Biz barada

Türkmenistanda BMGÖM

Özümiz barada

Soňky 25 ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Hökümetiň ösüş boýunça ygtybarly strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Biz ähli pudaklarda ösüşiň çylşyrymly meselelerini çözmekde we Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmegi çaltlandyrmakda ýurda goldaw berdik. BMGÖM Türkmenistanyň Hökümeti we beýleki ösüş guramalary bilen demokratik dolandyryşa, daşky gurşawa we energetika, şeýle hem adam maýasynyň ösüşine degişi meseleleriň giň topary boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurlaryň ählisinde biz milli mümkinçiligi pugtalandyrmaga ýardam edýäris we innowasion çözgütleri ornaşdyrýarys.

Biziň işimiz

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) özüniň Türkmenistandaky işine 1995-nji ýylda, BMGÖM we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda 1993-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen Ýardam etmek hakynda standart binýatlyk ylalaşygyň esasynda başlady.

Türkmenistanda BMGÖM-sy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-2025-nji ýyllar üçin ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça Maksatnamasynda berkidilen strategik ileri tutumlaryna laýyklykda Ýurt boýunça maksanamasynyň resminamasyndan (häzirki wagtda 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça Maksatnama) we Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyndan ugur alýar.

Maksatnamada görkezilen Türkmenistan hökümetiniň strategiki ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän 2021-2025-nji ýyllar üçin Programurt Maksatnamasy Resminamasy (häzirki ýurt meýilnamasy 2021-2025) we Birleşen Milletler Guramasynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly Ösüş Hyzmatdaşlygy Çarçuwasy bilen dolandyrylýar.

Durnukly ösüş babatynda Gün tertibiniň global we sebitleýin ara alyp maslahatlaşmalaryna laýyklykda, ýurt maksatnamasy tebigy çeşmeleri dolandyrmak, ykdysady ösüş we adam mümkinçiligini ösdürmegiň arasyndaky özara baglanyşyny pugtalandyrýar. Has takygy, ol ilatyň oba ýerlerinde ýaşaýan zenanlar (şol sanda zenanlar tarapyndan dolandyrylýan öý hojalyklary), maýyplar we işsizler ýaly ilatyň durmuş taýdan ynjyk we çetleşdirilen toparlaryna gönükdirilendir.

2030-njy ýylda çenli döwür üçin Ösüşiň gün tertibinde ähli gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin BMGÖM Türkmenistanda ähli degişli ministrlikleriň, agentlikleriň, halkara guramalarynyň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň arasynda aragatnaşygý ýola goýdy. BMGÖM hökmünde biz bilelikdäki hereketler üçin platformalary döretmäge hem-de iň ökde hünärmenlerimizi, iň gowy serişdelerimizi, bilimleri we innowasiýalary çekmek arkaly ösüş prosesinde araçy bolup hyzmat etmäge çalyşýarys.

Biziň bilelikdäki tagallalarymyz şulary üpjün etmäge gönükdirilendir: 1. Durmuş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň netijesinde adam maýasynyň ösüşiniň ýokary derejesini gazanmak; 2. Milli ykdysadyýeti ýokary öndürijilikli pudaklar we senagat, ösen bazar ykdysadyýeti we berk sebit hyzmatdaşlygy arkaly innowasion ösdürmek; 3. Howanyň üýtgemeginiň netijeleri boýunça çözgütleri teklip edýän daşky gurşawy goramak syýasaty arkaly tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak. 

Täze ileri tutulýan ugurlar

Täze hyzmatdaşlygyň esasy bolup hyzmat edýän 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça Maksatnamasynyň resminamasy BMGÖM-niň Ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan 2020-nji ýylda sentýabr aýynyň 3-ne tassyklandy. Hyzmatdaşlygyň täze şertnamasy aşakdaky ileri tutulýan ugurlary öz içine alýar:

• Döwletiň has netijeli we aç-açan dolandyrylmagy üçin halkara ülňülerine, şeýle hem Türkmenistanyň kanunyň hökmürowanlygy, adam hukuklary we gender deňligi ýaly ugurlarda borçnamalaryna laýyklykda dolandyryş boýunça amaly özgertmeleri durmuşa geçirmek;

• Ykdysadyýetiň uglewodorod däl pudaklarynda ykdysady ösüşi we ýaşaýyş şertlerini ösdürmek üçin syýasy we kadalaşdyryjy özgertmeleri işläp düzmek hem-de durmuşa geçirmek, hususy pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we söwdany ösdürmek, sanlaşdyrma, innowasion we täsirli bank işi, şeýle hem mynasyp iş orunlaryny döretmek, şol sanda durmuş hyzmatlary;

• Hökümete we beýleki hyzmatdaşlara howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, onuň täsirlerini azaltmak, tebigy baýlyklary dolandyrmak we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça täsirli çäreleri geçirmäge goldaw bermek;

• Inçekesele we beýleki ýokanç kesellere üns bermek, pandemiýanyň öňüni alyş we oňa garşy çäreleri görmek, ýokanç däl keselleri bejermegiň usullaryny ýokarlandyrmak, şeýle hem ilatyň gowşak gatlaklaryny durmuş taýdan goramak maksady bilen amala aşyrylýan tagallalaryň çäginde alnyp barylýan işlere çekmek arkaly ýokary hilli we öz içine alyjy hyzmatlary bilen üpjün etmek üçin saglygy goraýyş we durmuş taýdan goraglylyk ulgamynyň hilini ýokarlandyrmak.

BMG-niň iň uly edarasy bolmak bilen Türkmenistanda BMGÖM-niň 70 töweregi işgäri bar we taslamalary amala aşyrmak üçin diňe 2020-nji ýylda, maýa goýumlarynyň ýyllyk mukdary 12 million ABŞ dollaryndan gowrak möçberde 25 taslamany durmuşa geçirýär.

2016-2020-nji ýyllar üçin BMGÖM-Türkmenistan ýurt maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda BMGÖM-nyň şu aşakdyky ugurlar boýunça seljeriş, maslahat bermek we amaly hyzmatlary etmek üçin ähli mümkinçilikleri bar:

1.      Dolandyryş, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we inklýuziw ösüş

2.       Inklýuziw lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterligi

3.       Durnuklylyk, howanyň üýtgemegi we energiýa