Aşgabat, 21-nji dekabr, 2020-nji ýyl –Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işe kabul eden 45 durmuş işi boýunça hünärmeni bir hepdelik hünär okuwyny tamamlap, Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda durmuş işi boýunça tejrebelik geçmäge başladylar. Hünär okuwlary BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan Ýerli derejede durmuş hyzmatlary barada Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň alyp barýan Bilelikdäki maksatnamasynyň çäginde geçirilýär. Geçirilen okuwyň dowamynda hünärmenler durmuş işiniň esasy nazaryýetlerini öwrenip, hünär  kämilliklerini artdyrdylar.

 

Durmuş işi boýunça hünärmenlere hünär okuwyny Bolgariýanyň Durmuş işjeňligi we tejribeligi institutynyň (SAPI) onlaýn okuwlarynyň ikinji tapgyryny üstünlikli tamamlan ýerli hünärmenler geçirdiler.

 

Türkmenistanyň dürli etraplarynda zähmet çekýän durmuş işi boýunça hünärmenler gysga möhletli geçilen okuwlarda öwrenen durmuş işiniň nazaryýetlerini tejribelikde ulanyp, durmuş goldawyna mätäç maşgalalara goldaw bermek üçin olaryň şahsy zerurlyklaryny bahalandyrarlar we durmuş işi boýunça wakany alyp barmak boýunça gazanan endiklerini ulanarlar.

 

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama hyzmatdaşlyk edýän BMG-niň edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny girizmegi, degişli kanunçylyga syn bermegi we hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat etýär. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Bilelikdäki maksatnama boýunça esasy milli hyzmatdaş bolup, beýleki milli hyzmatdaşlarymyz Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022. 

Icon of SDG 01 Icon of SDG 04 Icon of SDG 05 Icon of SDG 08 Icon of SDG 16 Icon of SDG 17

UNDP BMGÖM dünýäde

Siz... UNDP Türkmenistan 
...üstine gitmek UNDP Global

A

Afganistan Albaniýa Alžir Angola Argentina Armeniýa Azerbeýjan

B

Bahreýn Bangladeş Barbados Belarussiýa Beliz Benin Boliwiýa Bosniýa we Gersegowina Botswana Braziliýa Burkina Faso Burundi Butan

Ç

Çad Respublikasy Çili

D

Demirgazyk Makedoniýa Dominikan Respublikasy

E

Efiopiýa Ekwador Ekwatorial Gwineýa El Salwador Eritreýa Eswatini Eyran

F

Filippinler

G

Gabon Gaiti Gambiýa Gana Gazagystan Gonduras Gruziýa Günorta Afrika Günorta Sudan Guýana Gwatemala Gwineýa Gwineýa-Bisau Gyrgyzstan

H

Hindistan Hytaý Halk Respublikasy

I

Indoneziýa Iordaniýa

J

Jibuti

K

Kabo Werde Kamboja Kamerun Keniýa Kipr Kolumbiýa Komorlar adalar Kongo Demokratik Respublikasy Kongo Respublikasy Koreýa Halk Demokratik Respublikasy Kosowo Kosta Rika Kot d'Iwuar Kuba Kuweýt

L

Laos Demokratik Respublikasy Lesoto Liberiýa Libiýa Liwan

M

Madagaskar Malawi Malaýziýa Maldiwler Mali Marokko Mawritaniýa Mawritis we Seýşel adalary Meksika Merkezi Afrika Respublikasy Moldowa Mongoliýa Montenegro Mozambik Müsür Mýanma

N

Namibiýa Nepal Niger Nigeriýa Nikaragua

O

Okeaniýanyň edarasy

Ö

Özbegistan

P

Pakistan Palestinanyň halkyna kömek maksatnamasy Panama Papua Täze Gwineýa Paragwaý Peru

R

Ruanda

S

Samoa (Köp ýurtly edara) San Tomé we Prinsipi Saud Arabystany Senegal Serbiýa Siriýa Somali

Ş

Şri-Lanka

S

Sudan Surinam Sýerra Leone

T

Täjigistan Tanzaniýa Taýland Timor-Leste Togo Trinidad we Tobago Tunis Türkiýe Türkmenistan

U

Uganda Ukraina Urugwaý

W

Wenesuela Wýetnam

Ý

Ýamaýka Ýemen

Y

Yrak

Z

Zambiýa Zimbabwe