BMGÖM “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin jemgyýetiň durnuklylygyny we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” taslamany durmuşa geçirýär. Taslama dürli agyr durmuş ýagdaýlaryny, esasan hem, käbir ýaşlaryň arasynda radikallaşma töwekgelçiligine sebäp bolýan işsizligi başdan geçirýän ýaşlara gönükdirilýär. Şeýle hem bu taslama daşary ýurtdaky ýokary okuw mekdeplerini tamamlan we käbir sebäplere görä uzak wagtlap işsiz bolan ýaşlara uly goldaw berýär.

Köp gatnaşyjylar üçin BMGÖM-iň taslamasy hünäri ösdürmekde gollanma hökmünde hyzmat edýär, köplenç, käbir hünär ukyplaryny ösdürmäge, ilkinji işe durmaga ýa-da gazanç edip başlamaga ýardam edýär. Ýolbaşçylyk ukyplaryny ösdürmegiň üsti bilen, taslama gatnaşyjylaryň öz-özüne bolan hormatyny ýokarlandyrýar, telekeçiligi ösdürmek ugrunda bilim berýär we özbaşdak işlemäge ýardam berýär. Mysal üçin, Gubadagly Aman okuwlara gatnaşyp Gubadagda döwrebap awtoulaglar üçin ilkinji ýangyç guýuş nokadyny açdy.

Üstünlik barada maglumat elmydama oňyn surat görkezýän bolsa-da, taslama toparynyň ägirt uly işi görünmän galýar. Bu gün biz taslama çärelerini beýleki tarapdan görkezmegi isleýäris.

Taslamada Türkmenistanyň ähli bäş welaýatynda we Aşgabat şäherinde alty sany kömekçi işleýär. Taslamadan peýdalanýanlar üçin täze iş, täze başarnyklar bilen üpjün edilişi ýaly, taslamanyň kömekçileri hem öňki tussaglar we ilkinji gezek ykdysady we maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýaşlar ýaly ejiz ýaşlar toparlary bilen duş geldiler. Alty sany kömekçiniň hemmesi düýbünden täze taslamany we onuň maksatlaryny ýaşlaryň we ýerli dolandyryşyň arasynda öňe sürdiler. BMGÖM-iň işgärleriniň taslamanyň maksatlaryny işläp düzmek we öňe sürmek höwesi we islegi sebäpli, BMGÖM işini üstünlikli başlady we durmuşa geçirdi.

Daşoguz welaýatyndaky kömekçi Käbiş Hydyrowa Türkmenistanda ejiz ýaşlaryň köpüsini hereket etmäge itergi berdi we her bir agyr ýagdaýda aýratyn çözgütleri hödürledi.

Kabish Hydyrova, an assistant in Dashoguz velayat, mobilized the largest number of vulnerable youths in Turkmenistan and offered individual solutions for each difficult case. “Ilkibaşda işimiz haýaldy, sebäbi taslama gatnaşyjylaryň ýerli derejede ynamyny gazanmalydy. Ýaşlary tapmak we olary näme üçin çagyrýandygymyzy, haýsy okuwlary geçirýändigimizi düşündirmek gaty kyn boldy. Şeýle hem taslama üçin hyzmatdaşlary tapmak we olar bilen iş gurmak zerurdy” – diýip, Käbiş aýtdy. “Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasy, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň iş bilen üpjünçilik bölümleri, hususy kompaniýalar we beýlekiler bilen işjeň derejede işleýäris. Bizi tanaýarlar, biz hakda gürrüň edýärler we ýaşlaryň özleri bize gelýärler.”

BMGÖM -da işlemek biziň kömekçilerimiz üçin ilkinji iş bolmasa-da, ol ýaşlara täze hünär tapmaga we täze ukyplary ösdürmäge ýardam etdi. Mysal üçin, Mary welaýatyndan Ýunus Kösekow dawanyň we zorlugyň öňüni almak boýunça tälimçi hökmünde tejribe gazandy.

“Men ýaşlar bilen işleşýärdim, ýöne zorluk we radikallaşma meselelerine ilkinji gezek taslamanyň üstünde işläp başlanymda duşdum. Görnüşi ýaly, men bu temany açmaga we adamlar üçin okuwlary geçirmäge ökde bolup çykdym. Soňra, taslama boýunça Polşada tälim aldym we taslamamyzyň maksatlaýyn topary üçin Türkmenistanda okuwlary geçirip başladym” – diýip, Ýunus aýtdy.

 

Dürli taslama çärelerini alyp barýan döwürleri, hünärmenlerimiz gatnaşyjylaryň agressiýa görkezmegi ýa-da taslamanyň maksatlaryna ynanmazlygy bilen baglanyşykly dürli ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şeýle ýagdaýlarda taslamanyň hünärmenleri gatnaşyjylaryň ýagdaýyna düşünmäge we ýüze çykan ýagdaýa gapma-garşylyksyz çözgüt tapmaga synanyşýarlar. Ýerli ösüşiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, gowşak ýaşlar toparlary bilen işlemegiň köpüsi üçin ilkinji tejribe bolandygyna garamazdan, kömekçiler ýüze çykan ýagdaýlary çözmäge we taslamanyň maksatlaryny öňe sürmäge ýardam berýän dürli çözgütleri tapýarlar.

“Bir gyz bilen tanyşanymyzda bir ýagdaý boldy, geliň, oňa Altynaý diýip at bereliň. Onuň maýyplygy bolan ejesi, tussaghanadan ýaňy gaýdyp gelen oglan jigisi we ýaş çagasy bardy. Olaryň hiç biri işlemeýärdi we Altynaý tutuş maşgalanyň umyt edýän ýeke-täk adamydy. Okuwlarymyza başlanymyzda, Altynaý, oňa ähli meseleleri çözmegine ýardam etjek gyssagly işe garaşypdy. Şeýle-de bolsa, biz onuň özi we onuň durmuşy bilen tanyş däldik. Okuwyň başynda, tanyşlyk döwründe Altynaý “Men bu ýere oýun oýnamaga gelmedim” sözleri bilen okuwy terk etmegi isledi” - diýip, Lebap welaýatyndan Şöhrat Babamyradow ýatlaýar.

Taslama topary Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň taslama hyzmatdaşlary, Lebap welaýatynyň ýerli dolandyryşy we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Iş bilen üpjünçilik bölümi bilen bilelikde Altynaýyň durmuşdaky kynçylyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin onuň bilen aýratyn duşuşyk geçirdi. Altynaýa özbaşdak işlemek üçin şert döretmek arkaly iş bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdi teklip edildi.

“Biz Altynaýyň ýagdaýyny, başarnyklaryny we köýnek tikmegi öwrenmek islegini seljerdik. Biz Altynaýa kesmek we tikmek boýunça tälim almagy teklip etdik we oňa özbaşdak işlemek üçin mümkinçilik döredýän tikin maşynyny satyn aldyk” – diýip, Şöhrat aýtdy. Häzirki wagtda ol eýýäm tikinçilik okuwlaryny tamamlady we maşgalasy we joralary üçin ilkinji köýnekleri tikip başlady.

Bar bolan mümkinçilikleriň we zerurlyklaryň derňewi BMGÖM-iň taslamasynyň üstünlik gazanmagynyň esasydyr. Mysal üçin, taslama topary Daşoguzdaky ýerli hünärmençilik mekdebinde makiýaž sungaty, saça timar bermek ýaly täze dersleri girizmegi we tikin okuwynyň möhletini gysgaltmagy teklip etdi. Gowşak ýaşlar toparlarynyň aýratynlyklaryny we durmuş ýagdaýyny göz öňünde tutup, taslamanyň milli hyzmatdaşlary welaýatlarda hünärmençilik mekdeplerinde täze dersleri girizmek boýunça ýardam berdiler.

Bu taslamanyň gazananlarynyň diňe ujypsyzja bölegi; şeýle-de bolsa, toparyň ýaşlar üçin ykdysady mümkinçiliklerini ösdürmäge nähili goşant goşýanyny görkezmek biziň üçin gaty möhümdir.

Taslamanyň üstünlikleri barada has giňişleýin maglumaty biziň websaýtymyzda we jemgyýetçilik torlarymyzda okaň.

Icon of SDG 01 Icon of SDG 10

UNDP BMGÖM dünýäde

Siz... UNDP Türkmenistan 
...üstine gitmek UNDP Global

A

Afganistan Albaniýa Alžir Angola Argentina Armeniýa Azerbeýjan

B

Bahreýn Bangladeş Barbados Belarussiýa Beliz Benin Boliwiýa Bosniýa we Gersegowina Botswana Braziliýa Burkina Faso Burundi Butan

Ç

Çad Respublikasy Çili

D

Demirgazyk Makedoniýa Dominikan Respublikasy

E

Efiopiýa Ekwador Ekwatorial Gwineýa El Salwador Eritreýa Eswatini Eyran

F

Filippinler

G

Gabon Gaiti Gambiýa Gana Gazagystan Gonduras Gruziýa Günorta Afrika Günorta Sudan Guýana Gwatemala Gwineýa Gwineýa-Bisau Gyrgyzstan

H

Hindistan Hytaý Halk Respublikasy

I

Indoneziýa Iordaniýa

J

Jibuti

K

Kabo Werde Kamboja Kamerun Keniýa Kipr Kolumbiýa Komorlar adalar Kongo Demokratik Respublikasy Kongo Respublikasy Koreýa Halk Demokratik Respublikasy Kosowo Kosta Rika Kot d'Iwuar Kuba Kuweýt

L

Laos Demokratik Respublikasy Lesoto Liberiýa Libiýa Liwan

M

Madagaskar Malawi Malaýziýa Maldiwler Mali Marokko Mawritaniýa Mawritis we Seýşel adalary Meksika Merkezi Afrika Respublikasy Moldowa Mongoliýa Montenegro Mozambik Müsür Mýanma

N

Namibiýa Nepal Niger Nigeriýa Nikaragua

O

Okeaniýanyň edarasy

Ö

Özbegistan

P

Pakistan Palestinanyň halkyna kömek maksatnamasy Panama Papua Täze Gwineýa Paragwaý Peru

R

Ruanda

S

Samoa (Köp ýurtly edara) San Tomé we Prinsipi Saud Arabystany Senegal Serbiýa Siriýa Somali

Ş

Şri-Lanka

S

Sudan Surinam Sýerra Leone

T

Täjigistan Tanzaniýa Taýland Timor-Leste Togo Trinidad we Tobago Tunis Türkiýe Türkmenistan

U

Uganda Ukraina Urugwaý

W

Wenesuela Wýetnam

Ý

Ýamaýka Ýemen

Y

Yrak

Z

Zambiýa Zimbabwe