BMGÖM, haryt nyşany hasaba almak tejribesini kämilleşdirmek üçin ýurda goldaw berýär

August 16, 2021

Aşgabat, 16-njy awgust 2021-nji ýyl: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek” atly  taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň haryt nyşany bellige almak tejribesini kämilleşdirmek boýunça onlaýn seminary gurnady.

Seminaryň maksady, Türkmenistanyň önümleriniň ýerli we daşarky bazarlarda giňden ykrar edilmegine itergi bermek we ýurduň söwda syýasaty ösdüriş tagallalaryna täsirli goşant goşmak üçin, haryt nyşanlary halkara ülňülerine laýyklykda hasaba almak işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri hödürlemekden ybarat.

Çärä, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig-mal biržasynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdy.

"Haryt nyşany bellige almak işiniň kämilleşdirilmegi, harytlaryň täjirleşdirilmegini rasionallaşdyrmaga we öndüriji tarapyndan yzygiderli önümçilige we ýokary hilli önümleriň durmuşa geçirilmegine kömek edip, şeýlelik bilen ýurduň ykdysady ösüşine itergi berýär" – diýip BMGÖM-iň Dolandyryş, ykdysady diwersifikasiýa we inklýuziw ösüş maksatnamasy boýunça bölümiň analitigi Akmyrat Daňatarow aýtdy.

Çärä gatnaşyjylar haryt nyşanlaryny bellige almak boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan milli tejribe we halkara tejribesine laýyklykda hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmegiň ýollary bilen tanyşdylar we ara alyp maslahatlaşdylar.

“Milli hukuk binýady haryt nyşany bellige almak we ýerine ýetirmek üçin esas döretmeli. Hasaba alyş amallary ýönekeý, aýdyň, bitarap we tygşytly bolmaly. Ýurduň haryt nyşany baradaky kanunlary we amallary sazlaşdyrmak üçin umumy iş tertipleri we teswirnamalary göz öňünde tutýan birnäçe halkara şertnamalaryna gatnaşmagy möhümdir "-diýip, BMGÖM-iň halkara geňeşçisi hanym Linda Mazure belläp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda hanym Mazure halkara öňdebaryjy tejribe we hukuk esaslary barada çykyş etdi, onlaýn haryt nyşanlarynyň sanawynyň artykmaçlyklary we Türkmenistanda haryt nyşanyny bellige alyş amallaryny gowulandyrmak üçin milli patent aklawçylarynyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň ähmiýeti barada söhbet etdi.

***

BMGÖM bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň arasyndaky “Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek” atly bilelikdäki taslama 2019-njy ýylda başlap, Türkmenistanyň söwda kuwwatyny berkitmäge we ösdürmäge, ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlik mümkinçiligini giňeltmäge we ykdysady ösüşiň we adamlaryň hal-ýagdaýynyň gowulaşmagynyň täze çeşmelerini öz içine alýar.