BMGÖM-yň zorlukly ekstremime garşy sebitleýin taslamasy öz geňeşiniň jemleýji ýygnagyny geçirdi

February 11, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 10-njy fewraly: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Japoniýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin jemgyýetiň durnuklylygyny we sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek” atly sebitleýin taslamasy boýunça milli hyzmatdaş edaralar bilen bilelikde jemleýji ýygnagyny geçirdi.

Duşuşygy hanym Halbibi Täçjanowa, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň orunbasary, BMGÖM-iň Hemişelik wekiliniň ýerine ýetirijisi, jenap Yoşino Şuntaro, Türkmenistandaky  Ýaponiýanyň ilçihanasynyň ikinji sekretary we jenap Begmuhammet Meredow, Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň wekili açdylar.

Degişli edaralaryň we guramalaryň wekilleri, ýagny, Türkmenistanyň Zähmet we we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň merkeziniň, BMGÖM-iň, Aşgabatdaky Ýaponiýanyň ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Telekeçiler we Senagatçylar Birleşmesiniň, Zenanlar Birleşmesiniň hem-de synag şäherleri bolan Aşgabat, Tejen, Mary, Türkmenabat, Türkmenbaşy and Daşoguz şäherleriň häkimlikleriniň, Iş bilen üpjünçilik bölemleriniň, Ýaşlar guramasynyň ýerli geňeşleriniň wekilleri hem duşuşyga gatnaşdylar.

“Biziň hyzmatdaşlygymyz global pandemiýa wagty täsirli netijeleri berdi. Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin deslapky şert hökmünde ýaş aýallaryň we erkekleriň, esasan-hem, sebitlerde öz geljegini döretmek güýjüni has-da açdy. Gazanylan netijeleriň üstünde durmaga we ähli hyzmatdaşlarymyz bilen umumy maksatlarymyza hyzmatdaşlygymyzy has-da giňeltmäge biz taýýardyrys " diýip, BMGÖM-iň Hemişelik wekiliniň ýerine ýetirijisi hanym Natia Natswlishwili nygtady.

Duşuşykda BMGÖM-iň taslamasynyň utgaşdyryjysy Mähri Karakulowa gazanylan maksatlar we netijeler barada gürrüňberdi. Taslamanyň esasy iki maksadynyň, ýagny, ýaşlara ösmäge mümkinçilikleri we iş mümkinçilikleri döretmekdigini aýtdy. Taslamanyň çärelerinden peýdalan ýaşlaryň esasy topary zähmet bazarynda goldawa mätäç bolan ýaşlar boldy. Taslamanyň netijelerini jemläp, taslama çärelerine gatnaşýan ýaşlaryň umumy sanynyň 2000-den gowrak bolandygyny we olaryň arasynda 52% -iniň aýallardygyny Mähri belläp geçdi. Taslama öz çärelerine aýal-gyzlaryň gatnaşmagyny höweslendirmek üçin aýratyn tagalla etdi.

Taslamada işjeň zähmet bazary usullaryny ulanmak arkaly, ýagny, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi çygrynda iş gözleýänleri toparlara bölmek arkaly aýratyn çemeleşmek (profilirleme we keýs menejment) arkaly 1224 adam üçin (we olaryň arasynda 50%aýallar üçin) iş mümkinçilikleri döredildi.  Zähmet we iş bilen üpjünçilik bölümleriniň hünärmenleri 900-den gowrak ýaşlar, olaryň arasynda 53% aýallar, bilen aýratyn iş bilen bagly gürrüňdeşlikler geçirdiler; 700-den gowrak ýaşlar we olaryň arasynda 63% aýallar, hünär mekdeplerinde, liseýlerde we kollejlerde hünär aldylar; 189 ýaşlar, olaryň arasynda 59% aýal-gyzlar, özbaşdak işlemek üçin iş gurallaryny aldylar; 23 sany ýaşlar bolsa,olaryň arasynda 39% aýal-gyzlar, enjam aldylar we 6 synag şäherinde goşmaça 60 iş ýerini döredýän öz telekeçilik işlerine başlady.

Taslamanyň milli hyzmatdaşlary sanlylaşdyrmaga bolan goşandy, ýaşlara gyzyklanmalaryna görä dürli mowzuklarda okuw wideo we tekst sapaklaryny öz içine alýan onlaýn mekdep taslamasynyň başlamagyny öz içine aldy. Mundan başga-da, ýaşlara guramanyň işleri barada habarly bolmak we iş gözlemekde ýaşlara gurallary hödürlemek üçin 2 ykjam programma döredildi.

BMG-iň Ösüş maksatnamasy BMG-iň Terrorçylyga garşy göreş gullugy (UNOCT) bilen ýakyn hyzmatdaşlykda we BMG-iň beýleki guramalary, halkara ösüş hyzmatdaşlary, milli hökümetler, raýat jemgyýeti we hususy pudak bilen ýakyn hyzmatdaşlykda zorlukly ekstremizmiň öňüni almak tagallalarynda dünýäde möhüm ýere eýe bolmagyny dowam etdirýär.