BMGÖM daýhanlaryň ýyladyşhanalary ulanmak baradaky bilimlerini artdyrýar

August 21, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 20-21-nji awgusty: Türkmenistanyň Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň,  BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň we Bütindünýä Ekologik gaznasynyň bilelikdäki  «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen  meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş – ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» taslamasynyň çäklerinde    2021-nji ýylyň 20-21-nji awgustynda Lebap we Daşoguz welaýatlarynda mellek ýerlerinde  ösümlik galyndylaryny çüýrediji gurçuklary ösdürip ýetişdirmek  we şahsy ýyladyşhanalary ösdürmek barada amaly okuwlar geçirildi.

Amaly  okuwlara gatnaşan ýerli daýhanlar, häkimlikleriň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň agzalary, Daşoguzdaky Türkmen Oba hojalyk Institutynyň we Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň wekilleri  tebigy haýwan belogy hökmünde ösýän gurçuk biomassasynyň ýetişdirlişi we  ýyladyşhanalari ösdürmegiň meseleleri bilen tanyşdylar. Taslamanyň hünärmenleri beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesine esaslanyp, gök önümleri (hyýar we pomidor) ösdürip ýetişdirmekligiň mysalynda  ýyladyşhana hojalygyna innowasiýa çemeleşmesini hödürlediler.

“Bu amaly okuw, ýerlerdäki ýyladyşhana hojalygy bilen baglanyşykly köp soraga jogap tapmaga mümkinçilik berdi. Gatnaşanlaryň hemmesi alnan bilimleri beýleki daýhanlaryň arasynda işjeň ýaýradar diýip pikir edýärin, sebäbi görkezilen tehnologiýalar gaty arzan we tygşytly. Şeýle amaly günleriň ýerli ýaşaýjylaryň arasynda yzygiderli geçirilmegini isleýärin "-diýip DAI - Ösüş, IDUSAID-iň Merkezi Aziýada bäsdeşlik, söwda we iş orunlaryny döretmek  barada (CTJ) ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) taslamasy bilen hyzmatdaşlykda gazanylan täze polikarbonat teplisasynyň eýesi Gulistan Halmyradowa aýtdy. 

Amaly okuwlar, BMGÖM taslamasynyň 2021-nji ýyldaky ýyllyk iş meýilnamasynyň möhüm bölegi bolup, ýerli daýhanlary suw we ýer baýlyklaryny we biodürlüligi durnukly peýdalanmak arkaly ýerli jemgyýetiň durmuşyny ýokarlandyrmak maksady bilen häzirki zaman ýyladyşhana hojalygyny ýöretmegiň usullary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

BMG-nyň Ösüş maksatnamasyň Türkmenistandaky wekilhanasy hyzmatdaşlar bilen  ýerli derejede ykdysady ösüşi höweslendirmek, howanyň üýtgemegine durnukly tejribesini durmuşa geçirmek, ýerli ýaşaýjylaryň girdejisini ýokarlandyrmak we azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak barada hyzmatdaşlyk edýär. Ýokarda agzalan amaly okuwlar, BMGÖM taslamasynyň hyzmatdaşlarynyň tehniki goldawy bilen - ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda döwlet dolandyrlyyşyny gowulandyrmaga ýardam etmek” maksatnamasy bilen bilelikde gurnaldy.

***

Türkmenistanyň Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň,  BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň we Bütindünýä Ekologik gaznasynyň bilelikdäki  «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen  meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş – ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek»  taslamasy 2016-njy ýylda başlandy we Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz derýalarynda ýaşaýan oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň durnukly ösüş üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak çäreleriniň ulanylmagyny goldamagy maksat edinýär  Taslamanyň goşmaça gymmaty, taslamanyň çäginde ýurduň iň gurak sebitleriniň birinde daýhanlaryň klimatyň üýtgemegi sebäpli suw çeşmeleriniň ýiti ýetmezçiligine ynjyklygyny azaltmagynyň öňüni alýan möhüm päsgelçilikleri we oba hojalygyndaky beýleki tebigy töwekgelçilikler ýeňip geçmegidir.