BMGÖM-nyň DÖM-ny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki taslamasynyň işiniň jemleri jemlendi

August 27, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 27-nji awgusty: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýän “Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmak üçin meýdança» atly taslamasynyň çäklerinde taslama geňeşiniň jemleýji onlaýn maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşan bu çärede geçirilen işleriň jemleri jemlendi we taslamanyň amala aşyrylan döwründe gazanylan netijeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2018-nji ýylda badalga berlen „Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmak üçin meýdança“ atly taslama Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek we olaryň durmuşa geçirilişine gözegçiligi utgaşdyrmagy amala aşyrmak üçin jogapkär edara hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň mümkinçiligini güýçlendirmäge we DÖM boýunça statistiki hasabatlylygy bermek babatynda esasy pudak edarasy hökmünde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine ýardam etmäge gönükdirilendir. 

Duşuşyga gatnaşanlar taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini, onuň Türkmenistanda DÖM-ny gazanmak boýunça işleri çaltlandyrmaga, hususan-da, DÖM boýunça milli hasabaty taýýarlamagy utgaşdyrmak we oňa ýardam etmek ulgamyny kämilleşdirmäge, DÖM-ny milli ösüş maksatlaryny we maliýe meýilnamalaryny işläp taýýarlamak işine ornaşdyrmak ulgamynda mümkinçiligi ýokarlandyrmaga, DÖM boýunça maglumatlar binýadyny döretmäge we ýurduň milli statistika ulgamynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam edendigini bellediler.  

Taslama BMG-nyň beýleki agentlikleriniň we Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň anyk maksatlar we wezipeler boýunça tagallalaryny utgaşdyrmak üçin meýdança bolup hyzmat etdi we durnukly ösüş ulgamynda ähli maksatlaryň we wezipeleriň özara baglanyşygyny we bitewiligini üpjün etdi.

Taslamanyň maksatlarynyň strategik möhümligini we ony durmuşa geçirmegiň üstünlikli netijelerini nazara alyp, DÖM-ny gazanmak boýunça milli tagallalara ýardam bermegi dowam etdirmek üçin taslamanyň ikinji tapgyryny amala aşyrmaga girişmek karar edildi.  

Duşuşygyň barşynda BMGÖM-nyň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň Maksatnamalar departamentiniň ýolbaşçysy Rowşen Nurmuhammedow „BMGÖM-nyň ýurtdaky edarasy 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini gazanmakda milli mümkinçiligi güýçlendirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen strategik hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýar“ diýip belledi.