COVID19 garşy sanjym edilen adamlaryň elektron sanawyny döretmek

October 4, 2021

--- Image caption ---

BMGÖM-iň goldawy bilen, Talap Boýunça Rus Hünärmeni atly taslmanyň hünärmeni jenap Anatoliý Lawrow häzirki wagtda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine COVID-19 garşy sanjym edilen adamlaryň elektron sanawyny döretmekde kömek edýär. Sanaw, ministrlige sanjym alanlaryň gurşaw göterimini kesgitlemäge we sanjymlaryň üpjünçiligini meýilleşdirmäge kömek eder.

“Bu taslamada, elektron hökümet taslamalaryny gurmagyň ýörelgelerini, şeýle hem sanly özgertmeler strategiýasynyň elementleri üçin teklipleri göz öňünde tutup, şuňa meňzeş ulgamlary ösdürmekde häzirki halkara tejribesini ulanyp, elektron reýestri döretmek boýunça maslahatlar berilýär. Saglygy goraýyş ministrliginiň sanly üýtgetme strategiýasynyň elementlerine teklipler döredilýär, bu sanawyň soňraky maglumat giňişligine birleşdirilmegi üçin zerurdyr."-diýip, taslamanyň maksatlaryny beýan edip, jenap Anatoliý Lawrow aýtdy.

***

Talap boýunça rus hünärmenleri, Rus Federasiýasy tarapyndan Russiýa-BMGÖM arkaly maliýeleşdirilýän Bilimleri Dolandyryş we Potensialy ýokarlandyrmak taslamasynyň bir bölegidir.