Seýsmiki töwekgelçiligi bahalandyrmak, bolup biljek ýer titremeleriniň öňüni almak we olara garşy göreşmek üçin milli mümkinçilikleri güýçlendirmek

Seýsmiki töwekgelçiligi bahalandyrmak, bolup biljek ýer titremeleriniň öňüni almak we olara garşy göreşmek üçin milli mümkinçilikleri güýçlendirmek

Türkmenistan diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem dünýäde hem seýsmiki taýdan iň howply ýerde ýerleşýän ýurtlaryň biri bolup durýar. Ylmy barlaglar Türkmenistan bilen Eýranyň araçäginde ýerleşen  Köpetdag dag ulgamynyň ýokary seýsmiki işjeňlige eýedigini görkezýär.  Bu, hususan-da, 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen 7,3 ball güýji bolan weýran ediji ýer titreme hem tassyklaýar, şonuň netijesinde ýerli ilatyň 80%-e golaýy gurban boldy. Seýsmiki howplulyk Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty tarapyndan tassyklanyp, bu Institut ýer gabygyna seýsmiki gözegçiligiň netijesinde her ýyl 6000-e golaý seýsmiki wakalary bellige alýar.  

Türkmenistanyň ösüş maksatlaryny doly durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti ýurta tebigy we tehnogen häsiýetli bolup biljek adatdan daşary ýagdaýlarda ýurduň has durnukly bolmagyna mümkinçilik döretmek maksadyna gönükdirilen gün tertibini işläp düzmäge girişdi. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Hökümeti we BMGÖM ýurtda tebigy betbagtçylyk töwekgelçiliklerini dolandyrmak mümkinçiligini artdyrmak üçin tagallalary strategik birleşdirmek hakynda ylalyşyk gazandylar.

Taslamanyň esasy maksady seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermek, şeýle hem mümkin bolan ýer titremeleriň we olar bilen baglanyşykly kaskad adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we oňa baş galdyrmak boýunça ýurduň mümkinçiligini güýçlendirmek bolup durýar. Synag işleri Aşgabat şäherinde geçiriler, soňra üstünlikli tejribeler we çemeleşmeler Türkmenistanyň seýsmiki töwekgelçilikleriň täsirinde bolan beýleki ilatly ýerlerinde hem ulanylar.

Biziň maksatlarymyz

Komponent 1: Betbagtçylyklar töwekgelçiligini öwrenmek

Komponent 2: Betbagtçylyklar töwekgelçiligini azaltmak maksady bilen Betbagtçylyk töwekgelçiligini dolandyryş ulgamlaryny pugtalandyrmak

Komponent 3: Durnuklylygy gazanmak üçin betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak boýunça işe maýa goýumlar

Komponent 4: Dessin jogap bermek maksady bilen betbagtçylyklara taýýarlygy ýokarlandyrmak, şeýle hem „öňküsindern has gowy“ ýörelgesi esasynda gaýtadan dikeltmek, reabilitasiýa we durkuny täzelemek.

Gender deňligi meselelerini çözmek

BMGÖM, gender deňligi bilen betbagtçylyga garşy durnuklylygyň arasyndaky berk baglanyşygy hem-de DÖM-yna ýetmekde bu baglanyşygyň ähmiýetiniň ulydygyny ykrar edýär.

Statistika geň galdyrýar; tebigy betbagtçylyk ýüze çykanda zenanlaryň we çagalar ölmek ähtimallygy erkekleriňkiden 14 esse köpdür [1]. Mundan başga-da, ykdysady nukdaýnazardan seredeniňde, tebigy betbagtçylyklar hemmelere ýaramaz täsir edýär, ýöne zenanlar deňsiz bähbitsizlik ýagdaýynda bolup durýarlar.

Gender deňligini ýokarlandyrmak ýurtlaryň tebigy betbagtçylyklara has çydamlylygyny ýokarlandyrmak üçin möhümdir. Jemgyýetiň ähli pudaklarynda bar bolan gender deňsizligi zenanlaryň betbagtçylyk töwekgelçiligine täsirine düşmegini ýokarlandyrýar we şeýlelik bilen tutuş jemgyýetleriň durnuklylygyny gowşadýar.

Betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmakda zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi jemgyýetiň durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Zenanlaryň we erkekleriň betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak (BTA) we dikeldiş strategiýalarynda we maksatnamalarynda sesleri, zerurlyklary we tejribeleri deň derejede göz öňünde tutulmalydyr. Erkekleriň we zenanlaryň seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermek, şeýle hem bolup biljek ýer titremeleriniň we kaskadly adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olara garşy göreşmek ukybyny ösdürmek möhümdir.

Tebigy betbagtçylyk töwekgelçiligi barada habardarlygy we täsirli çärelere hem-de dikeldiş işlerine taýýarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen, taslama aýal-gyzlaryň mümkinçiliklerini ösdürmek çärelerine gatnaşmagyny üpjün eder, şeýlelik bilen erkerleriň we zenanlaryň taslamanyň netijeleriniň bähbitlerini deň derejede düşünmegi üçin, ýerli jemgyýetleriň ekologiki durnuklylygyny üpjün etmek bilen gender faktorlaryny göz öňünde tutup betbagtçylyklardan soň dikeldişi üpjün etmek üçin.

Taslamasynyň çäginde, gyzyklanýan taraplaryň gender bilen klimatyň üýtgemeginiň arasyndaky aragatnaşyk barada bilimlerini artdyrmagy maksat edinýär we gender aspektleriniň girizilmegi üçin potensialyň we adam hukularyna daýanýan durnuklylygy üpjün etmek boýunça işiň ösdürilimegini goldar.

Impact

START DATE

January 2018

END DATE

December 2023

STATUS

Completed

PROJECT OFFICE

Turkmenistan

IMPLEMENTING PARTNER

Institute of Seismology

DONORS

GOVERNMENT OF TURKMENISTAN

UNITED NATIONS DEVELOPMENT PROGRAMME

Unspecified

TOTAL CONTRIBUTIONS

$2,301,453

DELIVERY IN PREVIOUS YEARS

2018$43,194

2019$239,325

2020$484,150

2021$232,328

2022$330,291

2023$16,633

2024$79

Full Project information