BMGÖM ýiti respirator wirusly ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreleriñ çäginde dezinfektorlar getirdi

October 1, 2020

Aşgabat, 30 sentýabr 2020: Birleşen Milletler Guramasynyñ Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) dezinfisirleýji pürkgüç enjamlaryny Türkmenistanyñ Saglagy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrliginiñ sanitariýa-epidemiologik gullugyna gowşurdy. Pürkgüçler BMGÖM-niñ ýurdumyzdaky şahamçasyna global pandemiýa garşy göreşmek maksady bilen berlen Tiz Reagirleýiş Gaznasy grantynyñ çäginde satyn alyndy.

BMGÖM-niñ Türkmenistandaky hemişelik wekili Natia Natswlişwili «Türkmenistan döwleti COVID-19 howpunyñ öñüni almak hem-de raýatlaryny goramak üçin wagtynda we ýerlikli çäreleri  işjeň amala aşyrýar. Biz bu çäreleri goldaýanlygymyz we öz hyzmatlarymyzy hödürleýänimiz üçin buýsanýarys. Tiz Reagirleýiş Gaznasy grantynyñ çäginde BMGÖM eýýam 230 000 ABŞ dollaryndan gowrak maýany global pandemiýanyñ täsirlerine sezewar bolan ilatyñ gowşak goralan toparlary üçin bölüp göýberdi. Biz bu pandemiýanyñ Türkmenistandaky durmuş-ykdysady täsirlerini azaltmagyñ ugrunda işlemäge mundan beýläk hem dowam ederis.» diýip belledi.

COVID-19 global pandemiýasy sanitariýa hyzmatlary we harytlaryna bolan talabyñ mundan ozal görülmedik derejde artmagyna sebäp boldy.  BMGÖM Türkmenistanyñ pandemiýa garşy işjen reagirlemegini, esasan hem aýratyn ähmiýetli medisina enjamlarynyñ üpjünçiligi arkaly goldaýar.

***

2020-nji ýylyñ iýul aýynda Türkmenistan döwleti Türkmenistandaky BMG-niñ gatnaşmagynda taýýarlanan Türkmenistanda ýiti ýokanç keselleriniñ  öñüni alyş maksatly durmuş-ykdysady çäreleriñ meýilnamasyny kabul etdi. BMGÖM meýilnamanyñ işlenip düzülmeginde we amala aşyrylmagynda tehniki ýolbaşçy bolup durýar.  Bu meýilnama, bilelikde global pandemiýanyñ Türkmenistanyñ durmuş-ykdysady şertlerine ters täsirleriniñ  öñüni almaga ugrukdyrylan kompleks bukjany emele getirýan, bäş iş ugurlaryndan ybarat bolup durýar. Meýilnamada «hiç kimi yzda galdyrmaly däl» diýen ýörelgä laýyklykda gowşak goralan toparlara aýratyn ähmiyet berilýär.