Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň platformasy

Taslama barada

Bu taslama Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegini dolandyrmagy we gözegçilik etmegi amala aşyrmak boýunça jogapkär edara hökmünde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň mümkinçiliklerini güýçlendirmäge gönükdirilendir. Taslamanyň çäklerinde DÖM boýunça statistika hasabatlylygy bermek boýunça öňdebaryjy edara hökmünde Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetine hem ýardam berler. Taslama indiki bölekleri öz içine alar: 1) DÖM-y dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek we ol boýunça milli hasabatyň taýýarlanmagyna ýardam bermek; 2) DÖM-y milli maksatnamalaryň ösüşine we maliýe meýilnamalara ornaşdyrmakda kuwwatyny ýokarlandyrmak; 3) DÖM-y boýunça maglumatlar binýadyny döretmek we milli statistiki kuwwaty ýokarlandyrmak;

Şu taslama BMG-nyň beýleki agentlikleriniň Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we edaralary bilen olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde işlemegini integrirlemek we utgaşdyrmak üçin platforma bolup hyzmat eder.