Türkmenistan barada

2012-nji ýylda Türkmenistan esasan uglewodorodlaryň we döwlet maýa goýumlarynyň hasabyna ýokary ykdysady görkezijileri gazanmagy dowam edýär. Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) täzelenen „Aziýanyň geljekki ösüşi 2012“ maglumatlary boýunça  Türkmenistanyň eksporty 44,7% ýokarlandy. HPG Türkmenistanyň hakyky JIÖ-iň ösüşi 2012-13-nji ýyllarda 8 göterime golaý bolar, hümmetsizlenme bolsa bir sanyň çäklerinde aňladylar diýip çaklaýar. 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda ýurt Bütindünýä banky tarapyndan ilatynyň jan başyna düşýän JMÖ (jemi milli önüm) 4,800 amerikan dollaryna deň bolan girdejisi ortadan ýokary ýurt hökmünde kesgitlendi (Atlas usul, 2011).

2007-nji ýyldan bäri Türkmenistan ykdysady we syýasy ugurlarda özgertmeleri amala aşyrýar. Türkmenistan 2008-nji ýylyň sentýabr aýynda Konstitusiýanyň rejelenen görnüşini kabul etdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygyna halkara şertnamalary boýunça öz borçnamalaryna laýyklygy, şol sanda kanunyň hökmürowanlygy we adam hukuklaryny goramak meselelerinde laýyklygy babatynda seredilýär. Senagatçylaryň we telekeçileriň täze partiýasy syýasy partiýalar hakynda kanun kabul edilenden soň döredildi. Türkmenistan adam hukuklary boýunça bäş serişdeler merkezi açdy, olar adam hukuklary meseleleri bilen bagly edebiýatlaryň raýatlaryň has giň toparyna elýeterligini üpjün etmek üçin esasan  ýokary okuw mekdeplerinde, dört welaýatda we paýtagtdaky Milli demokratiýa we adam hukuklary institutynda açyldy. 

Türkmenistan 2012-nji ýylyň başynda pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň Şertli-toplaýyş ulgamyny (ozalky „töläp bileniňi töle“ ulgamynyň ýerine) girizdi we Pensiýa gaznasy işläp başlady. Türkmenistanyň Hökümetiniň maglumatlary boýunça 2012-nji ýylda milli býujetiň 75%-i adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça Milli maksatnamany (2007-2020) durmuşa geçirmek üçin bölünip berlipdir. Durmuş çykdajylarynyň bu kadasy AÖB tarapyndan hem tassyklandy. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň adam mümkinçilikleriniň ösüşi boýunça indeksi 0,698 deň boldy, bu ýurda 186 ýurduň arasynda 102-nji derejäni berýär.

Türkmenistan 2012-nji ýylyň iýunynda howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýany tassyklady, ol  Türkmenistanda howanyň üýtgemegine durnukly we pes emissiýaly ykdysadyýeti döretmek üçin reglament esasyny goýýar. Şeýle hem ol nebit we gaz, energetika, gurluşyk, suw serişdeleri, oba hojalygy ýaly esasy ugurlarda howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňilleşdirmegi we uýgunlaşdyrmagy üpjün etmek üçin her bir sektor üçin birnäçe anyk çäreleri göz öňünde tutýar. Bu strategiýanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň öz ykdysadyýeti „ýaşyl“ etmäge, kömürturşy gazyň howa goýberilmegini azaltmaga we serişde taýdan has netijeli bolmaga çalyşýandygyny görkezýär. Howanyň üýtgemegi boýunça ikinji milli strategiýa 2019-njy ýylda kabul edildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan birnäçe global we sebitleýin ösüş meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistan 2012-2015-nji ýyllar aralygyndaky döwür üçin BMG-nyň Ilat gaznasynyň agzalygyna, 2012-2015-nji ýyllar aralygyndaky döwür üçin BMG-nyň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň agzalygyna, şeýle hem hemişelik esasda BMG-nyň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetine saýlandy. Türkmenistan 2012-nji ýylda Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin BMG-nyň Ýörite maksatnamasynyň başlygy we 2015-nji ýyla çenli BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wise-başlygy bolup durýar. 2013-nji ýylda BMG-nyň Baş Assambleýasy Türkmenistany 2013-2015-nji ýyllar üçin Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komitetine (EKOSOS) saýlady.

Türkmenistan nebity we tebigy gazy esasy öndürijileriň biri hökmünde üstaşyr energetika ulgamyny üpjün etmek üçin degişli halkara-hukuk binýadyny işläp taýýarlamagy alyp barýar.

Türkmenistan 3, 4, 8, 10, 13, 16 we 17-nji SDG-leri öz içine alýan 2019-njy ýylyň iýul aýynda ilkinji milli meýletin synyny taýýarlady we hödürledi

Aşakda görkezilen maglumatlar VNR, HDR 2020 we UNDP Türkmenistan CO neşiriniň 2020-den alyndy.

Visitors' Guide

The purpose of this document is to provide information that may be of help for mission members traveling from abroad to Ashgabat, Turkmenistan. The given information will be updated on a regular basis upon receipt of updated data. UNDP office does not hold any responsibility for the accuracy of the given information and encourages to contact UNDP office for the most updated information when needed.

Address: UN Building, 21 Archabil avenue., 744036 Phones: + 993 12 488325 Fax: + 993 12 488311 E-mail: registry.tm@undp.org