Türkmenistandaky BMGÖM-sy ýaşlary sanly döwlet hyzmatlaryny ösdürmäge çekýär

August 9, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 7-nji awgusty: Halkara ýaşlar güni (12-nji awgust) mynasybetli, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky edarasy “Google Developers Group” (GDG) we “Women Techmakers Ashgabat” bilen bilelikde 2021-nji ýylyň 7-8-nji awgustynda “Wirtual RÝNÝ” atly Hakaton bäsleşigini geçirdi.

Iki günüň dowamynda ýaş IT hünärmenlerinden, işläp taýýarlama boýunça bilermenlerden we täzelikçilerden (innowatorlardan) düzülen 12 topar RÝNÝ-nyň işini wirtuallaşdyrmak üçin sanly çözgütler babatynda täzelikçi (innowasion) pikirleri döretmek maksady bilen, bilelikde işledi. Programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak boýunça hünärmenleriň ýolbaşçylygynda gatnaşyjylaryň öňünde, berlen tehniki şertlerine laýyklykda raýat ýagdaýlarynyň namalarynyň ýazgysy (RÝNÝ) üçin onlaýn ulgamyny döretmek meselesi goýuldy.

“Sanly ulgama geçiş eýýäm durmuşyň ähli çäklerine kem-kemden ornaşýar. Biz her gün uzakdan elýeter, üznüksiz, aç-açan, adamlar üçin amatly döwlet hyzmatlarynyň zerurlygyny, esasan hem ilatyň iň goragsyz toparlary üçin gerekliligini duýýarys“ diýip, – BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirijisi Natia Natswlishwili belläp geçdi, – "Hakatony guramak bilen biz ýurtdaky sanly döwlet  hyzmatlaryny gowulandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin işiň dürli ugurlaryndan ýaşlary bir ýere jemlemegi maksat edindik.”

Bäsleşige gatnaşyjylaryň arasynda gender deňligini üpjün etmek we gyzlary sanly çözgütlere çekmek maksady bilen, gyzlaryň işjeň gatnaşan toparlaryna goşmaça artykmaçlyk (bonus) berildi.  Bäsleşýän toparlaryň gender dürlüligi zehinler goruny giňeltmäge we tehniki tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin innowasion pikirleriň has giň toparyny hödürlemäge mümkinçilik berdi.

Hakatonyň birinji gününiň şol bir wagtda geçirilen duşuşygynda BMGÖM-iň hünärmenleri ýaşlar bilen daşky gurşawy goramak boýunça ekologiýa taýdan has howpsuz we jogapkärçilikli kararlary kabul etmek üçin sanly tehnologiýalarynyň ulanylyşy bilen tanyşdyrmak üçin “Durnukly durmuş ýörelgeleri: Go Digital! Go green and smart!” (Sanly ulgama geç! Ekologiýany gora we akylly ulgamlara geç!) mowzukly açyk gepleşikleri hem guradylar. “Interaktiw ara alyp maslahatlaşma meniň ekologiýa taýdan arassa ýaşaýyş baradaky habarlylygymy artdyrdy we maňa gündelik durmuşda durnuklylyk ýörelgelerine has köp eýermäge itergi berdi” diýip, Hakatonyň gatnaşyjylaryndan biri bolan Jamilýa Mätiýewa aýtdy.

Bäsleşigiň ikinji gününiň şol bir wagtda geçirilýän duşuşygy, ýaşlaryň telekeçilikde üstünlikli bolmaklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, täze döredilen kompaniýanyň işinde daşarky maslahat berişiň ornuna bagyşlandy.  “Üstünlikli işewürligi alyp barmakda daşarky maslahat berişiň artykmaçlyklaryny öwrenmek gaty gyzykly boldy” diýip, Hakatonyň gatnaşyjysy Ibragim Gurbanow BMGÖM tarapyndan gurnalan tanyşdyryjy duşuşygyň onda galdyran täsirleri barada gürrüň berende aýtdy.

Iki günlük Hakatonyň ahyrynda gatnaşyjylaryň toparlary emin agzalaryny öz pikirleri bilen tanyşdyrdylar.  Hödürlenen programmalar Türkmenistanda döwlet hyzmatlaryny berýän ulgamyň işleýişini sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen gowulandyrmak üçin innowasion çözgütleri hödürledi.

Birinji baýrak, täze doglan çaganyň dogluşyny hasaba almak üçin işlenip taýýarlanan iň oňat programma üpjünçiligi üçin “Digital Devs” toparyna berildi. Ikinji orny “Japbaklar”, üçünji orny bolsa “Hi” topary eýeledi. “Hakatonda gazanylan ýeňiş bizi täze üstünliklere ruhlandyrdy" diýip, ýeňiji toparyň agzasy Alparslan Batyrow aýtdy.

Ýeňiji toparlaryň üçüsi hem baýraklar we taryp hatlary bilen sylaglandy. Mundan başga-da, BMGÖM-iň Türkmenistandaky wekiliýeti bu çärä zehin gözlegi hökmünde garaýar we tapawutlanan gatnaşyjylar bilen ýurtda sanly döwlet hyzmatlaryny gowulandyrmaga gönükdirilen özüniň geljekki taslamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyny meýilleşdirýär.

***

Hakaton – bu gatnaşyjylaryň kiçiräk toparlarynyň gysga wagtyň içinde  tehniki şertlere laýyklykda ýerli jemgyýetler üçin täze programma önümlerini döredýän çäredir. Hakatonlaryň tapawutlandyryjy aýratynlygy, dürli IT başarnyklaryna eýe bolan gatnaşyjylary, ýagny programmistleri, dizaýnerleri, derňew geçirijileri we we, sada aýdylanda, haýsydyr bir täze we täzelikçi (innowasion) iş bilen meşgullanmagy niýet edenleri birleşdirýän, döredijiligiň we joşgunlygyň üýtgeşik, hereketli gurşawydyr.