Biziň esasy ugurlarymyz

BMGÖM-nyň geljekki nesli

Ösüşiň häzirki döwürdäki meseleleri çylşyrymly bolup, her ýagdaý beýlekiden tapawutlydyr. Şonuň üçin hem biz öz işinimizi hyzmat edýän ýurtlarymyzyň we jemgyýetleriň zerurlyklaryna görä alyp barýarys.

BMGÖM-nyň strategik meýilnamasy (2018-2021) biziň hyzmat edýän ýurtlarymyzyň örän köpdürlüligini nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy. Köpdürlülilik ösüşiň giňişleýin üç ugrunda öz beýanyny tapýar: garyplygy ýok etmek; gurluş özgertmeleri; durnuklylygy gazanmak.

Ösüşiň üç ugry


Garyplygyň ähli görnüşini we ölçeglerini  ýok etmek

Gurluş özgertmelerini çaltlandyrmak

Düýpli özgermelere we çökgünliklere durnuklylygy ýokarlandyrmak

Bu meselelere jogap bermek we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekde öz serişdelerini we tejribesini has gowy jemlemek maksady bilen BMGÖM  çemeleşmeleriň toplumyny kesgitledi we biz olary Alty strategik çözgüt diýip atlandyrýarys.

Alty strategik çözgüt



Strategik çözgütler ösüş ulgamyndaky meselelere utgaşdyrylan çözgüler bolup, hakyky özgerişi amala aşyrmak üçin öz serişdelerimizi we tejribämizi birleşdirýäris.

Adamlary GARYPLYKDAN goramak

Parahat, adalatly we inklýuziw jemgyýetler üçin DÖWLET

Çökgünlikleriň öňüni almak we DURNUKLYLYGY ýokarlandyrmak

DAŞKY GURŞAW: ösüş üçin tebigy  çözgütleri

Arassa we elýeter ENERGIÝA

Zenanlaryň mümkinçiligini artdyrmak we GENDER deňligi

Her çözgüt syýasy maslahatlaryň, tehniki kömegiň, maliýe we maksatnamalaryň toplumyny öz içine alýar. Her çözgüdiň durnukly ösüşe ýol açmaga mümkinçiligi bar, ýöne hiç bir çözgüt ýekelikde  üstünlik getirip bilmez. DÖM-ny drumuşa geçirmek üçin bize olaryň ählisi gerek.  

Biziň işimiz

Täze döwür üçin täze meýilnamamyzy durmuşa geçirýän döwrümizde,  biziň elli ýyldan gowrak wagtyň dowamynda gazanan güýçli taraplarymyza we 170 ýurtda we çäklerde iş alyp barmakda gazanan tejribämize  näderejede daýandygymyza serediň.