Howanyň üýtgemegine ýerli uýgunlaşmagyň hasabyna Daşoguzda we Lebapda durnuklylygy ýokarlandyrmak

October 9, 2020

Howanyň üýtgemegi oba hojalygynda goşmaça kynçylyklary döredýär. Öňünden bilmek kyn bolan suw ýetmezçiligi ýa-da ygalyň juda köp düşmegi, öň hasylly ýerleriň çölleşmegi, howa şertleriniň üýtgemegi daýhanlaryň öňlerinde goýlan meseleleri ýerine ýetirmeklerini kynlaşdyrýar. Netijede, daýhanlar oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini ekmek, ikilenç ekiş geçirmek, ekiş we hasyl ýygnamak möwsümini üýtgetmek, täze tehnologiýalardan peýdalanmak, oba hojalygynda çemeleşmeleri we pikirlenmegiň görnüşini üýtgetmek bilen  häzirki howa şertlerine uýgunlaşmaly bolýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça ýörite gaznanyň – Bütindünýä ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň  daýhanlarynyň howanyň üýtgemek şertlerine uýgunlaşmagyny goldaýan bilelikdäki taslamany durmuşa geçirýärler. Durmuşa geçirilen hereketler uzak gelejekde iki welaýatyň daýhan birleşikleriniň derejesinde azyk howpsuzlygyny üpjün eder.

BMG ÖM / BEG taslamasynyň ýolbaşçysy Amangül Öwezberdiýewa şeýle gürrüň berýär:  –  «Biz işiň iň başynda Lebap we Daşoguz welaýatlarynda saýlanylan daýhan birleşikleriň daýhanlary bilen maslahatlaşmalara uly üns berdik. Olaryň birnäçesi üçin ekinleri ösdürip ýetişdirmek we hasyly ýygnamak kyndygy, şol wagtda-da birnäçesinde bolsa hasyl ýygnamakda mesele bolmasada, alnan hasylyň artykmaç bölegini saklap bilmeýändikleri bize aýan boldy».

Daşoguz welaýatyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalygynda daýhanlar özleriniň mellek ýerlerinde dürli ir-iýmiş we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýärler. Ýygnalan hasyl ýylyň bütin dowamynda maşga agzalaryň we ýerli jemgyýetiň azyk howpsuzlygyny üpjün edýär. Emma howa şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly mundan 10 ýyl ozal bolşy ýaly, mellek ýerlerinden alnan hasyl esasy girdeji bolmagyny bes etdi we öý hojalygynyň çäginde olar maldarçylyk bilen çalşyldy.

BMG ÖM / BEG taslamasy 2018-nji ýyldan başlap Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky oba hojalyk maglumat merkezlerinde türgenleşikleri geçirdi we howanyň üýtgemek şertlerinde oba hojalygynda täze oba hojalyk tehnologiýalaryny we innowasiýalary görkezdi. Mundan başga-da täze tehnologiýalary ulanmagy we olaryň artykmaçlyklaryny görkezmek üçin taslamanyň çäklerinde her welaýatda daýhan birleşiginiň edara binasynyň ýanynda ýyladyşhanalary gurmak karara gelindi.

«Her ýyladyşhanada 2-3 adam işlär. Biz daýhanlaryň öz saýlan azyk önümlerini öndürmegi meýilleşdirýäris» – diýip Lebap welaýatyndan ýerli utgaşdyryjy Myrat Huseýinow düşündirýär.

«Daşoguz welaýatynda pomidor we hyýar, emma Lebap welaýatynda bolsa gelejekde ýerli ilatyň arasynda ýaýratmak üçin dürli gök ekinleriniň şitillerini ösdürip ýetişdirmek karara gelindi. Bize entek, gurluşygyň gutarmagyna we ilkinji hasyly almaga ýene garaşmak gerek, ýöne biz häzirki howa şertlerinde oba hojalygynda ýyladyşhanalaryň alternatiw girdeji çeşmesini emele getirýändigini we daýhan birleşikleri üçin maliýe we azyk durnuklylygyny üpjün edýändigini görkezjekdigimize ynanýarys».

Beýleki tarapdan taslamanyň oba hojalyk merkezinde okuw geçen birnäçe daýhanlar öz ekin meýdanlaryndan ýeterlik hasyl almagy başardylar we jemgyýetiň agzalaryna ýygnalan hasyly ýerleşdirmek meselesi boýunça çözgüdi teklip edip işlerini dowam etdirdiler. Lebap welaýatyndaky «Watan» we «Parahat» daýhan birleşikleriniň daýhanlary köplenç suw joşmalaryndan we gelejekde ýerli bazara paýlamak üçin ýygnalan hasyly saklamak mümkinçiliginiň ýoklygyndan kösenýärler.

«Men oba hojalyk pudagynda resmi işimden pensiýa çykanymdan soňra, öz maşgalama durnukly girdejini üpjün etmek üçin, gök ekinlerini we ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek maksady bilen 0,4 ga ýeri kärendä almak kararyna geldim. Ýöne bu meniň pikir edişimden örän kyn bolup çykdy» – diýip dört çaganyň ejesi Karýahan apa ýatlaýar. Karýahan entäk öz ýer bölegini  özleşdirýänçä ol özüniň we beýleki daýhanlaryň ýygnan hasylyny saklamak meselesiniň ýüze çykýandygyny duýdy. Ol tomus möwsüminde bazarda satylmadyk gök ekinlerini we ir-iýmişler çüýreýändigine, munda bolsa esasy girdejiniň ýitirilýändigine düşündi.

Öň Karýahan taslamadan maslahat beriş kömegini aldy we grant  boýunça türgenleşige gatnaşmak netijä geldi. Soňra ol grant kömegini almak üçin arza berdi we onuň «Parahat» daýhan birleşiginde ýygnalan hasyly saklamak üçin  gök ekinler we ir-iýmişler ambaryny gurmak teklibi topar tarapyndan goldanyldy. Gök ekinler we ir-iýmişler ambary (60m2) 2020-nji ýylda guruldy we häzirki wagtda 600-den gowrak ýakyndaky öý hojalyklara hyzmat edýär.

«Gök ekinler we ir-iýmişler ambary bize ýygnalan hasyly saklamaga we olary ýylyň dowamynda satmaga mümkinçilik döredýär. Şonuň üçin biz indi pulumyzy ýitirmeýäris we söwdamyzy ýylyň dowamynda meýilleşdirip bilýäris» - diýip Karýahan apa gürrüň berýär.

«Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» atly bilelikldäki taslama Lebap we Daşoguz welaýatlarynda 6 sany daýhan birleşiklerinde we 2 sany maldarçylyk hojalyklarynda dowam etdirilýär. Taslamanyň çäklerinde ýerli ýolbaşçylar bilen bilelikde we ýerli daýhanlar we maldarlar bilen maslahatlaşykdan soňra gurakçylyk we suw joşmasy, çölleşmek we çalt üýtgeýän howa şertleri ýaly howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňip geçmäge ýardam edýän ýerli uýgunlaşma meýilnamasy işlenilip düzüldi.

Taslama ýerli jemgyýetiň taslamalaryny goldamak üçin grant kömeklerini teklip etmegi dowam etdirýär.

Starting from 2018, UNDP/GEF project offered trainings in the agri-consulting centers of the joint project in Dashoguz and Lebap regions on new agricultural technologies and innovative farming under the conditions of climate change. Further, the project started construction of the greenhouses in each region next to the administrative office of the farmers’ unions to demonstrate the use of new technologies and their advantages.

“Each greenhouse is going to employ 2-3 local people, which would provide jobs for the local community members. We are going to grow crops selected by the farmers themselves,” explains Murad Husayinov, local coordinator from the Lebap region. “It was decided to grow tomatoes and cucumbers in Dashoguz, and seedlings of different vegetables and plants for further dissemination among the residents in Lebap. We still need to wait some time to complete the construction and receive the first crop, but we are sure that we will be able to demonstrate that greenhouses in farming under the current climatic conditions ensure alternative source of income from the household plots, offer financial and food self-sufficiency for the local farmers.”

On the other hand, some farmers, who underwent advanced trainings through the agro centers of the project were able to receive sufficient amount of yields from their plots and went further with providing solutions to preserving the collected crops for the community members.  In Lebap region, farmers in “Watan” and “Parahat” farmers’ unions often suffer from flooding and inability to store the received crops for further distribution to the local markets.

“After retiring from the official job in the agricultural sphere, I decided to lend 0,4 ha and grow vegetables and fruits to provide sustainable income for my family. However, it turned out to be harder than I thought,” remembers Karyahan apa, mother of 4. While Karyahan was developing her own plot of land, she observed a problem of storing the received yield of her own and of the fellow farmers. She realized that the vegetables and fruits, which were not sold on the market on summer season rotten and it meant that the potential income was lost.

In the past, Karyahan received consultative support from the joint project, and decided to attend the training on the grant proposal writing. She then applied for the grant and her proposal to construct a vegetable storage house for storage of the received yield in “Parahat” union was approved by the panel. The vegetable storage house of 60m2 was constructed in the summer of 2020 and now benefits around 600 surrounding households.

              
     
 

“This storage house allows us to store the received yield and sell it throughout the year. So, we now do not lose the money and can plan selling throughout the year,” says Karyahan apa.

The joint project “Supporting climate resilient livelihoods in agricultural communities in drought-prone areas of Turkmenistan” supports 6 farmers’ unions and 2 cattle farms in Lebap and Dashoguz regions. The project together with the local administration and in consultation with the farmers and cattle breeders has developed local adaptation plans, which help overcome the effects of climate change, such as drought and flooding, desertification and rapidly changing weather conditions, and continues to offer grants to viable community support proposals.