BMG-niň Ösüş Maksatnamasy ekologoýa gözegçilik etmek boýunça hünärmenleriniň tehniki mümkinçiliklerini artdyrýar

January 22, 2021

Aşgabat, 19-20-nji ýanwar, 2021-nji ýyl: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak Ministriliginiň Ekologiýa gözegçilik gullugynyň we welaýatlardaky edaralaryň ekologiýa barlaghanalarynyň hünärmenleri üçin daşky gurşawyň we topragyň  ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça täze enjamlaryň işleýişi bilen bagly okuw maslahatynyň  deslapky tapgyry geçirildi.    

Ýokarda agzalan okuw maslahatynyň geçirilmeginiň maksady taslamanyň çäreleriniň ýerine ýetilirilşiniň çäklerinde Türkmenistanyň şäherleriniň ekologiýa taýdan ýagdaýynyň döwrebap ulgamynyň meýilnamasyny işläp düzmekden we girizmekden ybaratdyr.

“Agzalan enjamlary satyn alynmagy, – bu eýýam häzirki wagta bar bolan ekologiýa gözegçilik etmek ulgamyny kämilleşdirmegiň ugrundaky üçünji tapgyr bolup durýar. Tehniki mümkinçiligiň we bilimi artdyrmagyň netijesinde laboratoriýalaryň işgärleri daşky gurşawy goramak boýunça özleriniň maksatlaryny we tabşyryklary has oňat amala aşyrarlar” diýip, taslamanyň ekologiýa gözegçilik etmek boýunça hünärmeni hanym Akopoýa Wiktoriýanyň okuw maslahatynyň açylyşynda belläp geçdi.

Treýningiň dowamynda işgärler täze enjam, onuň maksady we işleýşi bilen tanyşdylar. Şeýle hem, enjamyň ulanyş funksiýalarynyň mümkinçilikleri beýan edildi. Daşky gurşawyň düzümlerini saýlamak we himiki seljerişini geçirmek ugry boýunça ýörite işleýän Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň hünärmenleri üçin täze enjamy işletmek boýunça gözükdirme geçirildi. Soňra, Ekologiýa gözegçilik gullugynyň suwuň we topragyň hapalanmagyna gözegçilik edýän labaratoriýasynyň binýadynda gözegçilik torundan alnan hakyky nusgalyk bilen amaly türgenleşikler geçirildi. Şeýle hem, treýninge gatnaşyjylar toprak nusgalyklarynyň tapgyrlaýyn seljerişini geçirip, alnan netijäniň ölçeg tertibi düzildi we işlendi.