BMGÖM/GEF taslamasy talyplar bilen tejribe alyşýar

July 2, 2020

Gökdepe, 2020-nji ýylyň 2-nji iýuly: BMGÖM/GEF bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň " Energiýa serişdelerini netijeli ulanmak we  Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin täzeden döredilýän energiýa çeşmeleri " atly taslamasynyň çäginde, “Türkmensuwylymtaslama” institutynyň 145 ga barlag meýdanynyň görkeziş suwaryş meýdançalary damjalaýyn suwaryş, emeli ýagyş ýagdyrma we göçme suwaryş şlangalaryny ulanmak bilen, kämilleşdirilen ýer üsti suwaryş ýaly oba hojalyk ekinlerini suwarmagyň häzirki zaman suw tygşytlaýjy ulgamy bilen enjamlaşdyrylan.  Bu suwaryş ulgamlarynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we "Türkmensuwylymtaslama" institutynyň aspirantlary, ýaş alymlary we hünärmenleri dürli suw tygşytlaýjy suwaryş usullary bilen gowaçany, güýzlük bugdaýy, gök we ot-iým ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň netijeliligini öwrenmek üçin barlag işlerini geçirýärler.

2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary üçin amaly sapaklar geçirildi. Talyplar uly gyzyklanma bilen gözleg meýdançasynyň ähli infrastrukturasy, şol sanda gyrmança çökdüriji suw howdany, ýagyş ýagdyryjy we damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň suw göteriji beketleri, suwaryş suwunyň sarp edilişini hasaba alýan suw ölçeýji gurallary we aýlawlaýyn hem uzaboýuna suwarýan ýagyş ýagdyryjy ulgamlary bilen tanyşdylar.

Talyplar barlag meýdançasynyň ekin ýerlerinde, suwaryşyň dürli suw tygşytlaýjy ulgamlary ulanylanda, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary boýunça meýdan synaglary bilen tanyşdylar. Amaly sapagyň soňunda uniwersitetiň mugallymlary we talyplary, Taslamanyň işgärlerine myhmansöýerligi we uniwersitetde alnan teoretiki bilimleriň amaly tejrebe hem-de suw tygşytlaýjy suwaryş tehnologiýalaryny ulanmagyň hakyky mysallary bilen berkidileni üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Bu çäräniň dowamynda, BMGÖM/GEF taslamasy tarapyndan ýiti dem alyş kesellerine, şol sanda sosial aralyklary saklamak we elleri dezinfeksiýalamak boýunça ähli çäreler görüldi.