BMGÖM binalara seýsmik taýdan baha bermek boýunça hünärmenler bilen okuwlary geçirýär

January 21, 2021

Aşgabat, 21-nji ýanwar, 2020-nji ýyl: BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM)  we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň  Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty  “Seýsmiki töwekgelçiliklere   baha bermek, bolmagy mümkin ýer titremeleri duýdurmak hem-de olara taýýarlyk görmek boýunça Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini güýçlendirmek” atly bilelikdäki  taslamasynyň çäklerinde  Türkmenistanyň hünärmenleri üçin  binalary inženerçilik taýdan  gözden geçirmek we olara seýsmiki taýdan baha bermegiň  usullaryny  öwretmek boýunça  iki hepdelik onlaýn  okuwlaryny geçirýär.

Degişli çäklerde ähli ugurlar boýunça durmuşy we (ýa-da) ykdysady ýitgiler bilen baglanyşykly  zeperler we (ýa-da)  weýrançylyklar baradaky  maglumatlary öz içine alýan  meýdanyň  töwekgelçilikleriň görnüşleriniň häsiýetnamasy seýsmiki töwekgelçilige baha bermegiň möhüm bölekleriniň biridir. Bu maglumatlar desgalary inženerçilik taýdan  barlamagyň hem-de degişli hasaplamalaryň esasynda kesgitlenilýär.

Degişli çäklerdäki desgalaryň tehniki ýagdaýyna şol sanda seýsmiki durnuklylygyň etmezçiligini hem öz içine alýan  seýsmiki nukdaýnazardan baha bermek inženerçilik barlaglarynyň esasy wezipesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu taslamada Aşgabat şäheriniň reprezentatiw derejeli binalaryny inženerçilik taýdan, şol sanda  olaryň hakykatda  seýsmiki durnuklylygyna baha bermek boýunça öwrenilmegi göz öňünde tutulýar.

Binalaryň inženerçilik taýdan barlaglaryny amala aşyrmak üçin taslamanyň çäklerinde seýsmiki yrgyldylary bellige almak üçin  “DiGOS Potsdam GmbH” (Germaniýa) kompaniýasynyň önümi bolan  häzirki zaman enjamlary getirildi. Bu seýsmiki enjam arkaly  Germaniýanyň we Gyrgyzystanyň tejribeli hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýerli işgärleri bu enjamda işlemegiň hem-de geçirilýän ölçegleriň netijelerini seljermegiň usullaryny öwretmek göz öňünde tutulýar.

“Işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen dowamlylygy has uzak möhletleýin iki tapgyrdan ybarat okuwlary geçirmek barada ylalaşyldy: ilkibaşda  Germaniýadan we Gyrgyzystandan onlaýn tertibinde okadýan mugallymlar has taýýarlykly ýerli hünärmenleriň dördüsi üçin  okuwlary geçer,  soňra olar özbaşdak, emma  mugallymyň ýardam bermeginde   6-8 adamdan ybarat ikinji topary okadarlar” diýip  taslama boýunça hünärmen Japar Garaýew aýtdy.

Häzirki wagtda birinji topar okuw geçýär, onuň düzümine  Türkmenistan YA-nyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň işgärleri, şeýle hem taslamanyň milli geňeşçisi girýär. Okuwlary desgalaryň  seýsmiki taýdan gowşaklygyna we seýsmiki töwekgelçiligine baha bermek babatynda  ýokary derejeli hünärmenler: S.A.Týagunow (Germaniýa) we S.J.Orunbaýew (Gyrgyzystan) tarapyndan geçirilýär.

Okuwlaryň maksatnamasy nazaryýet we amaly  dersleri öz içine alýar. Okuwlaryň dowamynda diňleýjiler  dürli gatly binalaryň 3-4 sanlysynda  ölçegleriň netijelerini işlemek bilen özbaşdak inženerçilik barlaglaryny ýerine ýetirerler.