“Energiýany tygşytly peýdalanmak we Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin gaýtadan dikeldilýan energiýa serişdeleri”

 

Taslama barada

Türkmenistanyň yssy hem-de gurak şertlerinde suw serişdeleriniň dolandyrylşy ykdysadyýetiň iň bir möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Suwuň umumy sarp edilişiniň 90-dan gowurak göterimi kop halatda könelşen we gereginden artyk mukdarda energiýa serişdelerini harçlaýan infrastruktura arkaly amala aşyrylýan suwarymly oba hojalygynyň paýýyna düşýär.

Ortaça alanyňda suwuň takmynan 50 göterimi derýadan alynýan ýerinden suwaryljak meýdana akdyrylýan ýoly ugrunda ýitýär.

Şeýle hem, suw serişdeleriniň doldandyrylşy Türkmenistanda örän möhüm wezipeleriň arasynda bolmak bilen birlikde, ýerleriň zaýalanmagy bilen baglanşykly meseleleriň göniden-göni sebabi we şol bir wagtyň özünde hem mümkin bolan çözgütleriň hem biri bolup durýar.

Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, maýa goýumlaryny goýmak we ýurduň suw dolandyryş syýasatyny özgertmeklik arkaly bu taslama energiýany we suwy tygşytlaýan, ýerleriň zaýalanmagynyň düýp sebäplerini ortadan aýyrýan, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beyläk hem ösdurjek we döwlet tararyndan berilýän hyzmatlaryň hilini has-da gowulandyrjak suw dolandyryşyna toplumlaýyn çemeleşmegi öňe sürmäge gönükdirilendir.

Taslamanyň esasy maksatlary Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beyläk hem ösdurmek we gowulandyrmak üçin ýeterlik we ekologiýa taýdan durnukly suw üpjünçiligi; suw serişdelerini dolandyrmak bilen baglanyşykly emele gelýan ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak; topraklaryň şorlanmagynyň öňüni almak we şorlaşan topraklary dikeltmekden ybarat bolup durýar.

Taslama dürli ugurlarda birnäçe oňyn netijeleri gazanmak maksady bilen suw baýlyklaryny dolandyrmak, energiýanyň sarp edilşi, ýerleriň zaýalanmagy (topragyň şorlaşmagy) we oba hojalyk önümçiligi bilen baglanşykly ýüze çykýan meseleleri toplumlaýyn çäreler geçirmeklik arkaly çözmekligi maksat edinýär.

Netijede suw serişdelerini dolandyrmagyň kämilleşdirilmegi diňe bir suwuň elýeterliligine däl, eýsem energiýanyň ep-esli tygşytlamagyna, ýyladyşhana gazlarynyň zyňyldylarynyň we ýerleriň şorlaşmagynyň azalmagyna getirer.

Suw baýlyklaryny dolandyrmakda gaýtadan dikeldilýän energiýa çözgütleriniň ulanylmagy diňe bir ýyladyşhana gazlarynyň zyňyldylarynyň azalmagyna däl-de, eýsem uzakdaky ilatly ýerlerde suwuň elýeterligini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Şeýle toplumlaýyn çemeleşme iş ýüzünde ulanylyp we ilkibaşda Ahal welaýatynyň belli bir künjeklerinde tehniki taýdan subut edilip, soňra beýleki welaýatlarda hem ulanylmagyny meýilleşdirmek we ýurt derejesinde goldamaklyk şeýle hem maýa goýumlaryny goýmaklyk arkaly durmuşa geçiriler.

Biziň öňümizde goýan maksatlarymyz

1-nji Ugur: Energiýa hem-de suwuň tygşytlanmagyny gazanmak we ýerleri serişdelerini durnukly dolandyrmak (ÝSDD) maksady bilen suw sorujylary ulanylýan suwarymly oba hojalygyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak.

Taslamanyň birinji bölegi üç sany esasy maksatlaýyn netijäni gazanmaga gönükdirilendir:

  • Degişli ugurda milli bilim binýadyny kämilleşdirmek we suw dolandyryş pudagynda işleýan hünärmenlere we daýhalara meýdanlary suwaryş usullary, gün energiýasy bilen işleýän suw sorujylar we suw arassalaýjy enjamlar ýaly tehnologiýalar babatynda döwrebap tehniki maglumatlary dykgatyna ýetirmek.
  • Suw serişdelerini dolandyrylşyna toplumlaýýyn çemeleşmeklik babatynda maliýe taýdan baha berlen täze tilsimatlar işläp taýýarlanylan we meýilleşdirmek üçin ornaşdyrylan we işe girizilen, suw sorujylaryna tehniki taýdan hyzmat bermeklik şeýle hem gun energiýasynda işleýän suwy geçiriş we arassalaýjy enjamlar ulanylýar.
  • Saýlanan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde energiýa we suw serişdelerini tygşytlamak we ýerleriň zaýalanmagyny peseltmek.      

2-nji Ugur: Täze, giňeldilen we netijeli suw infrastrukturasyna maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak.

Taslamanyň ikinji ugry esasan suw serişdelerini dolandyryş infrastrukturasynyň özgerdilmegine maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmaga gönükdirilendir. Ol iki sany degişli netijäni gazanmagy maksat edinýär:

  • Şäher suw üpjünçiligi boýunça iri möçberli infrastruktura taslamasyna maýa goýumlaryny goýmaklyk arkaly suw ýitgilerini we onuň bilen gönüden-göni baglanşykly energiýa sarp edilişini azaltmak.
  • Suw ýitgilerini we onuň bilen gönüden-göni baglanşykly energiýa sarp edilişini azaltmak we ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen mundan beýläk hem akabalaryň örtülmegine ýa-da beýleki giňden ýaýbaňlaşdyrylan infrastuktura taýdan özgertmelere maýa goýumlaryny goýmaklyk üçin tehniki, ekologiki we maliýe taýdan esaslandyrma.

3-nji Ugur: Daýhanlaryň we suw pudagynyň taslaýjylarydyr ýolbaşçylarynyň arasynda suw serişdeleriniň toplumlaýyn dolandyrylşy (SSTD) we ýer serişdeleriniň durnukly dolandyrylşy (ÝSDD) boýunça ýerli we sebitleýin meýilnamalary düzmek we bilim meýilnamalaryny işlap taýýarlamak we durmuşa geçirmeklik.

Taslamanyň üçünji bölegi, SSTD we ÝSDD-yň ýurdumyzyň bäş welaýatynda we etrap derejesinde meýilnamalaşdyrmaga we degişli hünärmenleri taýýarlamaklyga ýardam berýär.  Bu babatda ol iki sany degişli netijäni gazanmagy maksat edinýär:

  • SSTD we ÝSDD üçin tehnologiýalar we maýa goýumlary täze Tehnologiýa Meýilnamalaryna laýýyklykda ýurdumyzyň ähli welaýatlary boýunça tassyklanan;      
  • SSTD we ÝSDD-nyň durmuşa geçirilmegi üçin institusional we adam mümkinçiliklerine bäş welaýatyň ählisinde öňdebaryjy tejribäni öwrenmeklik we alnan sapaklary bellige almaklyk arkaly daýhanlaryň we ýerli/sebitleýin suw dolandyryş edaralarynyň wezipeli adamlaryň arasynda ulanylýar we goldanýar.       

4-nji Ugur: SSTD üçin degişli ugurda syýasaty işläp taýýarlamak we ony durmuşa geçirmeklikde ýardam bermeklik.

Taslamanyň dördünji bölegi aşakdaky görkezilen sepgitlere ýetmäge ugrukdyrylandyr:

  • Suw sorujylarynyň öndürijiligi we olara tehniki taýdan hyzmat etmeklik boýunça gözükdirijiler kabul edildi;
  • Suwuň ahyrky sarp edilişini ölçeýän işjeň ulgamy döredildi;    
  • Suwuň ahyrky sarp edilişini tapgyrlaýýyn görnüşde tölegli görnüşe geçirip başlamak üçin degişli düzgünnamalar kabul edildi;
  • Suwaryş we suw infrastrukturasyny gowulandyrmak üçin giň gerimde maýa goýumlarynyň artmagyny goldamak maksady bilen degişli syýasat kabul edilip býudžet serişdeleri bölnüp berildi.

Impact

START DATE

May 2015

END DATE

December 2022

STATUS

Completed

PROJECT OFFICE

Turkmenistan

IMPLEMENTING PARTNER

Min. of Agriculture & Environm

DONORS

Global Environment Fund Trustee

UNITED NATIONS DEVELOPMENT PROGRAMME

TOTAL CONTRIBUTIONS

$6,977,817

DELIVERY IN PREVIOUS YEARS

2015$196,241

2016$649,990

2017$1,891,356

2018$1,685,312

2019$1,088,348

2020$329,643

2021$329,607

2022$68,363

Full Project information