Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak

Taslama näme barada

Türkmenistanyň milli hasaplar ulgamy häzirki wagtda  şu aşakdaky hasaplary öz içine alyp, olar boýunça  hasaplaryň usulýet esasy MHU 1993 usulýetine laýyklykda üpjün edilendir.

•        önümçilik hasaby;

•        girdejileri emele getirýän hasap;

•        başlangyç girdejileri paýlaýan hasap;

•        girdejini gaýtadan paýlaýan hasap;

•        ygtyýarynda bar bolan girdejiniň ulanylyş hasaby;

•        kapital bilen baglanşykly amallaryň hasaby;

•        daşary ykdysady gatnaşyklar hasaby.

Milli hasaplaryň gurluşynyň çäklerinde jemi içerki önümiň we beýleki möhüm makroykdysady agregatlaryň aýlyk,  çärýek we ýyllyk hasaplary, şeýle-de MHU 1993 usulýeti boýunça  önümçilik usuly bilen jemi sebitleýin önümiň ýyllyk hasaplary geçirilýär.

Esasy milli hasaplaryň gurluşy Türkmenistanyň statistikasynyň ýeten ähmiýetli üstünligi bolup durýar, emma  häzirki  wagtda ýurtlaryň köpüsi  BMG-niň maslahaty bilen  MHU 2008 usulýet görnüşine geçdi ýa-da geçişi amala aşyrýar. MHU 2008 usulýet görnüşi MHU 1993 usulýetiniň  esasy konsepsiýalaryny, kesgitlemelerini we klassifikasiýasyny gorap saklaýar, emma şonuň bilen birlikde milli statistika gulluklarynyň duş  gelýän  meselelerini çözmek üçin zerurlyk bolup durýan görkezijileriň birnäçesini hasaplamak üçin täze metodologiki usullaryň birnäçesini hem girizlýär.

Hususan hem BMG-niň 2030-nji ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşiň Gün  tertibini kabul  etmegi bilen baglylykda durnukly ösüşiň çäklerinde goýlan maksatlar, şol sanda onuň bilen bagly wezipeler we görkezijiler bilen birlikde ölçeg, gözegçilik geçirmek we hasabat bermek ugrunda milli statistiki mümkinçilikleri berkitmek zerurlygy ýüze çykýar. 17  belgili maksat 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň amala aşyrylmagy üçin  serişdeleriň  pugtalandyrylmagyna degişli bolandygy anykdyr. 17 belgili maksat bolsa ýokary hilli, girdeji derejesi  boýunça jikme-jik beýan edilen, gender degişliligi, jynsy,  milleti, migrasion ýagdaýy, maýyplygy, geografiki ýerleşişi  we milli şertleriň hasaba alynmagy bilen ähmiýetli hasaplanýan beýleki häsiýetleri boýunça aktual we  anyk maglumatlaryň  elýeterliligini ähmiýetli derejede ýokarlandyrmakda mümkinçilikleri artdyrmaga gönükdirilen.

Biz näme etmegi maksat edinýäris

1) MHU 2008-ň girizmegiň milli maksatnamasynyň ylalaşylmagy we milli statistiki ulgamyny utgaşdyrmagyň institusional gurallarynyň kesgitlenmegi;

2) Taslama, şeýle hem, Türkmenstat we beýleki pudaklaýyn edaralaryň arasynda düşünişmek Memorandumlary ýaly bar bolan we täze çarçuwaly şertnamalary täzelemäge kömek etmegi;

3) Taslama, milli statistika ulgamynyň ösüşiniň umumy orta möhletli strategiýasyna 2008-nji ýylyň MHU-ny ornaşdyrmak boýunça çäreleriň goşulmagyna goşant goşar;

4) Statistiki klassifikasiýlaryň ulgamyny kämilleşdirmek, şol sanda  boýunça teklipleriň taýýarlanmagy, goşmak bilen halkara standart klassifikasiýalaryny, şol sanda ykdysady işjeňligiň klassifikasiýalaryny, esasy önümleriň klassifikasiýasyny we institusional pudaklaryň klassifikasiýalaryny ulanyşynyň tejrebesini öwrenmek arkaly gazanylar;

5) Işewürlik-registriň (biznes-registr) MHU 2008-ň talaplaryna uýgunlaşdyrylmagy:

- Halkara hünärmenleri bilen maslahatlaşmalary geçirmek,

- Hasaba alyş sanawlaryny gowulandyrmak üçin zerur amaly çäreleri geçirmek, şeýle hem merkezi edaranyň we Türkmenstatyň welaýat bölümleriniň işgärlerini täzelenen registrler bilen işlemek boýunça taýýarlamak,

6) MHU 2008-ň talaplaryna laýyklykda Türkmenistanyň milli hasaplarynyň  usulýet (metologiki), maglumat we kadr mümkinçilikleriniň güýçlendirilmegi;

7) Türkmenistanyň milli hasaplarynyň gurluşyny üpjün edýän ITK mümkinçiliginiň güýçlendirilmegi

Impact

START DATE

August 2018

END DATE

April 2023

STATUS

Completed

PROJECT OFFICE

Turkmenistan

IMPLEMENTING PARTNER

State Committee on Statistics

DONORS

GOVERNMENT OF TURKMENISTAN

UNITED NATIONS DEVELOPMENT PROGRAMME

TOTAL CONTRIBUTIONS

$929,855

DELIVERY IN PREVIOUS YEARS

2018$12,383

2019$158,252

2020$87,364

2021$104,166

2022$164,538

2023$6,362

Full Project information