BMGÖM hyzmatdaşlar bilen howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy meýilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar

August 24, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 24-nji awgusty:   Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň,  BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň we Bütindünýä Ekologik gaznasynyň bilelikdäki  «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen  meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş – ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» taslamasynyň çäklerinde      taslamanyň halkara maslahatçysynyň gatnaşmagynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşma çärelerini ölçemek, hasaba almak we hasabaty barlamak ulgamyny ösdürmek boýunça milli onlaýn okuw maslahaty guraldy. Bu okuw maslahata   pudaklaýyn ministrlikleriň, ylmy-barlag edaralarynyň wekilleri we BMGÖM-nyň  Türkmenistandaky wekilhanasynyň  hünärmenleri gatnaşdylar.

    Okuw maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilişi barada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (BMG HÜBÇK)) hasabatyna geljekde boljak üýtgeşmeler, täze görkezmeler we anyk çemeleşmeler bilen tanyşdylar.

      Halkara maslahatçy Glen Andersen: "Milli uýgunlaşma meýilnamalarynyň işlenip düzülmegi, ýerine ýetirilişi, ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we hasabat bermek Paris şertnamasynyň esasy talaplaryndan biridir we 2024-nji ýyla çenli BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň hasabata bolan talaplary üýtgär" -diýdi.

      Seminarda ara alnyp maslahatlaşylan uýgunlaşma çärelerini ölçemek, hasabat bermek we barlamak (MRV) ulgamy, Milli uýgunlaşma meýilnamasynyň we Pariž ylalaşygynyň özi durmuşa geçirilende gazanylan üstünlikler barada maglumat taýýarlamak üçin guraldyr.

       Okuw maslahatynda ara alyp maslahatlaşylýan MRV ulgamy, dürli pudaklaýyn edaralar üçin daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi baradaky milli hasabatlary taýýarlamakda ulanylar we daşky gurşawy goramak pudagynda milli syýasaty we kararlary kabul etmek üçin zerur maglumatlary berer. MRV ulgamy uýgunlaşma çärelerine milli maýa goýumlaryny artdyrmaga we uýgunlaşma seljerme geçirmek üçin milli mümkinçilikleri güýçlendirmäge, şeýle hem hususy pudagyň gatnaşygyny ýokarlandyrmaga we uýgunlaşmak üçin halkara maliýe serişdelerine elýeterliligi ýokarlandyrmaga ýardam eder.

***

    Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň,  BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň we Bütindünýä Ekologik gaznasynyň bilelikdäki  «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen  meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş – ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» taslamasy 2016-njy ýylda başlandy we Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýaşaýan oba ilatynyň durnukly ösüş üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak çäreleriniň ulanylmagyny goldamagy maksat edinýär.  Taslamanyň goşmaça gymmaty, bu taslama ýurduň iň gurak sebitleriniň birinde daýhanlara howanyň üýtgemegi we oba hojalygyndaky beýleki tebigy töwekgelçilikler sebäpli ýiti suw ýetmezçiligine garşy ejizligini azaltmagynyň öňüni alýan möhüm päsgelçilikleri ýeňip geçmäge mümkinçilik bermegidir.