Türkmenistan milli adam hukuklary guramalaryna goldawy güýçlendirmek ugrundaky hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli ýygnaga gatnaşýar

October 5, 2021

Türkmenistandaky BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň goldawy bilen, Türkmenistanyň Adalatçysy, ýagny Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili, –Milli Adam Hukuklary Guramalarynyň (MAHG) ýyllyk syn we hyzmatdaşlyk platformasyny goldamak üçin BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň, Milli Adam Hukuklary Guramalarynyň hem-de BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň üç taraplaýyn hyzmatdaşlygynyň çägindäki 2021-nji ýyl üçin geçirilen wideo arkaly iki günlik ýygnagyna gatnaşdy.

Milli adam hukuklary guramalaryny goldamak boýunça Üç Taraplaýyn Hyzmatdaşlygyň (ÜTH)  Ýyllyk Ýygnagy BMG-nyň ulgamy bilen Milli Adam Hukuklary Guramalarynyň, olaryň sebitdäki hyzmatdaşlarynyň hem-de Milli adam hukuklary guramalarynyň bütindünýä bileleşiginiň  arasynda has ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Üç Taraplaýyn Hyzmatdaşlygyň hyzmatdaş taraplary we BMG-nyň ulgamyndaky beýleki gyzyklanýan taraplar wideo arkaly gepleşikde bilim, öňdebaryjy tejribe, emele gelip biljek çylşyrymly ýagdaýlar we zerurlyklar babatda maglumat alyşmak bilen, ýakyn wagtda hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de birek-birege goldaw bermek üçin umumy ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşarlar.

2021-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda, Üç Taraplaýyn Hyzmatdaşlygyň ýygnagynda BMG-nyň Baş sekretarynyň adam hukuklary boýunça herekete çagyryşyna jogap hökmünde Milli Adam Hukuklary Guramalarynyň arasynda tejribe alyşmak çäresi geçiriler.