BMGÖM Türkmenistanda maliýe hasabynyň işlenip taýýarlanmagyny goldaýar.

August 17, 2021

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýän „Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak“ atly taslamanyň çäklerinde onlaýn düzgüninde maliýe hasabatyny düzmek boýunça Tegelek stol geçirildi.

Tegelek stoluň maksady Türkmenistanda maliýe hasabyny we maliýe aktiwleriniň hem-de borçnamalarynyň balansyny işläp taýýarlamaga degişli meseleler bilen tanyşdyrmak we ara alyp maslahatlaşmak boldy. Duşuşyk Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň bilelikde başlyklyk etmeginde geçirildi we oňa Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we beýleki täjirçilik banklarynyň, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň pul-karz amallaryna degişli meseleler bilen meşgullanýan beýleki pudaklaýyn ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

„Tegelek stoluň maksady Türkmenistanda maliýe hasabyny we maliýe aktiwleriniň hem-de borçnamalarynyň balansyny gurmak üçin halkara bilermeni tarapyndan işlenip taýýarlanan resminamalar bilen tanyşdyrmak we olary ara alyp maslahatlaşmak bolup durýar. Maliýe hasabynyň düzülmegi, global derejede maliýe garaşlylygynyň derejesini hasaba almak bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň maliýe ýagdaýyny kesgitlemäge mümkinçilik berer. Maliýe hasabynyň düzülmegi  Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň haýsy institusional sektorynyň ýurduň häzirki maliýe ýagdaýyna düýpli täsir edýändigini kesgitlemäge mümkinçilik berer“ – diýip BMGÖM-nyň Dolandyryş, ykdysady diwersifisirlemek we inklýuziw ösüş meseleleri boýunça maksatnama seljerijisi jenap Akmyrat Daňatarow belledi.

Duşuşygyň barşynda halkara maslahatçysy Maýkl Andreaş gatnaşyjylary Türkmenistanda maliýe hasabatyny düzmegiň usulyýet meseleleri, maglumat çeşmeleri we hasabaty düzmegiň tertibi bilen tanyşdyrdy. Tanyşdyryş çäresinde, mysal hökmünde, beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesi görkezildi, bank maglumatlarynyň möhümligi, daşary ýurt pulundaky ätiýaçlyklara baha bermegiň we balans hasabynyň maglumatlaryny peýdalanmak bilen söwda karzlaryny düzmegiň zerurlygy aýratyn bellenip geçildi. „Akymlar we ätiýaçlyklar baradaky maglumatlary goşmak bilen, maliýe hasaplarynyň maglumatlary tutuş maliýe hasaplary ulgamyny gowulandyrmak üçin gytaklaýyn görnüşde peýdalanylyp bilner. Maliýe ätiýaçlyklary - eýeçilikden gelýän girdejileri hasaplamak üçin iň gowy esasdyr, olar bar bolan girdeji baradaky maglumatlary hem, bar bolan girdeji bilen JIÖ-iň arasyndaky baglanyşygy hem gowulandyryp bilerler“ – diýip Maýkl Andreaş öz çykyşynda belläp geçdi.

***

BMGÖM bilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň bilelikde durmuşa geçirýän „Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak“ atly taslamasy 2018-nji ýylda işe girizildi we milli hasaplar ulgamynda institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Taslamanyň maksady häzirki wagtda ulanylýan 1993-nji ýylyň Milli hasaplar ulgamyndan (MHU) 2008-nji ýylyň MHU-na konseptual geçişi amala aşyrmak hem-de milli hasaplaryň we olaryň üstüni ýetirýän ykdysady statistikanyň gurşap alýan çygryny giňeltmek, olaryň jikme-jiklik derejesini ýokarlandyrmak we hilini gowulandlyrmak üçin milli statistiki we institusional mümkinçiligi pugtalandyrmak bolup durýar.