DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça BMGÖM-nyň hyzmatlary we gurallary

June 4, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 4-nji iýuny: BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň arasyndaky „DÖM-ny durmuşa geçirmek üçin platforma“ taslamasynyň çäklerinde „DÖM maliýeleşdirmek: BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň maliýeleşdirmek babatynda hyzmatlary we gurallary“ temasy boýunça webinar geçirildi.

Webinaryň maksady Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we DÖM-ny durmuşa geçirilmegi üçin jogapkäp ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekillerini Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň Addis-Abeba hereketler maksatnamasynda bellenen halkara tejribesine syn bilen we DÖM-ny maliýeleşdirmegi durmuşa geçirmek boýunça BMGÖM tarapyndan teklip edilýän mehanizmler we çemeleşmeler bilen tanyşdyrmak bolup durdy.

Duşuşygy BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji hanym Kristin Weýgand, BMGÖM-nyň Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji hanym Niatia Naswişwili we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Durnukly ösüş müdirliginiň başlygy, „DÖM-ny durmuşa geçirmek üçin platforma“ taslamasynyň milli utgaşdyryjyçy jenap Atajan Ataýew açdy.

„BMGÖM bilen Türkmenistanyň arasynda ynançly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň emele gelendigini belläp geçmek ýakymlydyr, bu ugurda biz toplumlaýyn, utgaşykly we bitewi çemeleşmegiň esasynda durnukly ösüş ulgamyndaky işi maliseleşdirmek meselelerine bagyşlanan duşuşyklar tapgyryny we ara alyp maslahatlaşmalary dowam edýäris“ diýip, BMGÖM-nyň Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji hanym Niatia Naswişwili.

Şeýle hem bu çärä BMGÖM-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Stambuldaky sebitleýin merkeziniň işgärleri – Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça BMGÖM-nyň sebitleýin geňeşçisi Suren Pogosýan, BMGBM-nyň programma seljerijisi Dewid Das Newes we BMGÖM-nyň Garyplyk we deňsizlik meseleleri boýunça hünärmeni Ýelena Danilowa-Kross gatnaşdylar.

Webinara gatnaşyjylar DÖM-ny maliýeleşdirmekligi, BMGÖM-nyň hyzmatlary we gurallary, maliýeleşdirmegiň toplumlaýyn mehanizmlerini, maksatlaryny, gurallaryny we halkara tejribesini, maliýeleşdirmäge berilýän bahany, DÖM-na çalt toplumlaýyn baha bermekligi, býujetlemegi, halkara tejribesini we amaly ädimler boýunça syny öz içine alýan meseleler bilen tanyşdylar.

***

BMGÖM bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň arasyndaky „DÖM-ny durmuşa geçirmek üçin platforma“ atly bilelikdäki taslamasy 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda global Gün tertibini we durnukly ösüş ulgamynda 2016-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistan tarapyndan hökümet derejesinde kabul edilen degişli Maksatlary durmuşa geçirmegiň barşynda bilelikdäki tagallalary we taraplaryň oňyn gatnaşyklaryny birleşdirýär.