BMGÖM taslamanyň synag sebitleriniň orta bilim berýän mekdepleriniň arasynda klimatyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça habardarlygy ýokarlandyrýar

May 21, 2021

Aşgabat, 21-nji maý, 2021-nji ýyl: BMGÖM-niň «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» atly taslamasynyň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda we Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşýän taslamanyň Oba hojalyk maglumat merkezlerinde taslamanyň synag sebitleriniň umumybilim berýän mekdepleriniň wekilleri bilen klimatyň halkara gününe bagyşlanan gyzykly aň-bilim çärelerini gurady.

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 15-nji maýynda dünýäniň ähli ýurtlary tarapyndan bellenilýän Klimatyň halkara güni, klimaty goramagyň häzirki we geljek nesilleriň abadançylygyna täsir edýän möhüm çeşme hökmünde, meteorologlaryň  çagyryşyna jogap hökmünde döredildi. Klimaty goramak – bu gün adamzadyň öňünde durýan global meseleleriň biridir.

BMGÖM-niň taslamasy klimatyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça işleriň mümkinçilikleri berkitmek maksady bilen, klimat we onuň adamyň durmuşynda tutýan orny hakynda, klimatyň ählumumy maýlamasy boýunça ekologiýa meselelerini çözmegiň möhümligi we bu bilimleri ösüp gelýän ýaş nesle geçirmek hakynda başlangyç göz öňüne getirmäni döretmeklige gönükdirilen bu çäräni gurady.

Bu çärä Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň bilim bölümleriniň wekilleri, Görogly we Dänew etraplarynyň 25-den gowrak umumybilim berýän mekdepleriniň müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlary, bilim bölümleriniň we etrap häkimlikleriniň wekilleri hem-de taslamanyň ýerli toparlary gatnaşdylar.  

Çäräniň geçirmegiň dowamynda BMGÖM-niň wekilleri bilim edaralarynyň wekillerine synag sebitleriniň mekdep okuwçylarynyň arasynda klimatyň üýtgemegi boýunça öwretmäge we habardarlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen maglumat materialy bolan «Klimat gutusyny» görkezdiler we berdiler. «Klimat gutusy» bu “Klimatyň üýtgemegi” atly tema boýunça türkmen we rus dilinde mekdep okuwçylary, mugallymlar we usulyýetçiler üçin niýetlenen okuw-oýun materiallar toplumydyr. Bu material mekdep okuwçylaryna klimatyň ählumumy üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça gyzykly we özüne çekiji görnüşde möhüm maglumatlary bermek, mugallymlar üçin bolsa, umumy bilim maksatnamasynyň çäklerinde bu materiallary ulanmak boýunça usulyýet teklipleri bermek üçin işlenilip taýýarlanyldy.

 Bu material, Russiýanyň Trast ösüş gaznasy tarapyndan goldanylan, «Klimat gutusy: klimatyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça bilim we magaryf» atly sebitleýin taslamanyň çäklerinde 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri bilen bilelikde taýýarlanyldy we uýgunlaşdyryldy.

Etrap bilim bölüminden gatnaşyjy wekiller BMGÖM-niň taslamasynyň çäklerinde geçirilýän klimatyň üýtgemegine we oňa uýgunlaşmaga täsir edýän ähli ýagdaýlary göz öňünde tutýan çäreleriň, goşmaça akyl ýetirijilikli maglumat materialy hökmünde umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylary üçin, örän wajyp we ähmiýetlidigini bellediler. Hünärmenler, ähli alnan maglumatlary we materiallary mekdeplerde mugallymlar, mekdep okuwçylaryň klimatyň üýtgemegine uýgunlaşylmagy babatda bilim derejelerini ýokarlandyrmak üçin uly höwes we isleg bilen peýdalanarlar diýip bellediler.

Çäräniň barşynda gatnaşyjylar üçin «Adam we tebigat: gatnaşyklaryň etikasy» ady bilen görkezme çykyşy geçirildi. Gatnaşyjylar bilen interaktiw leksiýada klimatyň nämedigi, onuň näme üçin üýtgeýändigi we muňa kimiň günäkärdigi – adamlar ýa-da tebigy sebäpler, ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da gatnaşyjylar parnik täsirler, parnik gazlarynyň çeşmeleri, klimatyň üýtgemeginiň täsirleri we näme üçin jogap çäreleri örän möhüm, klimatyň üýtgemeginiň yzyna gaýtaryp bolmajak netijelerinden gaça durmak üçin nämeler etmeli, şeýle hem klimatyň üýtgemegi babatda halkara gün tertibi barada maglumatlar bilen tanyşdyryldy. Soňra  klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça mümkin bolan çäreler bellenilip geçildi. Çykyşlaryň soňunda gatnaşyjylar klimatyň üýtgemegine garşy göreşmäge gönükdirilen Türkmenistanyň kanunçylygy, uýgunlaşma çärelerini göz öňünde tutýan Türkmenistanyň döwlet we milli maksatnamalary bilen tanyşdyryldy.

Soňra gatnaşyjylar «Klimat gutusynyň» toplumy, onuň mazmuny, ähli bölümleri, wiktorinany geçirmek we ýazmaçlary (kartoçka) peýdalanmak boýunça instruksiýa bilen tanyşdyryldylar. Gatnaşyjylara «şu ýüzýyllygyň ahyryna çenli tebigat we adam üçin klimatyň üýtgemeginiň mümkin bolan netijeleri» we «öz yglerodly yzyňy nädip kemeltmek barada maslahatlar» şekillendirilen ündewsuratlar (plakat) görkezildi.

Ähli çykyşlar gutarandan soňra taslamanyň topary «Klimat gutularyny» we BMG  ÖM-niň taslamasy barada kitapçalary mekdep wekillerine we beýleki gatnaşyjylara dabaraly gowşurdylar.  Çäräniň gatnaşyjylary öz gezeklerinde BMG ÖM-niň taslamasyna, olara köp peýdaly maglumatlary we bilimi  almaga mümkinçilik beren bu çäräni geçirendikleri üçin, özleriniň minnetdarlyklaryny bildirdiler. Mugallymlar alan maglumatlaryny we bilimlerini okatmagyň interaktiw usulyny ulanmak bilen, ekologiýa, geografiýa, tebigaty öwreniş we biologiýa derslerinde, şeýle hem 5-11-nji synplaryň okuwçylarynyň arasynda amaly derslerde görkezme çykyşlar hökmünde ulanmak isleýändiklerini beýan etdiler.   

 BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Bilim ministrligine «Klimat gutularynyň» 400-den  gowrak nusgasyny, mundan beýläk bu neşirleriň ýurduň bilmi edaralarynyň arasynda ýaýradylmagy üçin bermäge taýýardygyny belläýär.

BMG-niň agentlikleriniň wekilhanasy milli hyzmatdaşlary bilen bilelikde 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda hemme ýerde belleniljek Bütindünýä daşky gurşawy goramak gününiň öňüsyrasynda şeýle ekologiýa aksiýalaryny guramagy dowam etdirmegi meýilleşdirýär.