BMGÖM we hyzmatdaşlary global pandemiýanyň netijeleri babatda durmuş taýdan ynjyk bolan maşgalalara goldaw berýär

September 4, 2020

„Ýeňme“ jemgyýetçilik guramasynyň / BMGÖM Türkmenistan edara binasynda posylkalar paýlanýar

Aşgabat, 2020-nji ýylyň 2-nji sentýabry: Azyk önümleri bolan 2500 posulýar we 1250 sany gigienik toplumlar Aşgabat şäherindäki we Ahal welaýatyndaky global pandemiýanyň netijeleri babatda durmuş taýdan has ynjyk bolan maşgalalara gowşuryldy. Posylkalaryň galan bölegi ýakyn wagtlarda Lebap we Daşoguz welaýatlaryna iberiler.  

BMG-nyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) „Ýeňme“ jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde seljerme geçirdiler we häzirki şertlerde ilatyň durmuş taýdan has ynjyk toparlaryny ýüze çykardylar. BMGÖM-nyň global pandemiýanyň netijelerini ýok etmek üçin guralan Dessin çäre gaznasynyň beren grantlarynyň çäklerinde seljermäniň netijesinde ýüze çykarylan maşgalalara haýal etmän goldaw bermek üçin azyk önümlei we gigienik serişdeleriň toplumlary satyn alyndy.

„Global pandemiýanyň netijeleriniň has güýçli täsir edýän adamlarynyň köp bölegi ilatyň durmuş taýdan ynjyk toparlaryna we esasan hem durmuş taýdan goldaw berýän edaralaryň goldawyna  mätäçlere degişlidir. Bu üpjünçiligi pes maşgalalar, aýratyn zerurlyklary bolan çagalar, maýyp adamlar, köp çagaly ýalňyz eneler, ýalňyz ýaşaýan gartaşan adamlar ýaly toparlardyr“ diýip, „Ýeňme“ jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Gulýa Çörekliýewa düşündirdi. „Bilelikdäki işiň çäklerinde biz azyk önümlerini we gigiýena toplumlaryny gowşurmak üçin pandemiýadan zyýan çeken adamlaryň ýanlaryna barýarys we olara özlerini gowy duýmaga kömek etmek bilen, ýylyň şu agyr pursatynda olaryň ýalňyz däldiklerini görkezýäris“.   

Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde ilatyň ýokarda agzalan toparlaryna berilýän goldawy giňeltmek meýilleşdirilýär. Bu meýilnama Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde we BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) tehniki ýolbaşçylygynda işlenip iaýýarlandy.

Bu durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasy işiň bäş ugruny öz içine alýar, olar bilelikde global pandemiýanyň Türkmenistandaky durmuş-ykdysady ýagdaýa edýän ýaramaz täsini azaltmak  boýunça goldaw çäreleriniň toplumlaýyn bukjasyny emele getirýär, şunda „hiç kimi yzda goýmaly däl“ ýörelgesine laýyklykda durmuş taýdan ynjyk toparlara aýratyn üns berilýär.