BMGÖM/GEF taslamasynyň hünärmeni - Akmyrat Ýazhanow bilen taslamanyň çaklerinde geçirilýän işleriň ýaýbaňlaşdyrylmagy ugrunda şahsy tejribesi we göreldesi barada söhbetdeşlik

July 22, 2021

Photo: UNDP/Turkmenistan

Photo: UNDP/Turkmenistan

1nji sorag: Akmyrat, häzirki wagtda zähmet çekýän BMGÖM-nyň taslamasy we onuň durmuşa geçirilirmeginde öz goşandyňyz barada gürrüň bermegiňizi Sizden haýyş edýäris.

Men 2015-nji ýylyň noýabr aýýyndan bäri BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň “Energiýany tygşytly peýdalanmak we Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin gaýtadan dikeldilýan energiýa serişdeleri” taslamasynyň oba hojalyk we ýerleriň zaýalanmagyny öňüni almaklyk meseleleri boýunça hünärmeni bolup işläp gelýarin.

Ady agzalan taslama Bütindünýa Ekologiýa Gaznasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilip, Türkmenistanyň ilatynyň durmuş we ykdysady ýaşaýyş şertlerini goldamak we gowulandyrmak üçin oba hojalyk önümlerini öndürmekde şeýle hem ekologiýa taýdan durnukly suw üpjünçiliginde innowasion suw tygşytlaýjy suwaryş tehnologiýalaryny ornaşdyrmaklygy maksat edinýär. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, maýa goýumlaryny goýmak we hünärmenleriň mümkinçiliklerini artdyrmak arkaly bu taslama energiýany we suwy tygşytlaýan suw dolandyryşyna toplumlaýyn çemeleşmegi öňe sürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem, ýerleriň zaýalanmagynyň düýp sebäplerini ortadan aýyrmaklyk we has netijeli suwaryş usullary arkaly esasy ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaklyk esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Iş gözükdirijime laýyklykda işimiň esasy ugurlaryndan biri suw we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda taslamanyň synag meýdançasynda ylmy-amaly işleriň çäklerinde netijeleri gazanmak boýunça çäreleri wagtynda ýerine ýetirmek babatynda meýilnamalary işläp düzmek, durmuşa geçirmek we olaryň ýerine ýetirilşine syn etmekden şeýle hem suw serişdeleriniň toplumlaýyn dolandyrylyşy (IWRM) we ýer serişdeleriniň durnukly dolandyryşy (SLM) tilsimtlaryny iş ýüzünde görkezmeklik maksady bilen bilim platformasyny döretmeklikden ybarat bolup durýar.

2-nji sorag: Taslamanyň esasy üstünlikleri we olaryň durmuşa geçirilmegine şahsy goşandyňyz barada aýdyp bermegiňizi Sizden haýyş edýäris.

Taslamanyň çäklerinde suwarymly oba hojalygynda we suwuň geçirilşinde suwdan we energiýadan rejeli peýdalanmagy ýokarlandyrmaklyk babatynda täze tehnologiýalar synagdan geçirildi. Taslamanyň durmuşa geçirilişiniň dowamynda gurnalan okuw maslahatlarynda oňyn netijeleriň görkezilmegi, giňeldilen täze we has netijeli suw dolandyryş infrastrukturasyna maýa goýumlarynyň geriminiň artmagyna saldamly goşandyny goşmak bilen we daýhanlaryň, taslama düzüjileriň we suw pudagynyň ýolbaşçylarynyň arasynda agzalan meseleler boýunça bilim derejelerini artdyrmaklygyna ýol açdy.

Taslamanyň dowamynda men göniden-göni ähli çärelere gatnaşyp gelýarin, şol sanda, Gökdepe etrabynyň Şorgala daýhan birleşiginde gurnalan we "Ýaşyl poligon" diyip atlandyrylýan 145 ga synag meýdançasynda ýeriň zaýalanmagyň öňüni almak we ozal zaýalanan ýerleri dikeltmek meseleleri boýunça işledim.

Ýer serişdeleriniň durnukly dolandyrylşy tilsimatynyň durmuşa geçirilmegi taslamamyzyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýan ýeriň zaýalanmagy bilen baglaşykly meseleleri düýpgöter çözmekligi öňe sürmek maksady bilen, howanyň üýtgemeginiň we beýleki daşky gurşaw meseleleriniň täsirini azaltmak arkaly oba hojalygynyň we ilatyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga goşant goşup biler diýen pikir bilen, 2017-nji ýylda Garagum derýasynyň kenarýaka zolagynda ýerleşýan, ozal zaýalanan we batgalyk bolup ýatan umumy meýdany 6,5 gektara barabar bolan ýerleri topragy dikeltmek boýunça degişli çäreleri geçirip sony bilen bag ekmek niýeti bilen kärendesine almak kararyna geldim.

Synag meýdançasynyň çäklerinde şahsy tejribämi ulanmak bilen bir hatarda ýer serişdeleriniň durnukly dolandyryşy bilen baglanşykly ýerli we halkara bilermenleriň gollanmalaryndan hem ugur aldym. Mysal üçin, kärendesine alnan ýer böleklerini tekizlemek üçin lazer meýilleşdiriş usulyny ulandym. Netijede, soňky 4 ýylyň dowamynda öz başarnygymy we taslamamyz tarapyndan hödürlenýän çözgütleri birleşdirip, synag meydançasynda ozal ep-esli duzlanan we zaýalanan ýerleri doly dikeltmegi başardym.

Taslamanyň çäklerinde alan bilimim we toplan tejribäm ylaýta-da suw serişdeleriniň toplumlaýyn dolandyrylyşy we ýer serişdeleriniň durnukly dolandyrylşy tilsimtlary boýunça öwrenenlerim iş ýüzünde alma, şetdaly we beýleki miweleriň baý hasyly görnüşinde ajaýyp netijelere getirdi.

3-nji sorag: Taslmanyň netijelerini has-da gowulandyrmaklyk üçin Siziň pikiriňizçe näme edip bolar?

Geljekki meýilnamalarym barada söz açsam, ýanaşyk, şorlaşan 2 gektar meýdany dikeltmek we “Energiýany tygşytly peýdalanmak we Türkmenistanyş suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin gaýtadan dikeldilýan energyýa serişdeleri” taslamasynyň mysalynda suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmaklygy göz öňünde tutýan.

Ýene-de bir belläp geçerli yagdaý, meniň mysalym we maslahatlarym esasynda 4 telekeçi – ýer eýeleri kybapdaş maksatlar üçin jemi 26 gektara barabar bolan oba hojalygyk meýdanlaryny kärendesine aldylar.