021

Original of the story is published at http://voyages.eurasia.undp.org/exposure/caught-in-the-crossfire-armenias-border-communities-reinvent-themselves

Okuw otaglarynda boş oturgyçlaryň hatarlary.

Ýaryna çenli kerpiç örülen penjireler.

Ermenistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Woskepar obasyna gelenleri garşylaýan görnüş.

Öňler, ajaýyp tokaýly daglary sebäpli bu ýer “Ermenistanyň kiçi Şweýsariýasy” ady bilen tanalýardy. Emma häzirki döwürde ýagdaýlar öňkisi ýaly däl.

"Öňler bu ýerde 300-e golaý okuwçy okaýardy,” – diýip,  oba mekdebiniň müdiri ýatlaýar. “Häzirki döwürde diňe 60-a golaý çaga hasaba alyndy, obada galan ilatyň aglaba bölegi garrylar. Emigrasiýa netijesinde, obanyň ilaty öňki ýagdaýyndan üçden iki esse azaldy.”

Howpsuzlyk ýagdaýy we goňşy Azerbaýjan bilen serhetdäki dowam edýän durnuksyzlyk ýagdaýy, infrastrukturanyň pesligi we ýaňy-ýaňy ösjek bolýan ykdysadyýet bu sebitdäki adamlaryň durmuşyna täsir etdi.

Armen Sahakýan we onuň maşgalasy düzgünsizlige eýýäm öwrenşipdirler. Olaryň obanyň eteginde ýerleşýän jaýynyň daşy ok deşiklerinden doly. Her gije gün ýaşanda, bular bardyklaryny bildirmejek bolup çyralary  öçürýärler, mergenler ok atyp başlanda bolsa telewizoryň sesini gataldýarlar. Çagalara bolsa goňşy obada feýerwerk bolýar diýip aýdýarlar.

Mundan birnäçe ýyl ozal, goňşularyny geň galdyryp, Armen Sahakýan obada özüniň hurma bagyny döretmek kararyna geldi. Bu ýerde ekeniň serhede golaý meýdanlarda ekeniňden has ygtybarlydy, sebäbi serhede golaý meýdanlarda işleýän daýhanlara iki tarapdanam ot astynda galmak howpy abanýardy.

Ähli kynçylyklara garamazdan, Armen we aýaly hurma agaçlaryny ösdürmek, çagalaryny bolsa ata-babalarynyň ýurdunda kemala getirmek maksat edinýärler. "Bu meniň watanym we men şu ýerde galmagy ýüregime düwdüm" – diýip, Armen aýdýar.

 

Häzirki howply ýagdaý, Tawuş welaýatynyň serhetýaka jemgyýetleriniň durmuşynyň ähli ugurlaryna täsir edýär. Bir wagtlar girdejili iş bolan mallary ösdürmek we gektar-gektar ýerleri özleşdirmek işleri, häzir howply ýagdaý sebäpli pese düşdi. Häzirki wagtda, maşgalalaryň köpüsi esasy girdeji çeşmesi hökmünde kiçi göwrümli oba hojalyk işleri bilen çäklenmeli bolýarlar.

Köp adamlar üçin bu ýerde galmak ýeke-täk göwnejaý çözgüt bolsa-da, beýlekiler üçin bu beýle däl. Bu aýalyň adamsy ýitirim boldy, indi onuň ýeke özi iki sany maýyp ogullaryny ösdürip, kemala getirmeli.

"Obanyň bu tarapynda hiç kim mal saklamaýar, diňe towuklarymyz bar" – diýip, ol aýal aýdýar. “Biziň göçüp gider ýaly pulumyz hem ýok. Ömrümiziň ýarysyny diýen ýaly howp astynda ýaşadyk. Ýaşlaryň hemmesi diýen ýaly bu ýerden gidýär. Bu jaýy meň adamym gurdy, ony gurmak üçin biz köp pul sarp etdik. Meni bu ýerde saklaýanam bu jaý ".

Galýanlar bolsa durumlydyr, olar nämälim geljege umytsyzlygyň deregine dolandyrmany öz eline alýarlar. Daýhanlar, işçiler we häkimler birleşmek kararyna geldiler. Olaryň duşuşyklary çaltlyk bilen durmuşlaryny gowulaşdyrmak baradaky pikirleriň döreýän we köpelýän ýerine öwrüldi. Olar ýyladyşhanalary döwrebap damjalaýyn suwaryş ulgamy bilen täzeden enjamlaşdyrmagy, traktorlary satyn almagy, mekdepleri we medeni merkezleri dikeltmegi teklip etdiler. BMGÖM-y tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalar üstünlik we goňşy jemgyýetlere ýaýradylmak mümkinçiligine esaslanyp saýlandy.

Tizara köçeler yşyklandyrylyp başlandy, täze çörek bişirilýän kärhana açyldy we täze döredilen dokma kärhanalaryna tikin maşynlary gowşuryldy.

Indi Woskepar obasynda ýerli öndürijileriň öz getiren çig mallaryny gaýtadan işläp berýän gaýtadan işleýän zawody hem bar. Ýyladyşhanalar ekerançylygy we oba hojalygyny ösdürmek üçin has ygtybarly hasaplanylýar.

Bu ýygnaklar we başlangyçlar diňe bir welaýatyň geljegi üçin däl-de, eýsem adamlara umyt berýän goldaw ulgamyny döretmek üçinem möhümdir.

 “Bilýärsiňizmi näme, hemişe durmuşyndan zeýrenip, aglap ýören baý adamlaram bar, edil şonuň ýaly-da, günde iýmäge diňe çörek tapýan, emma şonda-da özlerini bagtly duýýan adamlaram bar. Biz ikinji topara degişli adamlar. Bu biziň dogduk topragymyz, nähili şert bolsa-da biziň bu ýeri terk edip gitmek niýetimiz ýok. Biz gelejege umyt bilen garaýarys "- diýip, Armen ýylgyryp aýdýar.

Ähli suratlar: Jodi Hilton / BMGÖM Ermenistan

The original of this story is published at http://voyages.eurasia.undp.org/exposure/caught-in-the-crossfire-armenias-border-communities-reinvent-themselves