




Çökgünlik ýüze çykanda mobilizlemek: BMGÖM we hyzmatdaşlar Türkmenistanda global pandemiýa ýagdaýynyň täsirine sezewar bolanlara goldaw berýärler
BMGÖM-iň Türkmenistan boýunça ýurt bölümi häzirki ýagdaýda iň mätäçleri kesgitlemek üçin “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy bilen hyzmatdaşlyk etdi.
Çölüň jümmüşinde innowasiýalar we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak
Esenaman zolagyny we suwy ýygnaýjy basseýni dikeltmegiň netijesinde, goýun sürüleriniň 30-35 km çölüň içine ýetmegine mümkinçilik berler we Ajy guýy zolagynyň (Esenaman zolagyndan 30 km daşlykda) öri meýdanlarynyň 3-4 ýylyň içinde dikeldilmegini üpjün eder.
Özbaşdak kemala gelen öňdebaryjylar alternatiw maliýeleşdirme ugrunda çykyş edýär
BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Bütindünýä Ekologik gaznasynyň bilelikdäki taslamasy Karyahan apa hukuk kömegini bildirip, Türkmenistanyň Ýer baradaky kodeksine laýyklykda onuň ýeri kireýine almak baradaky şertnamasynyň möhletini 10 ýyla çenli uzaltmaga ýardam berdi. Indi ol miweli agaçlary ösdürip, gowy hasylyň ýerli bazarlarda satyljakdygyna garaşyp biler, bu bolsa onuň maşgalasyna durnukly girdeji getirer.
Biziň işimiz
BMGÖM Türkmenistanyň Hökümetiniň uzak möhletli, abraýly we ynamdar hyzmatdaşy bolup, ol 1995-nji ýyldan bäri öňdebaryjy tehnologiýalary, dünýä tejribesini we innowasion çözgütleri peýdalanmak bilen, milli ösüş maksatlaryna goldaw berýär.
Biz Türkmenistanyň Hökümeti we Türkmenistandaky ösüş prosesine gatnaşýan beýleki taraplar bilen bilelikde ýurtda durnukly ösüş maksatlaryny uýgunlaşdyrmak we durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýäris. BMGÖM hökmünde biz bilelikdäki hereketler üçin platformalary döretmäge hem-de iň ökde hünärmenlerimizi, iň gowy serişdelerimizi, bilimleri we innowasiýalary çekmek arkaly ösüş prosesinde araçy bolup hyzmat etmäge çalyşýarys.
Biziň bilelikdäki tagallalarymyz şulary üpjün etmäge gönükdirilendir: 1. Durmuş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň netijesinde adam maýasynyň ösüşiniň ýokary derejesini gazanmak; 2. Milli ykdysadyýeti ýokary öndürijilikli pudaklar we senagat, ösen bazar ykdysadyýeti we berk sebit hyzmatdaşlygy arkaly innowasion ösdürmek; 3. Howanyň üýtgemeginiň netijeleri boýunça çözgütleri teklip edýän daşky gurşawy goramak syýasaty arkaly tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak.
Mümkinçilikler
Türkmenistan
68.1 (ýaş)
Adam ömrüniň garaşylýan uzynlygy
99.9%
Uly ýaşlylaryň sowatlylyk derejesi (iki jyns boýunça hem)
6%
Saglygy goraýyş üçin gündelik çykdajylar (JIÖ-iň %-de)
0.715
Adam ösüşiniň indeksi