Türkmenistanda durmuş goraglylygy ulgamynyň işgärleri hünär başarnyklaryny artdyrýar

by

“Gowy ýerine ýetirilýän durmuş işi, bu onuň ähli ugurlarynda, ýagny bilimde, hünär başarnyklarynda we iş gatnaşyklarynda hünärmenligiň we ynsanperwerligiň ajaýyp utgaşmagydyr”

diýip, BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň ýerli derejede edilýän durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnamasyna tehniki goldaw berip, durmuş işi boýunça hünär okuwlaryny geçirýän toparyň ýolbaşçysy belledi. Ol durmuş işiniň ynsanperwerlik tarapynyň bolmazlygy onuň býurokratlaşmagyna, hünärmenlik derejesiniň bolmazlygy bolsa ony, hat-da, adamlara zyýan getirmäge çenli eltip biljekdigini belläp, öz sözüniň üstüni ýetirýär.

BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň ýerli derejede durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnamasy BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Ol Türkmenistanda durmuş goraglylygy ulgamyna hemmetaraplaýyn we ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek üçin durmuş işiniň we durmuş hyzmatlarynyň milli nusgasyny ösdürmäge mümkinçilik döredýär. Şunda hökümet tarapyndan karar kabul edijileriň, kanun çykaryjylaryň we bilim işgärleriniň durmuş işi we durmuş hyzmatlary baradaky esasy düşünjelerine we olardaky umumylyklara esaslanylýar. Bilelikdäki maksatnama durmuş işi boýunça hünärmen kärini ösdürmek, hünär okuwlary we maslahatlary arkaly durmuş hyzmatlary ulgamyndaky işçi güýjüniň mümkinçiliklerini artdyrmak, durmuş hyzmatlarynyň täze nusgasyny synagdan geçirmek we durmuş işi we durmuş hyzmatlary boýunça ýurduň degişli kanunçylygyna syn bermek arkaly Türkmenistanda hiç kimi yzda galdyrmazlyk maksady bilen durmuş hyzmatyny edýän ulgamy özgertmek boýunça öňde goýan maksatlaryny amala aşyrmaga dowam edýär.

Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde täze işe alnan 45 durmuş işi boýunça hünärmene durmuş işi boýunça başlangyç okuw geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine ilatyň durmuş taýdan ynjyk toparlarynyň zerurlyklaryna baha bermek üçin olary ýurduň ähli künjegine ugratmaga mümkinçilik döretdi. Ýerli derejede täze durmuş hyzmatlaryny döretmäge gerekli bolan maglumatlary almak üçin häzirki bar bolan durmuş hyzmatlarynyň sanawy geçirildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi durmuş iş boýunça dolandyryjylaryň we durmuş hyzmatyny edýän döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerine hem hünär okuwlaryny gurnamakda goldaw berdi.

Häzirki wagtda, durmuş işi boýunça hünärmenler ilatyň durmuş taýdan ynjyk toparlarynyň zerurlyklaryny ýüze çykarmaga işjeň gatnaşyp, olary öz ýaşaýan ýerlerinde durmuş goldawuny bermäge dowam edýärler. Durmuş işini dolandyryjylar we durmuş hyzmatlaryny üpjün edijiler bolsa ýerli derejede we ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlaryny synagdan geçirmäge taýýarlanýarlar.

Mundan başga-da, milli bilermenler halkara maslahatçylaryň goldamagynda Türkmenistanda durmuş hyzmatlary ulgamynyň milli aýratynlyklaryna hem uýgunlaşdyrylan ýokary bilimiň milli ülňülerini, okuw meýilnamalaryny we ýokary okuw jaýlary üçin durmuş işi boýunça okuw maksatnamalaryny düzmek ugrunda işleýärler. BMG-niň gulluklarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň hyzmatdaşlygy esasynda şu wagta çenli gazanylan beýleki üstünlikler bilen bir hatarda, bu Bilelikdäki Maksatnamanyň hem ýurtda durmuş işi we durmuş hyzmatlary boýunça işgärleriň mümkinçiliklerini artdyrmaga möhüm goşant goşmagyna garaşylýar.

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýleki esasy milli hyzmatdaşlarymyz Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

TARAPYNDAN ÝAZYLAN

Blog post Europe & Central Asia Turkmenistan Agenda 2030 Sustainable Development Goals Sustainable development 1-nji Maksat Garyplygy aradan aýyrmak 4 –nji maksat Ýokary hilli bilim 8-nji maksat Mynasyp işleri üpjün etmek we ykdysady ösüş 10-njy maksat Deňsizligiň azaldylmagy 16-njy maksat Parahatçylyk, adalatlylyk we netijeli edaralar 17-nji Maksat Durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

UNDP BMGÖM dünýäde

Siz... UNDP Türkmenistan 
...üstine gitmek UNDP Global

A

Afganistan Albaniýa Alžir Angola Argentina Armeniýa Azerbeýjan

B

Bahreýn Bangladeş Barbados Belarussiýa Beliz Benin Boliwiýa Bosniýa we Gersegowina Botswana Braziliýa Burkina Faso Burundi Butan

Ç

Çad Respublikasy Çili

D

Demirgazyk Makedoniýa Dominikan Respublikasy

E

Efiopiýa Ekwador Ekwatorial Gwineýa El Salwador Eritreýa Eswatini Eyran

F

Filippinler

G

Gabon Gaiti Gambiýa Gana Gazagystan Gonduras Gruziýa Günorta Afrika Günorta Sudan Guýana Gwatemala Gwineýa Gwineýa-Bisau Gyrgyzstan

H

Hindistan Hytaý Halk Respublikasy

I

Indoneziýa Iordaniýa

J

Jibuti

K

Kabo Werde Kamboja Kamerun Keniýa Kipr Kolumbiýa Komorlar adalar Kongo Demokratik Respublikasy Kongo Respublikasy Koreýa Halk Demokratik Respublikasy Kosowo Kosta Rika Kot d'Iwuar Kuba Kuweýt

L

Laos Demokratik Respublikasy Lesoto Liberiýa Libiýa Liwan

M

Madagaskar Malawi Malaýziýa Maldiwler Mali Marokko Mawritaniýa Mawritis we Seýşel adalary Meksika Merkezi Afrika Respublikasy Moldowa Mongoliýa Montenegro Mozambik Müsür Mýanma

N

Namibiýa Nepal Niger Nigeriýa Nikaragua

O

Okeaniýanyň edarasy

Ö

Özbegistan

P

Pakistan Palestinanyň halkyna kömek maksatnamasy Panama Papua Täze Gwineýa Paragwaý Peru

R

Ruanda

S

Samoa (Köp ýurtly edara) San Tomé we Prinsipi Saud Arabystany Senegal Serbiýa Siriýa Somali

Ş

Şri-Lanka

S

Sudan Surinam Sýerra Leone

T

Täjigistan Tanzaniýa Taýland Timor-Leste Togo Trinidad we Tobago Tunis Türkiýe Türkmenistan

U

Uganda Ukraina Urugwaý

W

Wenesuela Wýetnam

Ý

Ýamaýka Ýemen

Y

Yrak

Z

Zambiýa Zimbabwe